''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

ÖMRÜŇ MANYSY WATANDAN BAŞLANÝAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli ägirt uly işleri taryhyň altyn sahypalaryna ýazylýar. Bu ösüş-özgerişler ähli ulgamlar, ugurlar bilen bir hatarda Ýaragly Güýçlerimiziň hem kämil binýadyny kemala getirýär. «Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» esasynda ata Watanymyzyň goranmak kuwwaty barha pugtalandyrylýar. Bu resminama diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň düzgünlerine laýyklykda, hemişelik Bitaraplyk syýasatyny nazara almak arkaly işlenip taýýarlanyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bitarap Watanymyzyň goranmak kuwwaty halkymyzyň asuda we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şuny göz öňünde tutup, biz milli Ýaragly Güýçlerimiziň, beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary ederis. Bu edaralar üçin geljekde hem häzirki zamanyň iň kämil tehnikalaryny, beýleki zerur enjamlary satyn alarys. Harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrarys» diýip, aýratyn nygtap geçişi ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işler döwrebap häsiýete eýe bolýar.

BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR GERÇEKLERI

Paýtagtymyzda ýerleşýän Nebit-gaz medeni işewürlik merkezinde Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Talyp ýaşlaryň zehinini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen guralan bu bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde deslapky tapgyrlarda öňe saýlanmagy başaran talyp ýigitleriň 26-syna gatnaşdy. Bäsleşigiň düzgünnamasynyň birinji şertine laýyklykda, ýigitler özleriniň saýlap alan hünärleriniň jemgyýetdäki ornuny aýdym-saz, şowhunly tanslar, çeper okaýyşlar bilen taryp etdiler. Döredilýän döwrebap şertlerden netijeli peýdalanyp hem-de bildirilýän belent ynama jogap edip, zehinli ýaşlar bilimlere teşnelik bilen çemeleşýärler we saýlap alan hünärlerini, häzirkizaman tehnologiýalaryny yhlasly öwrenýärler, jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşýarlar. Munuň şeýledigi bagtyýar talyp ýigitleriň çykyşlarynda aýdyňlygy bilen şöhlelendi. Ýaşlar öz hünärlerine bolan buýsanjyny ýörite taýýarlanan wideoşekiller arkaly hem beýan etdiler.

MUKADDES TUGA TAGZYM

Döwlet nyşanlary her bir ýurduň özygtyýarlylygyny alamatlandyrýan mukaddeslikdir. Döwlet tugrasy, Döwlet baýdagy, Döwlet senasy bular ýurduň Berkararlygynyň, Garaşsyzlygynyň hem-de halkyň agzybirliginiň nyşanydyr. Türkmen halky hem bu mukaddes döwlet nyşanlaryna hemişe ygrarly bolmak bilen, olary mukaddeslik derejesinde ezizläp, apalap saklaýar. Şolaryň hatarynda mukaddes ýaşyl Baýdagymyzyň aýratyn orny bardyr. Türkmenler mukaddes Baýdagyny goramagy, oňa tagzym etmegi hemişe ýokary mertebe hasaplapdyrlar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Döwletimiziň Baýdagy merdana halkymyzyň geçmişini, şu gününi hem-de geljegini özara sazlaşykly şöhlelendirýändigi bilen tapawutlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Dünýädäki iň inçe, owadan sungat hökmünde ykrar edilen türkmen halysynyň gölleri, abadançylygyň we parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary, agzybirligi, jebisligi alamatlandyrýan bäş ýyldyz hem-de ýarymaý şekillendirilen, täzelenişi, ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzyň saýasynda bu gün eziz Watanymyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýarys» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda  bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň Döwlet Baýdagy şol ösüşleriň nyşany hökmünde belentde parlaýar.

ÝAŞLYGYŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ DABARALANMASY

Bu kerem-keramatly, gojaman daglaryň degresine goşa ýaz gelene döndi. Aňňat-aňňat baýyrlara ýaşyl begres geýdiren, daglaryň etegini gül-güläleklere beslän joşgunly ýaza muwapyk ajaýyp döwrümizden gül-gül açylan ýaşlyk baharynyň – Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň göwün guşyny ganatlandyran ýakymly pursatlaryň täsiri şeýle pikirleri seriňde oýarýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 10-njy maýynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hem-de Balkan welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen »Magtymguly – geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahat hem täsirli pursatlara baý boldy.

