''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Ýaşlar we Ýaşlar guramasy

■ Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Müň parasat, müň many, köňülleriň çyragy — pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi «Garagum» žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde gurady. Şamämmet TÄÇJANOW,TMÝG-niň Merkezi geňeşiniň bölüm müdiri.

Beýik ynamyň eýeleri (Döwür we ýaşlar)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara örän uly ynam bildirilýär. Şol belent ynam bu günki gün durmuşymyzyň ähli ugurlarynda aýdyň duýulýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ýaşlar babatda ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli işler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli, ynsanperwer we parasatly syýasatyň aýdyň beýanydyr. Türkmen ýaşlary jemgyýetiň ähli gurşawyndaky özgerişleri, täzelikleri durmuşa geçirmäge we ösdürmäge ukyplydyrlar. Ýaşlar döwletiň işjeň we örän wajyp güýjüdir, olaryň islegleri, gymmatlyklary, garaýyşlary geljegiň binýadydyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlarymyz ylymlaryny we bilimlerini ilimiziň baky bagtyýarlygyna, Watanymyzyň beýik geljegine, dünýädäki abraý-mertebämiziň has-da belende galmagyna bagyş etmelidirler» diýen sözlerinden ugur alyp, ajaýyp döwrümiziň bagtyýar ýaşlary beýik geljegimiz üçin bilim alýarlar, döredýärler, eziz Watanymyzyň at-abraýyny has-da şöhratlandyrýarlar.

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) KIÇIJEKKÄ GÖREN HEM EŞIDEN ZADY SOŇRA ÇAGANYŇ ÖSÜŞINE ÝARDAM BERÝÄR

Ykdysady üstünliklerimiziň sergisi

19-njy sentýabrda paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan «Garagum» myhmanhanasynyň ýanyndaky meýdançada Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanda ýerleşýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Guwandyryjy üstünliklerden täze sepgitlere

19-njy sentýabrda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän «Garagum» myhmanhanasynyň arka tarapynda gurnalan sergi meýdançasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi dabaraly ýagdaýda açyldy. Milli ykdysadyýetimiziň guwandyryjy üstünliklerini şöhlelendirýän gözden geçirilişe halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli düzümleriň, bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynyň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleriniň wekilleri, şeýle hem hususy telekeçiler gatnaşýar. Sergi meýdançasynda halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň goşýan goşandy we geljegi uly mümkinçilikleri görkezilýär. Türkmenistanyň döwlet we hususy kärhanalarynyň täze önümleriniň, taslamalarynyň mahabat-tanyşdyryş çäreleriniň, halk senetçilik sungatynyň görnüşleri boýunça ussatlyk sapaklarynyň, aýdym-sazly dabaralaryň geçirilmegi şu gün öz işini tamamlaýan serginiň ähmiýetini has-da artdyrýar. Bizem sergä gatnaşyjylar bilen söhbetdeş bolanymyzda ünsümizi çeken gyzykly maglumatlary okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildik.

Kanunçylygyň talaplary düşündirildi

Baş Kanunymyzda adamyň döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanylýandygy baradaky kada beýan edilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler bagtyýar raýatlarymyzyň abadan durmuşyny üpjün edýär. Bu sazlaşyk döwletiň we jemgyýetiň rowaçlygyny berkidýär. Şeýle derejeli döwletde ýaşaýan adamlar öz orunlarynda halal hem ýadawsyz zähmetleri bilen ösüşlere mynasyp goşant goşmaga borçludyrlar. Şunda, ilkinji nobatda, arassa ýaşamak, halal işlemek, jenaýatçylykly işlerden daşda durmak esasy şertleriň biridir. Bu babatda biz — kazyýet işgärleri wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirenimizde hem tekrarlap gürrüň edýäris, degişli kanunçylyklaryň talaplaryny giňişleýin düşündirýäris. Golaýda şu maksat bilen Daşoguz şäher Ýaşaýyş jaý ulanyş trestinde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa trestiň işgärleri guramaçylykly gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň talaplary düşündirildi. Kodekse döwrüň talaplaryna laýyklykda, degişli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilýändigi, jenaýat hadysalarynyň öňüni almak barada kadalaryň beýan edilýändigi, olardan gelip çykýan netijeler barada gürrüň edildi. Jenaýata getirýän işlerden daşda durup, halal zähmetiň bilen gazanmagyň, ony maşgalaňa, çagalaryňa iýdirme

