''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Jorj Kleýsonyň “Wawilonyň iň baý adamy” atly kitabyndan IŇ BAÝ ADAMYŇ IŇ GADYMY SYRY: NÄDIP BAÝAMALY? IGLI GAPJYK ÜÇIN ÝEDI MELHEM

Wawilonyň şan-şöhraty ebedi. Gadym zamanlarda bihasap hazynalara eýe bolan dünýäniň iň baý şäheri hakdaky gürrüňler asyrlaryň jümmüşinden parran geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Bu şäheriň baýlygy asmandanam inmändir, ýerdenem çykmandyr. Wawilonyň baýlygy – ýaşaýjylarynyň bilim-sowadynyň netijesi. Gör, bak, olar baýlyk gazanmagy nädip öwrendilerkä?!

ÝOLLAR!

Ýollar! Adatça ertekilerde adamyň öňünden iki ýa-da üç ýol çykýar. Ol döwrüň adamlarynyň bizden akylly bolmaklary mümkin. Sebäbi, ýollar näçe köp bolsa, saýlamak, saýgarmak kyn bolýar. Adam pahyr özüne gerekli zady kämil röwüşde bilmese, her bir zadyň eýlesini-beýlesini synlap, sypalap, ikirjiňlenip durýar. Şeýdibem, gyzyldan gymmatly, altyndan arzyly wagtyny bisarpa sarp edýär. Eliňde puluň, bazarda hem haryt az bolsa, bazara tiz barýaň, saýlawyň az ýerinde gereklije zadyňy tiz alyp, derrew yzyňa dolanýaň. Eliňde puluň, bazarda hem haryt köp bolsa, gowusyndan-gowusyny tapjak bolup, bütin bazary söküp çykýaň. Ahyry bir harytda nazaryň eglener. Sypalap, synlap, ony bäri çekjek bolarsyň, özüňe ýaramly, göwnüňe laýyk etjek bolup, çyr-çytyrsyň. Elbetde, ýollar ýaramly, söwdalar oňuna bolsun! Alan harydyň soňlugy bilen şoňa sarp eden baýlygyňa, wagtyňa we zähmetiňe degýän bolsa, söwdanyň ýerine düşdügi hasap etmeli. Ýollar hem edil şonuň ýaly. Pikirlenip, ikirjiňlenip, mejburylyk ýa-da meýletinlik bilen, ýaýdana-ýaýdana, höweslenip ýa-da diňe ýöremek hatyrasy üçin ýaltana-ýaltana saýlanyp alnan ýollar, soňlugy bilen şoňa sarp eden akylyňa, wagtyňa we zähmetiňe degýän bolsa, onda ömre barabar söwdanyň şowly bolandygyna delil. Ýöne, ýollaryň ählisi bossanlyga, aşagyndan suwlar akyp duran, şahalarynda göz görmedik datly miweleri bolan baglara eltmeýär.

ÝATLAMA (Hekaýa)

Türkmen maşgalasynda zenanlar hiç işsiz oturmaýarlar. Olar çagalary, goňşy-golamlary bilen özara gürrüň edip oturanlarynda hem elleri işlidir: jorap örerler, ýüň dararlar, ik egrerler, sag aýagynyň başam barmagyna sallançagyň bagyny orap, onda ýatan çagany hem yraýandyrlar. Gürrüňiň arasynda hiňlenip, hüwdi hem aýdarlar. Meň mamamyň hem eli hemişe işlidi. Ol bir agtygyny hüwdüläp ýatyrsa, beýlekisine jorap örerdi, ýanynda-da mydama gepläp duran radiosy bardyr. Mamam goýun gyrkylýan möwsümlerde ýaz ýüňi haly, palas, dolak dokamaga, güýz ýüňi bolsa keçe üçin gowy bolar diýip, olary aýry-aýry ýygnap goýardy. Mamam ol ýüňleri ilki tut çybyklary bilen saýardy, soňra ýüňdaragy bilen darardy, dürli reňklere boýardy. Boýalan ýüňleri ik bilen egrip, ýüplük taýynlardy. Taýýar bolan ýüplüklerden gyşyna has ýyly bolsun, üşemesinler diýip, agtyklaryna jorap, ýeňsiz örerdi.