MERTEBE BELENTLIGI

«Belentlik» diýlende göz öňüňize näme gelýär?! Adamzadyň gudrat görmek isläp, alnyny direýän beýik daglarymy?! Göz ýetirmeg-ä beýlede dursun, göz öňüne getirmek hem çetin bolan Asman bilen Zeminiň aralygymy?! Bu babatda pikirler dürli bolup biler. Emma müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen adamzat paýhasynyň dünýädäki ähli belentliklerden hem beýikdigi bilen ylalaşjaklar kän bolsa gerek. Külli adamzadyň akyl we ruhy belentligi hakynda aýtmaly bolsa, gürrüňsiz, älem ýaly çäksiz, daglar ýaly saldamly edebi mirasy bilen Magtymguly Pyragynyň keşbi ör boýuna galýar. Bu hakykata hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berlen paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde gurlan Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we nusgawy şahyrymyzyň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasynyň taryhy pursatlaryna şaýat bolan mahalymyz has aýdyň göz ýetirdik. Külli adamzadyň beýik şahyrynyň Köpetdagyň eteginde howalanyp duran belent heýkeline gözüň düşende gojaman Zemine kök uran ynsan paýhasynyň Arşa-agla – belentlige ulaşýandygy hakyndaky pikir seriňe dolýar. Gör-ä, bu gudraty beýik şahyryň heýkeli bilen gojaman Köpetdag has hem beýgelen ýaly görünýär. Bu ýöne bir heýkel däl-de, asyrlaryň dowamynda «çoh garaşylan ajap eýýama», binýady berkarar döwletimize buýsanç bilen nazar salyp duran şahyryň belent ruhunyň tymsalydyr.

DÖWLET BERKARARLYGYNYŇ SYNMAZ SÜTÜNLERI

Hormatly Prezidentimiziň çuňňur paýhasy bilen gülläp ösýän ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklarydyr azatlyklaryny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu döwlet syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goşulşan Adamyň hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynda, Raýatlyk we syýasy hukuklar hakyndaky halkara Ylalaşygynda, Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky halkara Ylalaşygynda, Aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky halkara Konwensiýasynda, Gynamalara we adamlara çemeleşmäniň beýleki rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa-da mertebäni kemsidiji görnüşlerine we jezalaryna garşy Konwensiýasynda we beýleki halkara resminamalarynda takyk berkidilen hem-de bu ugurda esasy taglymlaryny, milli ýörelgeleri özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alyp gaýdýar. Mundan 32 ýyl öň döwletimiz üçin ýatdan çykmajak sene, has takygy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Esasy Kanunymyz döwletimiziň mizemez hukuk binýady, geljekki ösüşlerimiziň özeni bolup durýar. Iň ýokary hukuk güýjüne eýe bolan bu resminamada halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary, Türkmenistanyň goşulşan konwensiýalary, baglaşan şertnamalary, galyberse-de müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiz orun alýar. Onda berkidilen adalatlylyk, deňhukuklylyk, adamlaryň hukuklaryny we azatlyk

«KÖMELEJIK» KÖKESI

Bahar paslynyň dowam edýän günlerinde ýaz ýagşyndan soň peýda bolýan kömelejikleri ýatladýan süýjülikleriň biri hem «Kömelejik» kökesidir. Bu kökäniň aýratynlygy diňe bir onuň süýji tagamynda bolman, eýsem kömelejikleri ýatladýan üýtgeşik görnüşindedir. Žurnalymyzyň şu gezekki sanynda «Kömelejik» kökesiniň taýýarlanyşyny size ýetirmegi makul bildik. GEREKLI ÖNÜMLER:

DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI

GÖZEL ÄNEWIM Müňýyllyklar içre saklanan sarpaň

KÖÝTENDAG TÄSINLIKLERI

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiz  Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşýän gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly taryhy-arheologiki ýadygärlikler bu abraýly halkara guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistan — gadymy taryhy ýadygärliklere we tebigatyň täsinliklerine baý mekan. Soňky ýyllarda daşary ýurtly alymlar, tebigaty öwrenijiler, syýahatçylar ýurdumyzda ýerleşýän gadymy galalary, şäherleri, tebigatyň täsinliklerini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän güneşli Diýarymyzyň dürli künjeklerinde dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni çekip biläýjek tebigy, taryhy ähmiýetli mesgenler barmak büküp sanardan örän kän.

