DÖWLETLI DÖWRANYŇ BAGTYÝAR ÝAŞLARY
Ýurdumyzda bolup geçýän beýik özgertmeler, ruhy-medeni we ykdysady galkynyşlar, beýik aň öwrülişigi durmuşyň asyl manysyna, ýaşaýşyň mazmunyna, köňüllerde gül gämikledýän paýhas gözelliginiň maňzyna giňden düşünmäge kömek etdi. Adamlary ruhy-medeni taýdan galkyndyrdy. Ata-babalarymyzyň taryhdaky şöhratyna bolan buýsanç bu günümiziň belentligi bilen utgaşyp, watansöýer nesilleriň kemala gelmegine uly goşant goşdy. Dünýä durmuşynda eý görülýän zatlar az däl. Hersiniň gadyr-gymmatyna görä olaryň mertebesem, sylagam artyp gidýär. Adam balasy islendik zadyň bahasyny, gymmatyny şol zatlaryň öz durmuşyna — düýnüne, şu gününe we ertesine näderejede gerekdigine, zerurdygyna görä kesgitleýär. Ýürege ýakyn närsäni ileri tutýar. Süňňüniň, köňlüniň mährini, ýylysyny şoňa bagyş edýär. Şol gözellikde özüniň bagtyny, kämilligini, dowamatyny görýär. Çünki adamzadyň bakylyga ulaşasy gelýändigi gizlin däl. Özi bezenmese-de, begenmese-de, şony bezäsi, begendiresi gelýär. Geljege ynamly taýýarlaýar. Hatyrasy belentden tutulýan bu gymmatlyga nesil diýilýär.