ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ BÄHBIDINE
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyga, parahatsöýüjilige esaslanýan daşary syýasaty täze many-mazmuna eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 23-24-nji oktýabrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde geçirilen «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde ilkinji gezek gatnaşmagy şeýle buýsançly hakykatyň nobatdaky subutnamasy bolup dünýä doldy. Döwlet Baştutanymyzyň sammitde eden çuň mazmunly çykyşy berkarar Diýarymyzyň abraý-mertebesini, şan-şöhratyny has belent derejelere göterdi. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä döwletleri hem-de abraýly halkara guramalary bilen alyp barýan hoşniýetli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy ileri tutýandygyny tassyklaýar. Şol bir wagtyň özünde hem özara bähbitli ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde, dost-doganlygy berkitmekde, dünýä halklaryny birek-birege ýakynlaşdyrmakda döwletimiziň alyp barýan oňyn daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigini alamatlandyrýar. Ata Watanymyzyň halkara derejesinde gazanýan şeýle üstünlikleriniň, eýeleýän belent sepgitleriniň binýadynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýalary esasynda ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzdan gelip çykýan giň mümkinçilikleriň dura