HALK LUKMANÇYLYGYNDA ATGULAGYŇ ÄHMIÝETI

Nurly mekanymyz bolan türkmen topragymyzyň üýtgeşik özüne çekiji we örän baý tapylgysyz tebigaty bar. Keremli türkmen topragy dermanlyk ösümliklere baýdyr. Şol ösümlikleriň biri hem atgulakdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda atgulagyň dermanlyk häsiýetleri barada gyzykly maglumatlar giňişleýin beýan edilýär. Atgulak ir döwürlerden bäri Gadymy Hytaýda, Rimde we Gresiýada melhem hökmünde giňden ulanylypdyr. Gündogaryň lukmanlary hem bu otuň täsin aýratynlyklary barada öz işlerinde ýazypdyrlar. Uzak demirgazyk ýurtlaryndan başga ähli ýerde bitýän atgulagyň dünýä ýüzünde birnäçe görnüşi bar. Atgulagyň latynça ady «nal» we «hereket» sözlerinden emele gelip, ony aýak yzyna meňzedipdirler. Amerikan indeýleri bu oty «Ak adamyň aýak yzy» diýip atlandyrypdyrlar. Atgulak – köpýyllyk haşal we dermanlyk otjumak ösümlik bolup, onuň Türkmenistanda 10 görnüşi gabat gelýär. Biziň ýurdumyzda bu dermanlyk ösümligiň, esasan, Plantago major (uly ýaprakly)- köpýyllyk, Plantago lanсeolata (süýri ýaprakly) - köpýyllyk we Plantago ovata (ýumurtga görnüşli) - birýyllyk otjumak görnüşleri giňden ýaýrandyr we diýarymyzyň ahli etraplarynda diýen ýaly duş gelýär. Bular köplenç düzlüklerde, daglaryň çygly ýerlerinde, derýalaryň, ýaplaryň boýlarynda, ekerançylyk meýdanlarynda we ýollaryň gyralarynda ösýärler. Dermanlyk ösümligiň him

«GYZGALAMY» «GYZYLGALA»?

Halk arasynda şeýle rowaýat bar: gadym zamanlarda gür baglyga beslenen gözel künjekde iki sany köşk ýerleşipdir. Ol köşkleriň ulusynda durmuşa çykmadyk gyzlar, kiçisinde bolsa öýlenmedik ýigitler ýaşapdyr. Ýaş ýigitlere gapdalyndaky köşkde ýaşaýan gyzlara öýlenmek üçin ýörite şert goýlupdyr. Kiçi köşkde ýaşaýan ýigitleriň haýsysynyň zyňan almasy gyzlaryň galasyna düşse, şol ýigit islän gyzyna öýlenip bilipdir. Almany zyňyp, köşge ýetirip bilen bolmansoň bu işi başarmagyň başga usullaryny gözlemäge girişipdirler. Ahyry ýigitler täze bir esbaby-sapany oýlap tapypdyrlar. Sapanyň kömegi bilen atylan almalar köşge düşüpdir we ýaşlar maksat-myratlaryna gowşupdyrlar. Rowaýatda ady agzalan galalaryň biri, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynda ýerleşýän Uly Gyzgalanyň gasynly bezegleriniň gelip çykyşy, nähili maksat bilen haçan bina edilendigi barada dürli çaklamalar öňe sürlüpdir. 1997 ― 2007-nji ýyllarda ýörite Maksatnamasynyň çäginde Uly Gyzgalada ylmy-gözegçilik işleri geçirildi.

ROWAÝATLARA SIŇEN GADYMY KÖNEÜRGENÇ

Pederlerimiz geçmişden ybrat alyp, geljege ýörelge edinmegi nesillere hikmetli sözleriň, dessanlardyr rowaýatlaryň üsti bilen pent-nesihat edipdirler. Ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluny yzlamak, ata Watanyň mertebesine buýsanmak, ene topragyňy gözüň göreji deý ezizlemek halkymyzyň durmuş ýörelgesidir. Bu durmuş kadasy nesilden-nesle geçip gelýän mukaddes duýgudyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, ata Watanymyzyň çäginde ýerleşýän taryhy ýadygärlikleri ylmy taýdan öwrenmek, şöhratly taryhymyzy bütin dünýäde wagyz etmek we pederlerimizden miras galan bu taryhy-medeni gymmatlyklarymyza buýsanç duýgularyny döretmek ýaşlaryň kalbynda belent watanperwerlik duýgularyny oýarýar. Halkymyzyň milli buýsanjy bolan taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň biri hem gadymy Köneürgenç ýadygärlikleridir. Gadymy Köneürgenç XI-XII asyrlarda medeniýetiň, sungatyň we ylmyň gülläp ösen, kuwwatly döwlet öwrülen Horezmşalar döwletiniň paýtagtydyr. Bu taryhy künjek Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ugurlarynyň biri bolupdyr. Bu döwürde bina edilen taryhy-arhitektura ýadygärlikleri häzirki wagtda Köneürgenç taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ylmy taýdan öwrenilýär.