UMUMADAMZAT ÄHMIÝETLI ŞAHYR

Magtymguly Pyragy özüniň ölmez-ýitmez eserleri bilen diňe bir türkmen nusgawy edebiýatynyň däl, eýsem dünýä edebiýatynyň röwşen şamçyragyna öwrüldi. Onuň umumadamzat ähmiýetli edebi mirasy dünýä şygryýetinde uly öwrülişigi emele getirdi. Türkmen halkynyň ruhy sütünleriniň biri bolan Magtymguly öz döredijilik dünýäsinde  türkmen halkynyň arzuw-isleglerini beýan etmegi başaran beýik şahsyýetdir. Magtymguly Pyragy beýik akyldar hem-de ussat şahyr hökmünde biziň ýüregimizde baky ýaşaýar. Magtymguly atamyzyň şygyrlaryny okanyňda, onuň türkmen halkynyň ýürek owazyny eşiden, milleti bir saçagyň başyna jem bolmaga çagyran, dogry ýoly salgy beren beýik akyldardygyna göz ýetirýäris. Onuň ynsanyň ahlak päkiligi baradaky goşgulary hiç haçan öz gymmatyny ýitirmeýär. Şahyryň döredijiliginden türkmen halkynyň mertebesi, ar-namysy, ynsap ölçegleri hakyndaky pikirler eriş-argaç bolup geçýär. Şonuň üçin onuň goşgulary halkyň milli ruhyýetine, durmuş ýörelgesine has ýakyndyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ BELENT SARPASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz dürli ugurlar babatda rowaçlygyň aýdyň menzillerinde bedew bady bilen öňe barýar, il-ýurt bähbitli işler gün-günden rowaçlyga beslenýär. Milli medeniýetimize, ene dilimize, nusgawy edebiýatymyza bolan buýsanç geçmiş mirasymyzy öwrenmäge ruhlandyrýar. Geçmiş mirasymyzy öwrenmekde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary gymmatly hazyna bolup durýar. Akyldar şahyrymyzyň türkmen edebiýatynyň altyn hazynasyna giren gymmatly edebi mirasy alymlar tarapyndan öwrenilýär. Magtymguly türkmen halkynyň milli şahyry, milli guwanjy, milli buýsanjy hasaplanýar. Gahryman Arkadagymyz nusgawy şahyrlarymyzyň baý edebi mirasyna ýokary baha berýär hem-de olaryň halk arasynda mertebesiniň belent tutulmalydygy barada «Halkymyz Magtymguly atamyzyň paýhasyny durmuşyň kanuny hökmünde berk we aýawly tutupdyr. Hut şoňa görä, şahyryň ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk ýoly umumadamzat bähbitli pelsepe garaýyşlary Baş kanunymyza siňdi» diýip belleýär.

SANLY DÜNÝÄ: ÝAŞLAR. ÖSÜŞ. GELJEK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler gönüden göni ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Bu gün ylym-bilimiň kömegi bilen awtomatik tilsimatlar, maksatnamalaýyn dolandyrylýan kuwwatlyklar, kompýuterleşdirilen enjamlar ynsanyň bähbidine gulluk edýär. Bilşimiz ýaly, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça aýgytly başlangyçlara badalga berlip, häzirki wagta çenli netijeli işler alnyp baryldy. Bu işleriň netijesinde maglumat tehnologiýalarynyň we internetiň mümkinçilikleriniň giňden ulanylmagy bilen, sarp edijileriň wagtlary we serişdeleri tygşytlanylýar. Munuň özi, hyzmatlaryň tiz wagtda ýerine ýetirilýändigini, sanlylaşdyrylan tehnologiýalaryň döredýän amatlyklarynyň geriminiň giňeýändigini we geljekde has-da giňejekdigini ynamly aýtmaga esas döredýär. Ýurdumyzda sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylýan döwründe olardan kämil baş çykarmak, dogry peýdalanmak ýaly işlere ýaşlary çekmek, olary höweslendirmek Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

