Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, halypa Orazguly Annaýew bilen taýýarlanylýan «Bagtyýarlyk ylhamy» atly döredijilik gepleşigi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde her hepde «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynda ildeşlerimize ýetirilýär. Onda döwrüň sesine öz sesini goşýan, Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden kalplary ylhamly, zehinli ýaşlaryň döredijiligi ýaýlyma berilýär. Gepleşikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar hakyndaky aýdan sözlerini, sargytlaryny her demde duýup ýaşaýan, döwürden ylham alýan ýaşlar öz ýazan goşgularyny okaýarlar. Şeýle-de, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary mukaddes Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy, ýurdumyzda gazanylýan ösüşleri wasp edýän döredijilik işleri barada giňişleýin gürrüň berýärler. Halypa Orazguly Annaýew ýaş şahyrlar bilen döredijilik gepleşiginde döwrümiziň edebiýaty, olaryň goşgulary barada özara sorag-jogap alyşýar. Gepleşigiň mazmuny hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi täze belentliklere çykarmaga, okamaga, döretmäge, zähmet çekmäge döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleriniň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan halypa-şägirtlik ýolunyň dowamat dowamdygyny çeper sözüň üsti bilen açyp görkezýär.