ANNAGYLYÇ MÄTÄJI – USSAT ŞAHYR

Edebiýatda adamyň durmuşy, ýaşaýyşy, häsiýeti we arzuwy söz arkaly suratlandyrylýar. Adam edebiýatyň üsti bilen kämilleşýär. Çeper edebiýat adamy we onuň durmuşyny beýan etmek bilen şolaryň esasynda adamlara dogry ýoly salgy berýär. Edep-ekramly nesilleri ýetişdirmek edebiýatyň baş maksadydyr. Türkmen edebiýatynda hem nesilleri kämillige çagyrýan ençeme şahyrlar bar. Türkmen nusgawy edebiýatynda özüniň ajaýyp goşgulary bilen orun alan hem-de ähli döwürlerde-de ähmiýetini ýitirmeýän şygyrlary bilen yz galdyran ussat şahyrlaryň biri hem Annagylyç Mätäjidir. Mätäji XIX asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri bolup, beýik Magtymgulynyň edebi däplerini içgin öwrenen we dowam etdiren şahyrdyr. Annagylyç Mätäjiniň şygyrlary şirinligi, many-mazmuna baýlygy, halky äheňi bilen söýgä mynasyp bolupdyr. Şahyryň şygyrlary häzirki wagtda hem owazlylygy, aýdym-saz äheňliligi bilen halk arasynda meşhurdyr.

BEDEN TERBIÝESI — GÖZELLIGIŇ GÖZBAŞY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky oňyn özgertmeleri, il-ýurt bähbitli işleri halkymyzyň, ösüp gelýän ýaş neslimiziň şu gününe we röwşen geljegine bolan ynamyny has-da berkidip, ruhuny belende göterýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň: «Men adam hakyndaky aladalary bedenterbiýe we sport babatda döredilen esasy şertleriň, şolar esasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala gelmegi bilen bitewülikde görýärin» diýen sözleri sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegine, sportuň goldanylmagyna we ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine gönükdirilen wezipelerde milli kanunlarymyzda öz beýanyny tapýar. Adam hakyndaky aladany ilkinji orunda goýýan Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy, saglygy goraýyş edaralarynyň iň kämil enjamlar bilen üpjün edilmegi ugrunda yzygiderli aladalanýar. Şol bir wagtda ynsan saglygynyň ilki bilen her bir adamyň özüne baglydygyny göz öňünde tutup, sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurulýan sport desgalary hem-de mekdepler, saglyk ýollary ilatyň köpçülikleýin sport we bedebterbiýe bilen meşgullanmagyna mümkinçilik berýär. Sagdyn jemgyýet ýurduň ähli ösüşleriniň gözbaşydyr. Sport bolsa sagdynlygy, berk bedenlili

HALKLARY BIRLEŞDIRÝÄN KÖPRI

Halkyň maddy hal-ýagdaýynyň derejesi gönüden-göni döwletiň ykdysady ösüşine bagly bolup durýar. Ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmek, ösüşiň belent sepgitlerine ýetmek üçin giň dünýägaraýyşly, sowatly, Watana wepaly hünärmenlere bil baglanylýar. Olaryň ylymda, bilimde dünýäniň soňky gazananlaryndan baş çykarmagy, hususan-da sanly ulgamlara erk edip bilmegi, daşary ýurt dillerini çuň öwrenmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň özenini düzýär. Çünki aýdylanlar bilen bir hatarda, dünýä dilleriniň kämil bilinmegi halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýetli orun eýeleýär. Islendik halkyň dilini bilmek, olaryň medeniýetini öwrenmäge hem giň mümkinçiligi döredýär. Dil halklary özara birleşdirýän ruhy köpri bolup hyzmat edýär. Haýsydyr bir halkyň dilini bilmek, medeniýetine düşünmek özboluşly dünýäniň gapysyny açýar, dünýägaraýşyňy giňeldýär, kämillige eltýär.

ÝAŞLAR YLYM DÜNÝÄSINDE

Ýaş alym elektron resminama dolanyşygyny amala aşyrýan web sahypany hödürleýär

DIL ÖWRENMEKDE TEHNOLOGIÝANYŇ ARTYKMAÇLYKLARY

Häzirki zaman jemgyýetçilik we ynsan durmuşyny tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek asla mümkin. Döwrebap tehnologiýalar we tehnikalar adamzat durmuşyna şeýle bir çuň aralaşdy welin, sanly we maglumat tehnologiýalarsyz ynsan özüni jemgyýetden üzňeleşýän, döwürden, ösüşden yzda galýan ýaly duýgyny başdan geçirýär. Dünýä jemgyýeti ösüşiň täze tapgyrynda diňe tehnologiýalara we innowasiýanyň soňky gazananlaryna daýanýar. Kämil kompýuter tehnologiýalary maglumat akymlarynyň jemgyýetde tiz ýaýramagyny  üpjün  edýär  we  ägirt  uly   maglumat  giňişligini emele  getirýär. Dünýäniň globallaşýan döwründe bilim ulgamy hem tehnologiýanyň ösüşleri bilen aýakdaş galkynýar. Döwrüň öňe sürýän talaplaryna laýyklykda sanly bilim konsepsiýasy häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döredýän meseleleriň biridir. Çünki, islendik jemgyýetiň, döwletiň ösüşi ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr.