Rahat durmuşyň goragynda

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Alp Arslan adyndaky harby mekdebiniň sürüjileriniň hem-de harby okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň kadalary bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çäresi guraldy. Onda harby lukman maýor A.Gubyrowyň, harby awtomobil gözegçiliginiň ýol hereketine gözegçiler wzwodynyň gözegçisi A.Jumaniýazowyň, Polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, maýor A.Saparmedowyň, hünärmenleri taýýarlaýan harby mekdebiň mugallymy D.Öwelekowň, Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginden kapitan M.Gurbanalyýewiň gatnaşmagynda ýol hereketiniň düzgünleri, ýol-ulag hadysalary, olaryň getirýän agyr netijeleri hakyndaky gürrüňler geçirilýän çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.

Hereketiň howpsuzlygy ugrunda

Berkarar döwletimizde her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi raýatlarymyzyň abadan, asuda durmuşda ýaşamagyny gazanmak ugrundaky beýik işleriň bir nusgasydyr. Çünki ýollaryň asudalygyny üpjün etmek, hereket howpsuzlygyny gazanmak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu ugurda öňümizde duran wezipe-borçlary üstünlikli amal etmek maksady bilen, biz sürüjiler bilen düşündiriş işlerini yzygiderli geçirýäris. Şeýle ähmiýetli çärelerde ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmekligiň, ulaglary bellenilen tizlikde sürmekligiň ähmiýetine aýratyn üns çekilýär. Sürüjilere çatryklarda, pyýada geçelgelerde we aýlawlarda berjaý etmeli borçlaryny aýratyn ýatladýarys.

Okuwçy gyzlaryň el işleriniň sergisi

Gökdepe etrabyndaky Annak Sähetmyradow adyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebinde okuwçy gyzlaryň el işleriniň sergisi guraldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli guralan sergi özboluşlylygy bilen tapawutlandy. Onda okuwçy gyzlaryň gadymy nusgalary döwrebaplaşdyryp, döreden dürli görnüşli bezegli ýakalary, kürteleri, çabytlary, tahýalary sergä tomaşa edenlerde aýratyn täsir galdyrdy. Sergidäki gözel görnüşler, gyzlaryň el işleriniň haýran galdyrýan nagyşlary mekdebiň mugallymlarynyň terbiýeçilik babatdaky alyp barýan işleriniň miwesidigini aýdyň görkezdi.

Halkara ylmy maslahat geçirildi

19-20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň guramagynda «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» diýen at bilen halkara ylmy maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň jogapkär wekilleri, topluma degişli edara-kärhanalarda zähmet çekýän hünärmenler, daşary ýurtly hünärmenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdy. Maslahatyň birinji gününde oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda guralan oba hojalyk önümleriniň sergisini synladylar. Soňra «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Ilki bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň oba hojalyk toplumynyň gazananlaryna bagyşlanan sergä we «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Döwletli işler dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli şu gün welaýat polisiýa müdirliginiň Halaç, Hojambaz etraplarynyň polisiýa bölümlerinde, şeýle-de Saýat etrabynyň Garabekewül şäheriniň polisiýa bölümçesinde awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalarynyň gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Körpelere ýol hereketiniň kadalaryny öwredýäris

Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň sagdyn we berk bedenli ösmegini gazanmak üçin uly tagallalar edilýär. Bu işe biz hem netijeli gatnaşýarys. Jemgyýetimiziň hereketjeň bölegi bolan çagalaryň ömürleriniň rahat bolmagyny gazanmak maksady bilen terbiýeçilik ähmiýetli çäreleri giňden ýaýbaňlandyrýarys. Häzirki günlerde guramaçylykly dowam edýän biraýlygyň çäginde körpeleriň arasynda ýol hereketiniň kadalaryna, köçede özüňi alyp barmagyň düzgünlerine bagyşlanan bäsleşik guradyk. Onda körpeler çatryklardan geçmegiň, köçeleri kesip geçmegiň düzgünleri boýunça özleriniň başarnyklaryny görkezdiler. Bu işde bize şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihaty boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň maýory Döwran Jumaýew ýakyndan ýardam berdi. Biz ýol hereketiniň howpsuzlygyny, ömürleriň rahatlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly şeýle çäreleri çagalaryň ene-atalarynyň gatnaşmaklarynda hem yzygiderli guraýarys. Şeýle tagallalar özüniň oňyn netijesini-de berýär.

Wagyz-ündew çäreleri geçirilýär

Ýurdumyzda dowam edýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlap, polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň işgärleri bilen bilelikde etrabymyzdaky orta mekdeplerde wagyz-ündew çärelerini yzygiderli geçirýäris. Hemmeler üçin hem ähmiýetli bolan bu çärelerde edilýän çykyşlarda ýol hereketiniň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, degişli düzgünlere eýerilmeginiň hökmanydygyna aýratyn üns çekilýär. Şeýle hem çykyşlarda pyýadalar üçin niýetlenilen geçelgelerden geçmelidigi, ýoldan geçilende telefon, gulaklyk ýa-da beýleki ünsüňi sowujy enjamlaryň ulanylmaly däldigi nygtalýar. Mekdep okuwçylaryna ýol hereketiniň düzgünleri beýan edilen gollanmalar hem paýlanylýar. Bu işleriň guramaçylykly geçirilmegine «Arkadag» ýaşlar merkeziniň meýletinçileri hem işjeň gatnaşýarlar.

Hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ugur­la­ry kes­git­le­nil­di

17-nji sent­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Fe­de­ral Kans­le­ri Olaf Şols bi­len As­ta­na­da ge­çi­ri­len ikin­ji du­şu­şy­gy­na gat­naş­dy.

23-nji we 24-nji tapgyrlaryň duşuşyklary geçirildi

Fut­bol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Ýo­ka­ry li­ga­syn­da 23-24-nji tap­gyr­la­ryň her­sin­de 3 du­şu­şyk ge­çi­ril­di. 23-nji tap­gyr­da sa­na­wyň li­de­ri «Ar­ka­dag» to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da «Aş­ga­bat» to­pa­ryn­dan 3–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Gol­la­ry Yl­ýas Ça­ry­ýew (43), Ars­lan­my­rat Ama­now (50) hem-de Al­ty­my­rat An­na­dur­dy­ýew (56) ge­çir­di. «Kö­pet­dag» bi­len «Mer­wiň» ara­syn­da­ky oýun­da-da myh­man­çy­lyk­daky to­par ýe­ňiş ga­zan­dy. «Merw» to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren ýe­ke-täk go­ly 90+5-nji mi­nut­da Toý­ly Goç­na­za­row der­we­zä gi­riz­di. Du­şu­şyk­da 8 sa­ry, 1 gy­zyl kart gör­ke­zi­lip, «Kö­pet­dag­dan» Döw­let­my­rat Se­ýit­mu­ham­me­dow 90+5-nji minutda oýun­dan çy­ka­ryl­dy.

AFK-nyň ýaryşlaryna badalga berildi

Azi­ýa Fut­bol Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ady tä­ze­le­nen 2 bäs­le­şi­gin­de 1-nji du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­sy Eli­te ýa­ry­şy edil UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy ýa­ly li­ga gör­nüş­de ge­çi­ri­lip, bu bäs­le­şik­de 12 to­par­ly 2 to­par­ça bar. Gün­ba­tar se­bi­ti­ň 1-nji du­şu­şyk­la­ryn­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň «Al Hi­lal» to­pa­ry 3–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, ýa­ry­şa şow­ly baş­la­dy. Er-Ri­ýad şä­he­ri­niň we­ki­li­ne ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Mi­lin­ko­wiç-Sa­wiç, Kan­se­lo hem-de Leo­nar­do ge­çir­di. Soň­ky çem­pi­on «Al-Ain» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da Ka­ta­ryň «Al Sadd» to­pa­ry bi­len 1–1 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy. Bu ne­ti­je Ro­nal­do­nyň çy­kyş et­me­dik du­şu­şy­gyn­da «Al Nassr» to­pa­ry bilen Yra­gyň «Al-Şor­ta» to­pa­ry­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şyk­da-da ha­sa­ba alyn­dy.

