''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

YNAM GÜÝÇLÜMI, YLYM?

OKAMAK HEMIŞE GEREK

Käteler ýaşaýyş üçin ilkinji zerur zatlary ýatlaýarlar: howa, suw.., galan ähli zatlar bulardan soňa goýulýar. Emma şol zerurlyklaryň hataryna goşulmaga mynasyp ýene bir zat bar, oňa Kitap diýilýär. Tehnikadyr tehnologiýanyň hernäçe ösýändigine garamazdan, kitabyň ornuny tutup biljek başga bir gymmatlyk ýok. Okamak – aňyň hem ruhuň iýmiti. Okaýan adamyň dünýäsi giň, ruhy belent, ýüregi kararly bolýar. Onsoňam, her okaýan zadyňdan hökman täze zat öwrenip bolýar, ýogsam şol kitap öňem öwran-öwran okalan bolaýsyn, her gezekde “bäh” diýdirýän täsin bir zadyň, jümläniň, paýhasyň, durmuş wakasynyň üstünden barýaň. Okasaň, köňül gözi ynjalykly, göwün mädäň dok bolýar. Onsoňam, okamak kär-hünär dannaýan zat däl, haýsy ugurda zähmet çekip, der dökýän bolsaňam, iňňän gerekli zat. Öz zähmet çekýän ugruňda kämilleşmek üçinem hökman okamaly. Sebäbi adamyň ruhuny kitap okamakdan üzňe göz öňüne getirip bilemok.

«BEÝIK BINALAR GÖRNER...»

Dünýäde geň-taňlyklar kän. Olar bilen sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly gaýybana tanyşyp oturşyňa merdana halkymyzyň “Ýagşyny görmek – jennet” diýen pähimli sözi ýadyňa düşýär. Ganatly jümleleriň birinde hem “Gözellik gözlerde şöhlelenýär” diýilýär. Emma dünýädäki geň-enaýy binalary synlanyňda, öz gözleriňe ynanjagyňy-da bilmersiň, ynanmajagyňy-da. Kalbyňdaky duýgulary aňlatmak üçin, Magtymguly Pyragynyň “Ol gudrat işlere akyl haýrandyr” diýen setirlerini zybana getirip, özüňden bidin kelläňi ýaýkaberersiň. Bu ýagdaýda il içinde “Hany, onda iýeniň-içeniň özüňki, gören-eşideniňden habar ber!” diýlişi ýaly, dünýäniň geň-enaýy binalarynyň käbiri bilen tanyşdyrmagy makul bildik.

TARYHY ÝADYGÄRLIKLERE BAÝ MEKAN

Italiýa iň gadymy döwletleriň biri hasaplanylýar. Şeýle-de ol dünýä medeniýetine, ylmyň-bilimiň ösmegine önjeýli goşant goşan döwlet hökmünde hem giňden tanalýar. Munuň şeýledigini Italiýanyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni, arheologik ýadygärliklerdir binalary, birnäçe sungat eserleri doly tassyklaýar. BMG-niň düzümindäki ÝUNESKO-nyň sanawyna Italiýanyň 50-den gowrak ýadygärlikleri girýär. Italýan topragynda saklanyp galan bu arheologik we binagärlik ýadygärlikleri köp sanly syýahatçylara taryhy gyzykly wakalary gürrüň bermäge ukyplydyr. Kolizeý. Ilkinji nobatda dünýä jahankeşdeleriniň iň köp barýan ýerleriniň biri bolan Rim şäheriniň täsinlikleriniň hatarynda ozal guwlaryň hem uçmadyk kölüniň ýerinde gurlan Kolizeýiň adyny aýtmak gerek. Bu Rim şäheriniň meşhurlygy boýunça Watikandan soňky ikinji, syýahatçylygy boýunça hem birinji orunda durýan taryhy gymmatlygydyr.

IŇ BAÝ ADAMYŇ IŇ GADYMY SYRY: NÄDIP BAÝAMALY?