MAGTYMGULY PYRAGY – ÄHLI DÖWÜRLERIŇ ŞAHYRY

Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Magtymguly Pyragy nusgawy türkmen edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi mekdebi döretmegi başaran şahyrdyr» diýlip nygtalyşy ýaly, beýik şahyryň döredijiligi halkymyzyň ruhy-edebi dünýäsi bilen bitewüligi, sazlaşygy emele getirýär. Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Dürli döwürlerde bu ugurda düýpli ylmy işler, monografiýalar, tekstologik derňewler edildi. Magtymgulyny öwreniş ylmynyň taryhynda B.Kerbabaýew, M.Kösäýew, B.Garryýew, G.O.Çaryýew, Z.B.Muhammedowa ýaly onlarça türkmen alymlary hem uly işleri bitirdiler. Bu gün olaryň işleri döwrümiziň zehinli edebiýatçylary tarapyndan dowam etdirilýär. Şeýle işleriň hatarynda alymlar Ahmet Bekmyradowyň «Magtymgulynyň şahyrlyk dünýäsi» atly monografiýasyny, Muhammetnazar Annamuhammedowyň «Magtymguly, gizlin syryň bar içde» atly iki jiltlik kitaplaryny, alym Aman Şyhnepesowyň «Magtymgulynyň älemi» atly ylmy-derňew işini görkezmek bolar.

SAGDYN HEM BAGTYÝAR GELJEK ÜÇIN

Çagalygy, ýetginjekligi oba ýerlerinde geçen ildeşlerimiz üçin şol ýyllar bilen bagly ýatlamalaryň welosidepsiz güni azdyr. Çünki welosiped çagalyk, ýetginjeklik bilen bagly süýji ýatlamalarymyzyň esasy aýratynlyklarynyň biri. Belki, biz şol ýyllarda onuň jan saglygymyza edýän oňyn täsiri dogrusynda kelle döwjek hem bolan däldiris. Ýöne bizi barja ýerimize çal ýetirýän welosiped saglygymyz üçin, gör, nähili aladalary eden eken. Şu ýyl Ýer ýüzi taryhda ýedinji gezek Bütindünýä welosiped gününi belledi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mundan alty ýyl ozal ― 2018-nji ýylyň aprel aýynda hut Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi bellemek bilen bagly Kararnamany kabul etdi. Şol taryhy Kararnama bolsa tutuş adamzada saglyk babatynda ýene bir serpaýy ýapdy.

KEŞDEÇILIK SUNGATYNDA AKGAÝMA NAGYŞLARYNYŇ AÝRATYNLYGY

Parasatly pederlerimiziň asyrlar içre gazanan beýik aňyýet üstünliklerini ene-mamalarymyz türkmen milli keşdelerine, halylaryna, keçelerine, palaslaryna we beýleki maddy hem-de ruhy baýlyklaryna müdimilik siňdirip, geljekki nesillere miras galdyrypdyrlar. Türkmen milli el işleriniň naýbaşylarynyň biri-de keşdedir. Keşdeler diňe bir öňki döwürleriň medeniýetini, däp-dessurlaryny özünde saklamak bilen çäklenmän, eýsem türkmen zenanlarynyň we işine ökde hünärmenleriň döredijilik başarnyklary barada hem maglumat berýär. Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly eserinde: «Käbämiň gyzlary bilen oturyp keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil janly surat eseri ýaly. Hiç bir zat taý bolmajak mähirli garaýyşly käbämiň keşbinde ýyllaryň möhüri galypdyr. Onda dünýäniň manysyny okap bolýar» diýip belleýär. Mälim bolşy ýaly, «Türkmen keşdeçilik sungaty» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizildi.

ÇAGA TERBIÝESINDE MEKDEBIŇ WE MAŞGALANYŇ SAZLAŞYGY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady, medeni-durmuş ulgamlary ýokary depginler bilen ösýär. Bu ösüşleriň binýatlyk esasy bolan ylymda-bilimde hem düýpli özgerişler amala aşyrylýar. Bedew batly Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp gitmekde ýaş nesle sazlaşykly bilim bermek bilen bir hatarda, olary milli ruhda terbiýelemek hem esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Durmuş syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri hökmünde häzirki alnyp barylýan özgertmelerde ýaş nesliň döwrebap bilim we terbiýe almagyna aýratyn üns berilýär. Çünki ýaş nesliň bagtly durmuşyny üpjün etmekde olara berilýän terbiýäniň ýokary derejelerde bolmagy örän zerurdyr. Şeýle bolansoň nesil terbiýesi iki sany esasy ugruň sazlaşygy bilen amala aşyrylýar. Bu bolsa terbiýe binýadynyň örän berk bolmagyna özüniň täsirini ýetirýär. Bu esasy iki ugur: maşgala we mekdepdir. Olar biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bularyň has täsirlisi we dowamlysy maşgaladyr. Sebäbi maşgalada akyl taýdan kämil, beden taýdan sagdyn ynsany terbiýelemegiň ilkinji ädimleri başlanýar.