Nä­me üçin top­ra­gyň reň­ki go­ňur?

Eke­ran­çy­lyk ýer­le­rin­de, öri meý­dan­la­ryn­da, adat­ça go­ňur ýa-da ga­ram­tyl-go­ňur top­ra­gy gör­ýä­ris. Nä­me üçin top­rak dün­ýä­niň köp ýe­rin­de şol bir reňk­de? Nä­me üçin top­rak asyr­lar­bo­ýy reň­ki­ni üýt­get­me­di­kä? Ge­liň, top­ra­gyň go­ňur reňk­de bol­ma­gy­nyň syr­la­ry bi­len ta­nyş bo­la­lyň! Dün­ýä­niň köp ýe­rin­de top­rak şol bir reňk­de. Bu ýag­daý bi­ze te­bi­ga­tyň bol­ma­ly ka­da­sy ýa­ly bo­lup gö­rün­ýär. My­sal üçin, as­man gök, Gün sa­ry, ýer go­ňur we ş.m. As­lyn­da top­ra­gyň go­ňur bol­ma­gy ga­lyn­dy­lar­dan ga­lan ug­le­rod bi­len bag­ly­dyr. Adam­la­ryň ýa­şa­ýan ýer­le­ri­niň kö­pü­sin­de, şo­nuň ýa­ly gu­ry ýe­riň köp bö­le­gin­de suw we ösüm­lik bar. Jan­ly-jan­dar­la­ryň ýa­şa­ma­gy bes edip ýe­re ga­ryl­ma­gy, ösüm­lik­le­riň, ot-çöp­le­riň gu­rap top­ra­ga go­şul­ma­gy bi­len ýer­de ug­le­rod eme­le gel­ýär. Ug­le­ro­dyň top­ra­ga ga­ryş­ma­gy bi­len go­ňur reňk eme­le gel­ýär.

Te­bi­ga­tyň iň uly we iň ýyn­dam gu­şy

Daş-tö­we­re­gi­mi­ze ýa-da te­le­ýaý­lym­da­ gör­ke­zil­ýän te­bi­gat bi­len bag­ly gep­le­şik­le­re to­ma­şa ede­ni­miz­de Ýer ýü­zün­de dür­li gör­nüş­li guş­la­ryň ýa­şa­ýan­dy­gy­na göz ýe­tir­ýä­ris. Guş­la­ryň kä­bi­ri suw­da, kä­bi­ri gu­ry ýer­de, kä­si çöl­de, kä­si bol­sa dag­da ýa­şa­ýar. Ola­ryň kö­pü­si uçup bil­ýär, kö­pü­si iň ök­de ýü­zü­ji­ler ha­sap­lan­ýar. Ýer ýü­zün­dä­ki iň tä­sin guş­la­ryň bi­ri hem dü­ýe­guş­dyr. Ola­ryň ara­syn­da Af­ri­ka dü­ýe­gu­şy iň ulu­sy ha­sap­lan­ýar. Bu üýt­ge­şik jan­da­ryň bo­ýu­nyň uzyn­ly­gy 2,5 met­re, ag­ra­my 150 ki­log­ra­ma ýet­ýär. Em­ma bu guş­lar uçup bil­me­ýär. Uç­ýan guş­la­ryň ara­syn­da bol­sa iň ulu­sy tok­lu­taý­dyr. Ag­ra­my 22 ki­log­ram bo­lan bu guş o di­ýen uzak ara­ly­ga uçup bil­me­ýär. Mun­dan baş­ga-da, bu­la­ryň ara­syn­da ag­ra­my 11 ki­log­ram bo­lan kon­do­ry we ag­ra­my 8 ki­log­ram bo­lan al­bat­ro­sy (de­ňiz gu­şy) ag­za­mak bolýar. Af­ri­ka dü­ýe­gu­şy dün­ýä­de iň uzyn we iň agyr guş bol­mak bi­len bir ha­tar­da ýyn­dam­ly­gy bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýar. Bu guş «Straus» ady bi­len bel­li bo­lup, grek di­lin­de «ser­çe-dü­ýe» diý­me­gi aň­la­dyp, köp halk­da oňa dü­ýe­guş di­ýil­ýär. Dü­ýe­guş sa­gat­da 50 ki­lo­metr, käbir ha­lat­lar­da 70 ki­lo­metr tiz­lik­de yl­gap bil­ýär. Berk we ýa­sy iki bar­mak­ly bo­lan bu guş­lar yl­gan­la­ryn­da ädim­le­ri­ni 3,5-4 met­re çen­li aç­ýar­lar.