IKINJI MELHEM Çykdajylaryňyza gözegçilik ediň

ÝÜREKLERDE ORUN ALAN ŞAHYR

Mundan üç asyr ozal türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde ajaýyp öwrülişik ýüze çykdy. Şol öwrülişik bu dünýäni çeper sözüň güýji bilen baky çoýmak üçin kemala geldi, hut şu işi amala aşyryp hem ýör. Indi üç asyrdan bäri her bir türkmen Magtymguly Pyragynyň ady bilen gepleýär, akyldar şahyryň ady bilen pikirlerini, düşünjelerini beýan edýär. Şeýle bolansoň, nusgawy şahyrymyzyň edebi möhrüne keremli topragymyzyň her ädiminde gabat gelýäris. Bu yz ýüregimize-de çekildi. Onsoň ony toprakdan tapmak asla müşgil iş däl. Magtymguly Pyragy ― hemmeleriň söýgüli şahyry! Ol hemmeleriň göwnünde tagt gurdy. Şonuň üçin hemmeleriň dilinde akyldar şahyryň dür-paýhasa siňen setirleri. Şonuň üçin biz göwünlerimizde-de, ýaşaýan şäherdir obalarymyzda-da beýik akyldaryň heýkellerini dikdik. Paýtagtymyzda bolsa Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur wekiliniň heýkeli bina edilen medeni-seýilgäh toplumy döredildi.

Ýaşlar — ýurduň geljegi, ýaşlyk — ömrüň gülşeni

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli yglan eden «Ýaşlar — ýurduň geljegi, ýaşlyk — ömrüň gülşeni» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

ŞAHYR BILEN ULUS-ILIŇ ARASY

Ülkäm güýz paslynda neneň ajaýyp! Ajap onuň giç açylan gülleri.

KÄDILI GÜÝZ TAGAMY

Güýz paslynyň gelmegi bilen adamyň organizminde witamin zerurlygy ýüze çykyp bilýär. Şol sebäpden gündelik iýmitimizde witaminlere baý bolan önümleri köpräk iýmegimiz hökmandyr. Şeýle önümleriň biride kädidir. Kädiden taýýarlanýan naharlar dürli görnüşli bolup, içi etli howur peçde taýýarlanýan görnüşi köpleriň söýgüsini gazanandyr. Žurnalyň bu gezekki sanynda onuň taýýarlanylyşyny size ýetirmegi makul bildik.. GEREKLI ÖNÜMLER:

«ÝAŞ WASPÇY» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI DOWAM EDÝÄR!

Ahmet GELDIÝEW, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory.

Ýaş waspçy

Gülharman JORAÝEWA, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda yglan eden «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşiginde ««Öm­rü­miň­ ma­ny­sy­nyň ­dowamaty» eserinde ter­bi­ýä­niň ylmy ­esas­la­ry» atly makalasy bilen žurnalyň ýedinji sanynyň ýeňijisi.

PEÝNIRLI TOWUK RULETI

Özüniň ýakymly tagamy we taýýarlanyşynyň ýeňilligi bilen tapawutlanýan towuk ruletini köpler halaýar. Žurnalymyzyň bu gezekki sanynda onuň peýnirli görnüşiniň taýýarlanylyşyny paýlaşmagy makul bildik. Gerekli önümler:

DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI

YNAM Men ony goradym ýaman gözlerden,

OWAZASY DÜNÝÄ DOLAN AWAZA

Türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak özboluşly syrlarynyň bardygyna gojaman Hazaryň ajaýyp kenaryny jähekläp oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny synlanyňda hem aýdyň göz ýetimek bolýar. Ähli ajaýyplyklary özünde jemleýän «Awaza» bu gün dost-doganlygyň mekany hökmünde dünýä tanalýar. Bu syýahatçylyk we şypahana toplumy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ylhamynyň, beýik paýhasynyň gudratydyr. Milli syýahatçylyk zolagynyň ägirt uly taslamasy Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň gurmak, döretmek babatdaky arzuwlaryny ýurdumyzyň giň mümkinçilikleri bilen näderejede sazlaşdyrmagy başarýanlygynyň anyk subutnamalarynyň biri hökmünde dünýä doldy. Şeýle-de, dünýä jemgyýetçiligi Awazany özüniň bagtly şu gününi hem-de aýdyň geljegini gurýan halkymyzyň bu babatda gazanan üstünlikleriniň, ýeten belent sepgitleriniň ajaýyp nyşany hökmünde ykrar edýär. Gysga wagtyň içinde gözelligi we ajaýyp binagärlik keşbi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çeken Awaza täze taryhy döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda syýahatçylygyň merjenine öwrüldi. Berkarar Diýarymyzyň belent sepgitlere ýetmäge ukyplydygyny äleme jar eden bu deňi-taýy bolmadyk taslama giň mümkinçiliklere daýanýar. Hemmeleriň ünsüni özüne çekýän şol şertleriň iň esasylarynyň birem Hazaryň jana tenekar arassa türkmen kenarydyr. Hazaryň bu kenarynyň ekologiýa taýdan arassalygy bolsa dünýäd

