Şu gün-ä bar zadyň bujurygy artdy. Irden düzüp goýan sagadymyň özi «gapyl galypdyr». Gijä galanym üçin işde berlen temmi hem agyr degdi. Üstesine, ýakyn saýyp ýören bir tanşymyň suwly äkidip, suwsuz getirenine näme diýjek?! Işdeşimiñ warsaky bolsa-da, şoh gürrüňleri hem bu gün gulagyma-da, göwnüme-de ýokanok. Öz ýanymdan «ýerliksiz» hasaplan temminiň öýkesi, tamam çykmadyk dostumyň göwne salan kinesi zerarly çetim gyzyp dursa-da, kimdir birine pürkäýmeli ajymy içime ýuwutdym.
Kalbyň göze görünmeýän inçejik tarlary çigin-çigin düwüldi. Göwnüme, kine-kitüwler daşa dönüp, ýüregimiň düýbüne gütüläp düşdi. «Suw akar, daş galar» diýen pähim hem aňymda edil şu mahal görnetin başgaça röwüşe eýe boldy. Wagtyň salymy ýok, emma geçen günlerden kalbymda daşa öwrülen kitüwleriň galandygyny duýdum. Edil çaý gaýnadylýan tüňçede kesmekleriň emele gelşi ýaly, ýüregem kesmek baglaýan eken.