Ýol he­re­ketiniň täsin düz­gün­le­ri

Ýol he­re­ketiniň ka­da­la­ry dün­ýä­niň köp ýe­rin­de meň­zeş bol­sa-da, kä­bir ýurt­da ýol he­re­ketiniň täsin düz­gün­le­ri­ne ga­bat gel­mek bol­ýar. Bu ýurt­lar­da köp­çü­li­gi geň gal­dyr­ýan tä­sin düz­gün­le­ri bil­mez­den aw­tou­lag sü­rüp bol­ma­ýar. Ge­liň, ýol he­re­ketiniň täsin düz­gün­le­ri­niň kä­bi­ri bi­len ta­nyş bo­la­lyň! Ýa­po­ni­ýa­da hoşamaýlygyň ala­ma­ty hök­mün­de aw­tou­lag sü­rü­ji­le­ri­ne suw syç­rat­mak ga­da­gan edil­ýär. Bu ýurt­da sü­rü­ji­ler ygal­ly gün­ler­de py­ýa­da­la­ra pal­çyk ýa-da suw syç­ra­dyp ge­çip git­se, düz­gü­ni bo­zan­dy­gy üçin ka­nu­ny ýag­daý­da jerime salynýar.

Ýat­keş­li­gi ös­dür­me­giň usul­la­ry

Aça­ry­ňy­zy ýat­dan çy­kar­dy­ňyz­my? Sa­tyn al­ma­ly zat­la­ry­ňy­zyň sa­na­wy­ny öý­de gal­dyr­dy­ňyz­my? Haý­sy­dyr bir wa­ka ýa-da bi­ri­niň ady ýa­dy­ňy­za dü­şe­nok­my? Kä­wagt ýy­gy-ýy­gy­dan şeý­le ýag­daý­lar bi­len ýüz­be-ýüz bol­ýa­rys. Bu ýat­keş­li­giň pe­sel­me­gi bi­len bag­ly bo­lup, bi­ler­men­ler ýat­keş­li­gi ös­dür­me­giň bir­nä­çe usu­ly­ny hö­dür­le­ýär­ler. Ge­liň, bu usul­lar bi­len ta­nyş bo­la­lyň! Gün­de­lik en­dik­le­re fi­zi­ki iş­jeň­li­gi goş­mak. Fi­zi­ki iş­jeň­lik gan aý­la­ny­şy­ny ka­da­laş­dy­ryp, dart­gyn­ly­ly­gy azald­ýar we be­de­ni kuw­wat­lan­dyr­ýar. Şeý­le­lik­de, fi­zi­ki iş­jeň­lik ýa­dyň güýç­len­me­gi­ne kö­mek ed­ýär. Hep­de­de azyn­dan 150 mi­nut çalt ýö­re­mek hem-de hep­de­de or­ta­ça 75 mi­nut yl­ga­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Tür­gen­leş­mä­ge hiç hi­li wag­ty­ňyz ýok bol­sa, gü­nüň do­wa­myn­da 10 mi­nut­lyk ge­ze­lenç edip bi­ler­si­ňiz.