GÖWÜNDÄKI DAŞLAR

Şu gün-ä bar zadyň bujurygy artdy. Irden düzüp goýan sagadymyň özi «gapyl galypdyr». Gijä galanym üçin işde berlen temmi hem agyr degdi. Üstesine, ýakyn saýyp ýören bir tanşymyň suwly äkidip, suwsuz getirenine näme diýjek?! Işdeşimiñ warsaky bolsa-da, şoh gürrüňleri hem bu gün gulagyma-da, göwnüme-de ýokanok. Öz ýanymdan «ýerliksiz» hasaplan temminiň öýkesi, tamam çykmadyk dostumyň göwne salan kinesi zerarly çetim gyzyp dursa-da, kimdir birine pürkäýmeli ajymy içime ýuwutdym. Kalbyň göze görünmeýän inçejik tarlary çigin-çigin düwüldi. Göwnüme, kine-kitüwler daşa dönüp, ýüregimiň düýbüne gütüläp düşdi. «Suw akar, daş galar» diýen pähim hem aňymda edil şu mahal görnetin başgaça röwüşe eýe boldy. Wagtyň salymy ýok, emma geçen günlerden kalbymda daşa öwrülen kitüwleriň galandygyny duýdum. Edil çaý gaýnadylýan tüňçede kesmekleriň emele gelşi ýaly, ýüregem kesmek baglaýan eken.

KITAP − DÜNÝÄ SYRYNYŇ AÇARY

Adamlar näme sebäpden kitap okamaga beýle köp ymtylýarlar?! Agaç gabygyndan ýasalan bu sahypalarda ynsany özüne imrindirip biljek neneňsi güýç, neneňsi gudrat barka?! Köneleriň aýdyşy ýaly, “bary-ýogy bäş günlük ömründe” hasabyna jür ynsan oglunyň kitap babatda wagtyny-da, puluny-da tarhandökerlik bilen harçlaýşyna haýran galaýmaly. Belki, bu kitaplarda ömrüň manysy, durmuşyň tagamy bardyr?! Balarylaryň gülden güle gonup, bal taýýarlaýşy ýaly, ynsan hem kitap baryny agtaryp, öz-özüni taplaýar. Türk ýazyjysy Ilber Ortaýliniň bir eserinde ynsanyň aň we beden taýdan ösýän, berkeýän döwri bolan ýaşlyk çagynda kitaby ýakyn hemraňa öwürmegiň has derwaýysdygy hakynda aýdylýar. Kitap okamak çaganyň ýatkeşligini we sözleýşini ösdürmekde, dünýägaraýşyny giňeltmekde uly ähmiýete eýedir. Wagtyňyzy mazmunly geçireýin, akyl käsäňizi pürepürläýin diýseňiz – kitap okaň! Kitap okamak – diňe bir ýaşlykda däl, ähli ýaşda hem derwaýys. Kitap okaň, emma hökman okamalydygy üçin däl-de, her bir jümlesinden netije çykarmak üçin, ruhy lezzet almak üçin okaň!

IŇ BAÝ ADAMYŇ IŇ GADYMY SYRY: NÄDIP BAÝAMALY?