BAGT BAGYNYŇ BILBILLERI

Bagtyýar çagalygyň, asuda, bolelin durmuşyň gujagynda erkana ýaýnaýan şadyýan çagalaryň mekanyna öwrülen gözel Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaş nesillerimiz uly alada bilen gurşalýar. Çagalaryň durmuş goraglylygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülýär. Ata Watanymyzyň aýdyň ertirleriniň eýeleri, bagtyýar halkymyzyň dowamaty hasaplanýan çagalaryň kämil bilim-terbiýe almaklary, sagdyn bedenli, milli ýörelgelerimize ygrarly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesillerimiziň aýratyn ukyp-başarnyklaryny, ýiti zehinlerini ýüze çykarmak, saýlap alan ugurlary boýunça kämilleşmekleri üçin ýurdumyzda döredijilik bäsleşikleri, festiwallar yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzda we dünýä derejesinde geçirilýän abraýly halkara sport ýaryşlarynda hem bagtyýar nesillerimiziň gazanýan üstünliklerine şaýat bolýarys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalaryň we eneleriň saglygyny goramak babatda edilýän tagallalar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň aýrylmaz bölegi hasaplanýar. Bu babatda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz abraýly halkara guramalary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýýar. Ýurdumyz bilen ÝUNFPA, ÝUNISEF hem-de BSGG ýaly abraýly halkara guramalaryň arasynda eneleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça uzak möhletleýin maksatnamalar hereket edýär.

«ÇAGA EZIZ...»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýäde bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde tanalýar. Bitarap Watanymyzda çagalaryň gülki sesleri erkinligiň, parahatçylygyň, bagtyýarlygyň nyşany bolup arşa dolýar. Dünýäň gözelligin dünýäň baýlygyn

BAGTDAN PAÝLY, ÝEŇIŞDEN SERPAÝLY ÝAŞLAR

12-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda her ýylda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilýän ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan Şahadatnamalary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň we önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, mekdep okuwçylary şeýle-de ylmy işe höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşdylar. Şu ýyl ylmy bäsleşige ýaşlaryň 1 müň 670 sanysy gatnaşyp, özleriniň ylmy-barlag işleriniň ähmiýetlidigini subut eden ýaşlaryň 107-si has tapawutlanyp, bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Şeýle hem dabaranyň dowamynda 2024-nji ýylyň 11-14-nji apreli aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan Federal Uniwersitetinde (KFU) guralan Halkara ylmy ýaşlar maslahatynyň çäginde geçirilen bäsleşigiň hem-de hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykd

TALYP ÝÜREGI JOŞANDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan eden «Talyp joşguny – 2024» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Milletleriň özboluşlylygyny açyp görkezmekde medeniýetiň, sungatyň, döredijiligiň orny diýseň uludyr. Ajap döwrümizde batly gadamlar bilen ynamly öňe barýan bagtdan paýly, döwürden serpaýly ýaş nesillerimiziň milli medeniýetimizi, sungatymyzy has-da kämilleşdirmek, halk döredijiligindäki başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen geçirilýän şeýle festiwallaryň ähmiýeti uludyr. Ajaýyp döwrüň waspyny sungatyň üsti bilen beýan edip, daşary ýurt döredijiligini hem milliliklerimiz bilen baglanyşdyryp bilýän talyp ýaşlaryň dillerinde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri sena bolup ýaňlandy.

