Binalaňda halkyň bagtly, Arkadag!

28 Aprel 2021
937

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşleriň görkezijisi, özgerişleriň kerwenbaşysy bolan ak mermerli Aşgabat bu gün Merkezi Aziýanyň merjen şäherine, Ýer ýüzüniň ylalaşdyryjy parahatlyk dörediji merkezine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz ýanwar aýynda paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň çäginde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň giňden baýram ediljekdigini belläp geçdi. 140 ýyl — bir ýarym asyra golaý wagt. Şunda 30 ýyl bir ýurduň, paýtagt şäheriň döwrüň talabyna görä kämilleşmegi üçin gysga möhlet. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, merjen şäherimiziň häzirki ösen keşbini synlanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalarynyň paýtagtymyzyň yzygiderli ösüşi üçin neneňsi möhüm badalga bolup hyzmat edendigine göz ýetirmek bolýar. Merjen şäherimizde durmuşa geçirilýän hil taýdan täze derejä çykan şähergurluşyk işlerinde ýurdumyzyň ösüşleriniň netijelerini aýdyňlyk bilen görmek bolýar. Şol ösüşler bolsa halkymyzyň abadançylygyna, ýaşaýyş-durmuş derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz: «Gurmak we döretmek — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň baş şygary» diýip belleýär. Munuň aýdyň hakykatdygyny bolsa mermer paýtagtymyzda gurlan belent ymaratlar doly tassyklaýar. Şunda Aşgabat şäherindäki desgalaryň aglabasynyň ähli amatlyklar döredilen ýaşaýyş toplumlardygyny aýratyn bellemek gerek. Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary bilen paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şähergurluşyk maksatnamalaryny durmuşa geçirmek işleri tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýar. Bu ýagdaý aýratyn hem, döwrebap ýaşaýyş toplumlary babatynda häsiýetli aýratynlyga eýedir.

Oguljennet PAŞYKOWA,
«Aşgabat».