ENERGETIKA PUDAGYNYŇ MILLI WE HALKARA DEREJESINDE ÖSÜŞ UGURLARY

Milli ykdysadyýetiň kuwwatyny pugtalandyrmakda energetikanyň wajyp orny eýeleýändigi nukdaýnazaryndan, bu möhüm ulgamyň ösdürilmegine durmuşa geçirilýän giň gerimli döwlet maksatnamalarynda aýratyn orun berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny giň gerimler bilen ösdürmäge we toplumyň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen energetika syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek dowam etdirilýär. Toplumyň pudaklarynyň ýurduň özgeriş durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy maliýe çeşmesi bolmagyndaky orny pugtalandyrylýar. Geçen ýylyň noýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde täze, kuwwaty 1574 megawata deň bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek döwrebap elektrik stansiýasynyň, şeýle hem etrabyň Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüniň tutulmagy, şonuň ýaly-da, Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasynyň dabaraly açylyp ulanylmaga berilmegi aýdylanlary doly tassyklaýar. Şeýle-de, türkmen energogurluşykçylarynyň yhlasly zähmet çekmegi netijesinde Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň gurluşygyny şu ýylda tamamlamak meýi

TÜRKMENISTANYŇ HARYTLAR WE HYZMATLAR BAZARYNY ÖSDÜRMEGIŇ ESASY UGURLARY

Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamalaýyn strategiýasy döwlet kadalaşdyrylyşynyň netijeli usullarynyň biri bolup, ol durnukly ösüşi üpjün etmekde wajyp orun eýeleýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda ýakyn, orta we uzak möhlete niýetlenen birnäçe maksatnamalaryň hereket etmegi geljekki ösüş ugurlarymyzyň takyk hasaplamalara, berk ylmy esaslandyrmalara laýyklykda, örän oýlanyşykly kesgitlenendigine güwä geçýär. Şunda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeler kabul edilen we täze kabul edilýän ähli maksatnamalaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Dünýä ösüşinde maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam edýän, beýleki döwletler bilen özara baglanyşygyň has-da güýçlenýän, durmuş-ykdysady ýagdaýlaryň çalt üýtgeýän şeýle çylşyrymly şertlerinde milli ykdysadyýetiň ösüş depginini durnukly saklamak meselesi gün tertibiniň wajyp meseleleriniň biri bolup, bu ýagdaý tiz ornaşdyrmaga ukyply bolan usullaryň, çemeleşmeleriň ulanylmagyny talap edýär. Bu milli ykdysadyýeti döwrüň çagyryşlaryna laýyklykda dolandyrmagyň inkär edip bolmaýan şertleriniň biridir. Maksatnamalaýyn çemeleşme şeýle usullaryň biri bolup, onda häzirki ösüş tapgyrynda wajyp meseleleriň çözgüdine gönükdirilen maksatlary netijeli durmuşa geçirmegiň ýollaryna, gurallaryna, serişdelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Belli bir maksat bilen işlenip taýýarlanýan milli maksatnamalar häzirki zaman ösüşiniň durmuş-ykdy

TURKMEN TRADITIONS OF HOSPITALITY IN MAGTYMGULY’S POETRY

Magtymguly Pyragy’s poetry is written from different points of view, particularly about Turkmen society, patriotism, moral purity, love, hospitality, bravery, courage, heroism, unity, women’s dignity, hard work, decency and other issues that still echo in our days with a clear voice and shine brightly. In his book «The Unquenchable Torch in the Crown of the Spirit», Hero Arkadag noted that the wise poet’s literary heritage is rich in the valuable ideas, the best traditions of humankind. The wise poet underlined the Turkmen traditions of hospitality in his poems. Turkmenistan – our motherland is renowned for its hospitality. Hospitality is a symbol of generosity and statehood. Magtymguly is a great thinker whose creativity founded a model school of upbringing of the younger generation in compliance with high moral standards. Hospitality is one of the most wonderful traditions and moral standards of the Turkmen people. This is fully confirmed by the proverb «Guest is greater than your father».