RUHY PÄKLIGIŇ BAÝRAMY

Halk hikmetleriniň birinde «Her bir işde haýyr bar» diýilýär. Ynsanperwerligi ömür ýörelgesine öwren pederlerimiz: «Ýagşylyga ýagşylyk etmegi adamkärçilik, ýamanlyga ýagşylyk etmegi belent mertebe» bilendigini aýdanyndan soň, mundan aňyrda bir söz aýtsaň artykmaç boljak ýaly. Emma haýyr-yhsanyň, ynsanperwerligiň ýere atylan däne mysaly biriň müň bolup döreýändigini ýagşylygyň hatyrasy üçin aýtmak gerek. Pederlerimiziň ýyldyzboýly guýularyndan näçe suw aldygyňça şonça-da bereketi artýandyr. Ýagşylyga, ynsanperwerlige, haýyr-yhsana näçe amal etseň, dünýäde ýagşy ynsanlar, ýagşylyk edýän adamlar şonça-da köpelýändir. Şonuň üçin hem il-günüň sygynýan ynam-ygtykadynda, däp-dessurlarynda, ruhy ýörelgelerinde ynsanperwerligiň, haýyr-sahawatyň zerreleriniň bolmagy ýöne ýere däl.  Şol zerreler ynsan kalplarynda şineleýär, kök urup, berdaşly daragta öwrülýär. Kalbynda sahawat daragtyny kemala getiren ynsanyň saýasynyň ulus-ile haýrynyň degýändigi, ömür miwesiniň bol we datly bolýandygy hakykat. Haýyr däneleriniň şineleri gol ýaýradyp, adamzady bir-birege, kalby kalba baglaýar. Türkmen ilinde gadymdan bäri arzylanýan we mukaddes saýylýan Gurban baýramynda haýyr-sahawat, ynsanperwerlik dabaralanýar. Munda öýke-kineler unudylyp, ýagşylyga, mähir-muhabbete gol berilýär.

RAÝAT JEMGYÝETINIŇ ÖSÜŞINDE ÝAŞLAR GURAMASYNYŇ ORNY

Ýurdumyzda halk häkimiýetliliginiň ýörelgelerini hemmetaraplaýyn ýaýbaňlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler raýat jemgyýetini ösdürmek, onuň mazmunyna täze äheň bermek, içerki gurluşyny kämilleşdirmek boýunça çäreler bilen sazlaşykly utgaşýar. Biziň döwletimiz raýat jemgyýetiniň ösmegine we kämilleşmegine ýardam berýär, raýatlaryň ykdysady, hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün edýär. Bu babatda dürli çäreleri amala aşyrýar, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini sazlaşdyrýar, olaryň orunlaryny we ygtyýarlyklaryny kesgitleýär. Bu barada Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 17-nji maddasynda: «Döwlet raýat jemgyýetiniň ösmegi üçin zerur şertleri üpjün edýär» diýlip bellenilýär. Öz gezeginde, raýat jemgyýetiniň aýratyn bölegi jemgyýetçilik birleşikleridir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 44-nji maddasy raýatlara Konstitusiýanyň we kanunlaryň çäklerinde hereket edýän syýasy partiýalary, gaýry jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge hukuklaryny kepillendirýär. Raýatlaryň bu hukugynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen kanunlar kabul edilýär. Ýurdumyzda dürli görnüşli jemgyýetçilik birleşikleri hereket edip, olaryň hatarynda ýaşlaryň öz bähbitleriniň we garaýyşlarynyň esasynda birleşmäge bolan isleglerine esaslanýan, ýaşlaryň özbaşdak guramaçylygynyň görnüşi bolup durýan ýaşlar jemgyýetçilik birleşikleri uly ähmiýete eýedir. Ýaşlaryň işjeňliginiň bu görnüşi barada 202

