Saldamly goşant

30 Aprel 2021
802

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurt Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz ähli ugurlar boýunça gülläp ösýär, ýokary zähmet üstünlikleri gazanylýar. Halkymyzyň maddy hal-ýagdaýy barha gowulanýar. Şeýle guwançly ýol-ýörelgäniň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da rowaçlanýandygy guwanjymyzy goşalandyrýar. Türkmen halkynyň döredijilikli zähmeti bilen ata Watanymyzyň ykdysady kuwwaty ýylsaýyn artyp, ösüşli ýol bilen öňe barýar.

Şeýle ösüş-özgerişli ýolumyzyň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hem badynyň artýandygyny bellemelidiris. Bilşimiz ýaly, ajap eýýamymyzda Arkadag Prezidentimiz oba-şäherlerimiziň abadanlaşdyrylmagy bilen bagly wajyp wezipeleri öňde goýýar. Müdirligimiziň işgärleri şol wezipelerden ugur alyp, welaýat merkezimiziň abadanlaşdyrylmagyna gönükdirilen uly işlere özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Kärdeşler arkalaşygy guramamyz tarapyndan zähmet adamsy hakyndaky alada uly üns berlip, işgärlerimiziň tutanýerli zähmet çekmekleri üçin zerur şertleriň döredilmegi ugrunda degerli işler geçirilýär.