BIRINJI MELHEM Gapjygyňyzy dolduryp başlaň

BAGTYŇ AÇARY

«Bagtyň açary nirede?» diýen sowala her kim özüçe jogap berer. Käbirimiz ony altyn açar, agaç açar, demir açar ýa-da çagalykdan aňymyza ornan Buratinonyň açary ýaly göz öňüne getirmegimiz mümkin. Çünki aňa ir dolaşan düşünjeler, ýadymyzda galan suratdyr keşpler indiki oý-hyýallara, pikirlere, çözgütlere gönezlik bolup, olara mazaly täsirini ýetirýär. Aslynda, bu sowal diňe şu günüň neslini däl, öten-geçen eždatdyr pederleriň hem pikirlerini gurşapdyr. Olaryň bu babatda dürli netijelere gelmeklerine itergi beripdir. Aý-günler we ýyllar, adamzat gatnaşyklary ol düşünjeleri paýhas eleginde üwäp, akyl terezisinde saldarlap görensoň, düşünjeler kämilleşip, agramly garaýyşlar aýyl-saýyl bolansoň, bagtyň açarynyň niredeligi aýan bolupdyr. Ýogsam, şol wagta çenli bu syr ýedi gat deňziň düýbündäki daşyň astyndaky sandykda saklanan döwüň jany ýaly, gaty pynhan eken. Şeýdip, bagtyň açarynyň nämeden ybaratdygy, düzümi, onuň nirede ýerleşýändigi we nähili tapyp bolýandygy hakdaky pikirler barha berkäp ugraýar. Şondan bärem, bu syrdan habarly adamlar, düzgüne laýyk hereket edip, bu açary tapmagyň hötdesinden gelipdirler. Geljegini, görjegini şol esasda gurupdyrlar. Ol açar demirdenem, agaçdanam, polatdan ýa misdenem, altyndan ýa kümüşdenem däl. Alymlaryň aýtmagyna görä, ol dört sany düzümden ybarat: aýdyň maksat, halal zähmet, mäkäm ynam we üznüksiz yhlas. Maksatly adam – iň bagtly adam, ýa-

ÝUNUS EMRÄNIŇ ESERLERINDE RUHY-AHLAK ÝÖRELGELER

Her bir şahyryň edebi mirasy ýaşan zamanasyndan, döwürdeşleriniň ruhy ahwallaryndan üzňe bolmaýar. Onuň şahyrlyk ukybyny bolsa ýaşan jemgyýetiniň medeni derejesi, edebiýatyň ösüş ýagdaýy, alan ylym-bilimi, çeken zähmeti, zehininiň ýitiligi, başarjaňlygy kesgitleýär. Beýik söz ussatlarynyň ählisi-de, ilkinji nobatda, öz halkynyň ruhy gymmatlyklaryna, halk döredijiligine, ýazuwly edebiýatyň oňyn däplerine, şeýle-de beýleki goňşy halklaryň nusgalyk edebi ýörelgelerine eýeripdirler. Halkyň baý edebi mirasyndan geregiçe susup alypdyrlar. Ýunus Emräniň-de şahyrana dünýäsi oguz türkmenleriniň milli-medeni, ruhy-ahlak ýörelgeleri, edebi-çeper däpleri, dil baýlyklary esasynda kemala gelýär. Ýunus Emräniň öz eserlerini oguz türkmenleriniň dilinde ýazandygyny ylmy jemgyýetçilik ykrar edýär. Şahyryň eserleriniň tankydy tekstini taýýarlan türk alymy Mustafa Tatçy onuň hut oguz türkmenleriniň dilinde eser döredendigi barada: «Ýunus Emre XIII asyrda oguz türkmenleriniň sözleşen hem-de ýazan dilinde eser döreden ýazuwly edebiýatyň iň uly wekilidir» diýip belläpdir. Şeýlelikde, Ýunus Emre oguz dünýäsine girelgäniň açaryna eýe bolýar. Ol turuwbaşdan oguz türkmenleriniň sözleýiş we ýazuw dili arkaly il-halkyň ruhuna aralaşýar. Şahyr ýaşlykdan obalarda, ýaýlalarda, dag-düzlerde gonup-göçen oguz taýpalarynyň arasynda önüp ösýär. Ildeşleriniň gün-güzeran ugrundaky başdan geçirenlerine, kesp-kärlerin

KÖŇÜLLERIŇ ŞAHYRY

Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer garaýyşlara, umman ýaly giň we çuň pähim-parasada baýlygy bilen tapawutlanýan döredijiligi diňe bir halkymyzyň arasynda arzylanman, eýsem-de, ol umumadamzat ähmiýetine eýedir. Beýik şahyr çuň mana ýugrulan ajaýyp şygyrlary bilen asyrlaryň dowamynda halkyň kalbynda mynasyp orun eýeläp gelýär. Beýik akyldar ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny akyl eleginden geçirip, milli edebiýatyň baýlaşmagyna ägirt uly goşant goşan şahsyýetdir. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy dünýä edebiýatynyň genji-hazynasy hasaplanylyp, dünýä alymlarynda, edebiýatçylarynda we okyjylarda uly gyzyklanma döredýär. «Pàhim-paýhas ummany-Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmeniň adyny dünýä tanadan gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligini ylmy, edebi taýdan öwrenmeklik halkara derejesinde alnyp barylýar.