TOÝ TOÝLANÝAR MEDENIÝETIŇ ŞANYNA

Her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň abraý-mertebesi has-da belende galýar. Medeniýetini, sungatyny sarpalap, milliligine buýsanyp, olaryň şanyna uly toý-baýram edýän halk dünýäde başga ýok bolsa gerek?! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýyl uly dabara bilen bellenilýän bu baýram – Medeniýet hepdeligi «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde uly ruhubelentlige beslenip, medeniýetimiziň täze taryhy döwründäki beýik galkynyşyny şöhlelendirdi. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli giň gerimli çäreler türkmen halkynyň medeni mirasyny, däp-dessurlaryny aýawly saklamaga, çuňňur öwrenmäge we wagyz etmäge, milli medeniýetimizi ösdürmäge we täze zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Medeniýet hepdeliginiň çäginde ýaýbaňlandyrylýan medeni köpçülikleýin çäreleriň mazmunynda köp ugurly türkmen medeniýetiniň ähli görnüşleriniň – opera, aýdym-saz, kino, teatr, şekillendiriş, amaly-haşam sungatlarynyň, edebiýatyň we halk döredijiliginiň özboluşly sazlaşygy öz beýanyny tapýar. Medeniýet hepdeligiň çäklerinde geçirilýän şygryýet agşamlarynda halypa ýazyjy-şahyrlar bilen bir hatarda şahyr ýaşlar hem öz ýürek buýsançlaryny siňdiren goşgularyny okaýarlar. Bu olar üçin özboluşl

MUNDA HASYL BOLÝAR ÄHLI ARZUWLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýarlygyň goýnunda, aýratyn-da Watanymyzyň daýanjyna deňelýän ýaşlaryň döwrebap şertlerde, kämil jemgyýetde ýaşamagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirilýär. Biz muňa Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 29-njy iýunynda has-da aýdyň göz ýetirdik. Çünki bu senede tarp ýerden, gadymy oguz ýurdunda dünýä nusgalyk şäher — Arkadag şäheri açyldy. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde «Ösüş, özgeriş, galkynyş, döredijilikli çemeleşmeler — döwrümize, döwletimize mahsus aýratynlyk. Bu zamana taryha siňen ebedi ýazgylarda, ezeli wakalarda, arzuwly ertekilerde ýatlanylýan, arzuwlaryň hasyl bolýan we bagtly döwrany Hakdan berlen, gowy geljegi öňünden buşlanylan döwürdir» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurt berkararlygynyň, halk bagtyýarlygynyň aýdyň kepili bolup bina edilen Arkadag şäheri bu hakykaty dünýä äşgär etdi.

UZAK ÝAŞA, ARKADAG!

Gahryman Arkadagymyzyň eşretli eýýamynyň ömrümize dolmagynyň, ykballara gabat gelmeginiň, bagta berilmeginiň, saýa salmagynyň özi bagt, bahasyna ýetip bolmajak baýlyk. Berlen ömrüň gymmatyny duýmak bar, oňa uýmak bar. Apalamak, arzylamak bar. Subutyny türkmeniň şu günki ýeten beýik derejesiniň özi sözsüz düşündirýär. Şu nurana günleriň sanalgy sallaryň dowamynda gurlan erteki mysaly Arkadag şäheriniň bir ýyllygy bilen utgaşmagy aýratyn täsin.

AŞGABAT: GEÇMIŞDEN GELJEGE UZAÝAN GÖZELLIK

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbini mundan beýläk-de özgertmek, ýaşaýyş-durmuş amatlyklaryny, paýtagtyň jemagat hojalygyny ösdürmek boýunça işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu babatda, ýokary we orta okuw mekdepleriniň edara binalaryny, ýaşaýyş jaý we seýilgäh toplumlarynyň, söwda merkezleriniň we bazarlaryň, häzirki zaman ulag ýollarynyň we beýleki ýaşaýyş-durmuş desgalarynyň guruljakdygy döwletiň ýokary gymmatlygy hökmünde adam hakyndaky alada durmuş-ykdysady syýasatyň baş ugrudygynyň tassyknamasy bolup durýar. Paýtagtyň giň möçberli mümkinçilikleriniň bardygyny göz öňünde tutmak bilen, şäheri ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda senagat, ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygy, ulag-aragatnaşyk ulgamy, harytlaryň we hyzmatlaryň sarp ediş bazary, döwlete dahylsyz bölegiň kiçi we orta möçberli kärhanalary, durmuş ulgamy we ýaşaýyş derejesini görkezmek bolýar. Her ýyl bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Aşgabat şäherinde durmuş-medeni maksatly owadan desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, 17-nji maýda Aşgabadyň günorta künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de beýik türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyny aýratyn bellemek bolar. Akyldaryň hormatyna