Halk hikmetleriniň birinde «Her bir işde haýyr bar» diýilýär. Ynsanperwerligi ömür ýörelgesine öwren pederlerimiz: «Ýagşylyga ýagşylyk etmegi adamkärçilik, ýamanlyga ýagşylyk etmegi belent mertebe» bilendigini aýdanyndan soň, mundan aňyrda bir söz aýtsaň artykmaç boljak ýaly. Emma haýyr-yhsanyň, ynsanperwerligiň ýere atylan däne mysaly biriň müň bolup döreýändigini ýagşylygyň hatyrasy üçin aýtmak gerek. Pederlerimiziň ýyldyzboýly guýularyndan näçe suw aldygyňça şonça-da bereketi artýandyr. Ýagşylyga, ynsanperwerlige, haýyr-yhsana näçe amal etseň, dünýäde ýagşy ynsanlar, ýagşylyk edýän adamlar şonça-da köpelýändir. Şonuň üçin hem il-günüň sygynýan ynam-ygtykadynda, däp-dessurlarynda, ruhy ýörelgelerinde ynsanperwerligiň, haýyr-sahawatyň zerreleriniň bolmagy ýöne ýere däl. Şol zerreler ynsan kalplarynda şineleýär, kök urup, berdaşly daragta öwrülýär. Kalbynda sahawat daragtyny kemala getiren ynsanyň saýasynyň ulus-ile haýrynyň degýändigi, ömür miwesiniň bol we datly bolýandygy hakykat. Haýyr däneleriniň şineleri gol ýaýradyp, adamzady bir-birege, kalby kalba baglaýar.
Türkmen ilinde gadymdan bäri arzylanýan we mukaddes saýylýan Gurban baýramynda haýyr-sahawat, ynsanperwerlik dabaralanýar. Munda öýke-kineler unudylyp, ýagşylyga, mähir-muhabbete gol berilýär.