KÖŇÜLLERIŇ ŞAHYRY

1 Sentýabr 2024
363

Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer garaýyşlara, umman ýaly giň we çuň pähim-parasada baýlygy bilen tapawutlanýan döredijiligi diňe bir halkymyzyň arasynda arzylanman, eýsem-de, ol umumadamzat ähmiýetine eýedir. Beýik şahyr çuň mana ýugrulan ajaýyp şygyrlary bilen asyrlaryň dowamynda halkyň kalbynda mynasyp orun eýeläp gelýär. Beýik akyldar ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny akyl eleginden geçirip, milli edebiýatyň baýlaşmagyna ägirt uly goşant goşan şahsyýetdir.

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy dünýä edebiýatynyň genji-hazynasy hasaplanylyp, dünýä alymlarynda, edebiýatçylarynda we okyjylarda uly gyzyklanma döredýär. «Pàhim-paýhas ummany-Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmeniň adyny dünýä tanadan gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligini ylmy, edebi taýdan öwrenmeklik halkara derejesinde alnyp barylýar.

Leýla ÖMIROWA
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy