''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

HALK MASLAHATYNYŇ SAÝTY – HALKYŇ SÖÝGÜLI SAÝTY

www.maslahat.gov.tm Türkmenistanda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahatynyň resmi saýty ýakynda döredilendigine garamazdan, özüniň okyjylarynyň köplügi bilen halkyň iň islegli saýtyna öwrüldi. Bu, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk edýän Halk Maslahatynyň halka näderejede ýakyndygyndan gelip çykýar. «maslahat.gov.tm» salgysynda ýerleşýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň saýtynyň esasy aýratynlygy hökmünde, saýtda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän ylmy we çeper eserleriň ählisini okamaga mümkinçiligiň bardygyny aýdyp bolar. Milli Liderimiziň her bir aýdan sözüni mizemez ýolýörelge edinýän halkymyz üçin bu ajaýyp eserler bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlyklardyr. Şeýlede, «maslahat.gov.tm» saýtynda Türkmenistanyň Kanunla ry hem ugruna görä, tertip boýun ça ýerleşdirilip, olaryň arasynda özü ňe degişli, özüňi gyzyklandyrýan bölegi tapyp okamak örän oňaýlydyr. Elbetde, internet saýtlarynyň umumy maksadyna laýyklykda, «maslahat.gov.tm» saýty halkymyzyň durmuşyny hasda gowulandyrmakda, ýurdumyzy mundan-da belent sepgitlere ýetirmekde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri hakyndaky habarlary hem gyzgyny bilen okyjylara hödürleýär. Ata Watanymyzyň buýsançly şu gününden, ýalkymly ertirinden söz açýan «maslahat.gov.tm» saýtyndaky ajaýyp fotosuratlary synla

FUTBOL FILOSOFIÝASY

«MENIŇ FILOSOFIÝAM ÖRÄN ÝÖNEKEÝ: TOP BIZDE, DIÝMEK, ÝEŇIŞ BIZIŇKI».  Hose Pep GUARDIOLA, «Mançester Sitiniň» baş tälimçisi.

THE FIRST WEALTH IS HEALTH

On April 7, 1950, the World Health Organization (WHO) celebrated the first World Health Day to draw attention to specific health topics of concern to people all over the world. World Health Day is observed in our country that declared April as the Month of Health. Bicycle rides and carfree days are the major events held on April 7.  Many activities and competitions in chess, volleyball, football, basketball and many       other sports mark World Health Day in our country. Health — is the most important thing in human life. People should keep themselves healthy. Health determines the quality of human life. Our age, appearance, beauty, psychology and motivation for life depend on our health. It is priceless. If you lose it, you will never get it back. Staying healthy is not an option, this isarule foralong and happy life. The fundamental laws of good health are linked to the food we eat, physical activity we engage in, personal hygiene, rest and relaxation. A healthy person is selfassured, gregarious and lively. A healthy person perceives things calmly and objectively. What can we do to stay healthy?

SUNGAT MAŞGALASYNDA ŞINELÄN ZEHIN

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Döwran Şammyýew bilen söhbetdeşlik Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap derejede ylym-bilim almagy, hünär öwrenmegi, daşary ýurt dillerini özleşdirmekleri, häzirki zaman tehnologiýalary, sport, medeniýet we sungat ýaly dürli ugurlarda öz ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekleri, döredijilik zehinini artdyrmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda edilýän tagallalar öz ajaýyp miwelerini hem berýär. Biz muňa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkyny şy döwrüniň batly gadamlaryndan, ösüşli menzillerinden ruhlanyp, saýlap alan hünär ugurlarynda döredijilikli zäh met çekýän we uly üstünlikleri gazanýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlarymyzyň mysalynda has-da aýdyň göz ýetirýäris. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 5-nji ýyl talyby Döwran Şammyýew hem şeýle ýaşlaryň biri. Şu ýylyň 29 — 31-nji marty günlerinde Koreýa Respublikasynda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde berlen konsertlerde ýurdumyzyň meşhur sungat ussatlary bilen bir hatarda çykyş eden 22 ýaşyndaky bu zehinli watandaşymyzyň iňlis we koreý dillerinde ýerine ýetiren aýdymlaryny koreýaly tomaşaçylar gyzgyn elçarpyşmalar bilen garşyladylar.

KITAP— KÄMILLIGE ÝOL (Harby psihologyň gündeliginden)

Günüň dowamynda iň bolmanda 6 minut okamak adamyň 68 göterim nerw dartgynlylygynyň derejesini gowşadýar Alymlar günde irden işe başlamazdan öň 15 — 20 minut kitap okamagyň işde ünsüňi jemlemäge täsiriniň uludygyny aýdýarlar.

KANAGAT ÜLKESI

Her bir adam bu durmuşda islendik bir zada ýetmek üçin öz öňünde maksat goýýar. Akyldaryň belleýşi ýaly, maksatsyz ömür ýaly biderek ýaşaýyş ýokdur. Ynsanyň jemgyýetdäki ähmiýeti ömrüne many çaýyp bilýänliginde, öňünde maksat goýup bilýänliginde hasaplanylýar. Munuň üçin bolsa, ilkinji nobatda, sabyr kanagat, soňra arzuwumyt, ynam yhlas, töwekgellik, maksada okgunlylyk gerekdir. Biziň her bir edýän hereketlerimiz, durmuşymyz üçin ähmiýetli bolan saýlawlarymyz biziň özümizde jemleýän gymmatlyklarymyzyň netijesidir. Emma şeýle gymmatlyklar dürli dürli närselerimiz bolup biler. Ähli ynsanlar üçin jan saglyk, agzybirlik, rysgaldöwlet iň ýokary gymmatlyk hasap edilýär. Meniň pikirimçe, ynsana bagyş edilen esasy gymmatlyklaryň biri hem kanagatdyr diýip hasaplaýaryn. Çünki biziň gözýetimimize sygmaýan çäksiz belentlikde aýaklarymyz bilen ýetip bilmeýän menzillerimiz...«Kanagat ülkesi» atly ýerde ýerleşýär.

KALBYMYŇ SÖÝESI WATAN (ÇEPER OÝLANMA)

Men seni bagta deňeýän, eziz Watan! Watan, seniň depe-düzleriň ýüregimiziň kanagaty, arzuwlarymyzyň ak aty. Arzuwlara püre-pür gursagymda Saňa bolan çäksiz söýgi möwç urýar. Gahryman Arkadagymyzyň ajap başlangyçlarynyň röwşen günlerini ykbalymyza ýar edýän Arkadagly Serdarymyzyň tutumlary tarypa mynasyp, başlangyçlary badalgalydyr. Hut şonuňüçinem, läle reýhanWatanym, at owazaň ösüşli ýurt hökmünde barha we barha uly şöhrata eýe bolýar. Seniň mermer binalaryň Günüň şuglasy bilen bäsleşýär. Owadan binalar ynsanlaryň göterilen bagtynyň alamaty bolup, uzaklardan seleňläp görünýär. Men seni bagta deňeýän, ezizWatan! Çünki her türkmeniň, örkünde duran ajap arzuw—bagtaýetmek diýlen düşünje seň jemalyň bilen bitewüdir, jan Watan!Şonuň üçin, seniňherbirraýatyňbagtadahylly,herbirperzendiňbagtyýardyr. Men Sende doguldym, Sende ösüp kemala geldim, mähriban Watan! Ajap günleriň takdyryma ýardygy üçin,ykbalymdan diýseň minnetdar! Şeýle derejeli ýurduň raýaty bolup dünýä inendigime örän buýsanýaryn. Çünki ynsanWatan bilen diridir,Watan bilen mertebelidir. Aksazaklaryň, guba selinleriň, ojardyr çerkezleriň mekany bolan Garagum sährasynyň ümsümlige utgaşyp gidýän giňgujagynda dünýäniň manysy ýerleşýändir.Ýazylyp ýatan giňiş meýdan,ürgün ürgün çägeler tebig

MILLI OÝUNLAR— TERBIÝE MEKDEBI

«Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýlen parasatly jümlä eýerýän ata-babalarymyz ähli döwürlerde-de nesil terbiýesine uly ähmiýet beripdirler. Ýaş nesli watançylyk, halallyk, agzybirlik, zähmetsöýerlik ýörelgeleri esasynda terbiýelemekde türkmen milli oýunlarynyň ähmiýeti uludyr. Halkymyzda çaga ýaňy aýak bitip başlan döwründen dürli hereketli oýunlary oýnatmak arkaly milli häsiýetlerimiz esasynda terbiýelenýär. Şeýle asylly häsiýetler nesilden nesle geçip, häzirki wagtdada dowam etdirilip gelinýär. Türkmen maşgalasyna agzybirlik, birek-birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek ýaly ýagşy gylyk-häsiýetler mahsusdyr. Halkymyzyň ahlak bilen baglanyşykly kada-kanunlarynyň içinde çaga terbiýesi bilen baglylary aýratyn orny eýeleýär. Maşgalada berlen terbiýäniň esasynda perzent diňe bir ata-enesine däl, eýsem, ulus-ile peýdaly ynsan bolup ýetişýär. Akyldarlarymyz çaganyň terbiýesine ýaşlykdan ähmiýet bermegi ündäpdirler. Ataene öz perzendine terbiýe berende onuň oýnaýan oýunlaryny hem ünsden düşürmeli däldir. Halkymyz çaga oýunlarynyň tälimterbiýe bilen bagly bolmagyny gazanypdyr. Milli oýunlarymyzyň her birinde çagalaryň geljekki durmuşynda peýdaly boljak endikleriň kemala getirilmegine üns berilýändigi hem bu hakykaty tassyklaýar. Çagalaryň oýun oýnamaklary diňe bir wagty gyzykly geçirmek bolman, eýsem, belli maksada gönükdirilen pedagogik çemeleşmedir. «Aýterek Günterek»

KÜŞTÜŇ GOŞA LÄLESI

9 ýaşynda dünýäniň, henize çenli 30dan gowrak gezek Türkmenistanyň çempiony bolan dänewli küştçi gyz Lala Şöhradowa we onuň yzyna eýerýän dogany, dünýäniň wiseçempiony, şu ýyl bolsa ilkinji gezek Türkmenistanyň Ýokary ligasynda çykyş etmäge hukuk gazanan Leýla Şöhradowa barada giňräk bir zat ýazmak maksady bilen amatly wagt gözleýärdim. Şol wagt meniň özümde näçe diýseň bar, ýöne Laladyr Leýla ýylyň başyndan bäri ýaryş yzyna ýaryşa gatnaşdy. Tüweleme, aglabasynda-da ýeňiji boldular. Onsoň bu zehinli küştçüler barada ownuk habarlar bilen çäklenip boljak däldi. Ine, bir gün hem gökdäki dilegim ýerde gowuşdy. ―Alo,redaksiýamyka?

GOPUZ ALYP, BEÝIK NAGRA ÇALDYRSAM

Gopuz dünýä halklaryna iň köp ýaýran saz gurallarynyň biridir. Gopuz inçe demir ýa-da polat zolajygyndan ýasalýar. Onuň aşak tarapy üçburçluk      şekilinde bolup, parallel uzalyp gidýän taraplary, ortarasyndan ujy gaňyr çakly, inçe- den ýukajyk, maýyşgak «diljagaz» polat zolajyk kebşirlenilýär. Gopuzyň sesi owadan, ýakymly, tembri hem ýumşakdyr. Ony iki alyn dişleriň arasynda gysyp, diljagazy hem  süýem barmagyň bilen özüňe tarap çirtip çalynýar.

«BEREKETLI TÜRKMEN SAÇAGY»

ÝAGLY PETIR TAÝÝARLAMAK ÜÇIN GEREKLI ÖNÜMLER:

TÄSINLIKLER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

Ynsanyň ruhy dünýäsi elmydama gözellige, täsinlige teşne. Dünýädäki täsinlikleri bilmek, öwrenmek ruhy dünýämizi baýlaşdyrýar. Ýaş nesilleri dünýäniň täsinliklerinden habarly etmek maksady bilen, žurnalymyzyň şu sanynda dünýädäki käbir täsinlikler barada gyzykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik. IŇ KIÇI KITAPHANA

ÝAŞLYK DEPDERÇÄMIŇ AJAÝYP SAHYPASY

Meniň mawy gözli şazadam! Seniň barlygyňda yşk, söýgi, bagt diýen üç sözüň ömrümi bezeýändigini öwgüli sözlerim bilen beýan edesim gelýär. Sen maňa ykbalyň peşgeşi! Saňa duşup, men yşkyň barlygyna, söýginiň gudratyna, bagtyň lezzetine düşündim. Sen bilen eden ilkinji söhbetimizi ýatlanymda, sen hakda ýaşlyk depderçäme ýazan ýazgylarymy okanymda duýgularym täzelenýär. Ömrümiň iň owadan baharynda ykbalyma öwrülip gelen günüň men täze arzuwlar bilen ganatlandym. Ýaşlygymyň ýatlamalarynda iň gowy pursatlar, iň süýji söhbetler sen bilen bagly ekeni. Depderçämde durmuş gurjak bagtly günümize garaşyp ýazan ýazgylarym meni şol ýyllaryň goýnuna atardy:

DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI

OBAM Sen hakda, bu söhbetdeşsiz söhbedim,

ŞYGRYÝET BAGYMYZYŇ TER ÇEMENLERINDEN

Halkyň dili çeperçilik serişdelerine örän baýdyr. Ol serişdeler jaý ýerinde ulanylan mahalynda pikiriň obrazlylygy, täsirliligi hasda güýçlenýär. Edebi eserlerde çeperçilik serişdeleriniň hyzmaty hasda uludyr. Çeper eseriň obrazlylygyny kesgitleýän esasy zat — obrazly mazmun hasaplanýar. Emma eseriň çeperçilik derejesiniň ýokary bolmagynda diliň obrazly aňladyş serişdeleriniňde hyzmaty az däldir. Diliň deňeşdirme, parallelizm, trop, meňzetme, metafora, metonimiýa, sinekdoha, giperbola, litota, inwersiýa, gaýtalama, gradasiýa, ritoriki sorag we ritoriki ýüzlenme ýaly giňden ýaýran çeperçilik serişdelerini ulanmak bilen, söz ussady eseriniň obrazlylygyny hasda artdyrýar, suratlandyrýan hadysalaryny ähli öwüşginlikleri, manylary bilen göz öňüne geler ýaly edip şekillendirýär. Terjimeçileriň arasynda «Ussat şahyr,ussat terjimeçi islendik şahyryň goşgularyny, poemalaryny terjime edip biler, ýöne her bir goşgy ýazyp bilýän kişi ussat şahyryň eserini gowy hilli terjime edip bilmez» diýilýär. Şygryýeti terjime etmek, edil gülleri göçüren ýaly, seresaplylygy talap edýär. Hut şonuň üçin hem, terjimäniň ussady Ýuriý Kuznesowöz dünýä edebiýatyndan eden terjimelerini «Göçürilen güller» diýip atlandyrypdyr. Şygryýetiň terjimesi hakynda ussat şahyrymyz Kerim Gurbannepesow şeýle ýazypdy: «Elbetde, poeziýa diýilýän zatda, ilkinji nobatda,söz terjime edilýär.Ýöne goşgynyň ysy, reňki,şöhlesi hem

Welosiped (hekaýa)

Welosiped sürmegi çagalykdan gowy görýärdim. Ýöne gowy göreniň, höwes edeniň bilen bolaýýarmy?! Ony sürüp öwrenmegem geregä. Ilkinji gezek sürüp göreniňde ýykylaýsaňa, eslije wagtlap welosipediň golaýyndan barmaga gorkup ýörmegiňem bolup biläýjek ýagdaý. Ilkinji welosipedimi alyp berişleri şu günki ýaly ýadymda. Kiçijik, gapdallary söýget tigirçeklije welosiped. Bäş bilen alty ýaşyň aralygyndaky gyzjagazlarynyň şondanam ýykylaýmagyndan ätiýaç edip, ejemdir kakam uzynly gün ýanymdan aýrylmandylar. Şol gün menden bagtly çaga ýokdy. Sebäbi töweregimizdäki deňduşlarymyň arasynda meniňki ýaly owadan welosiped başga ýokdy. Ýöne kän wagt geçmänkä, deňduşlarymyzyň ählijesi meniňki ýaly welosipedli boldy. Men muňa örän begendim. Sebäbi, birinjidenä, ýekeje özüň welosiped sürüp ýörmek içgysgynç, ikinjidenem, welosipedimi Maýsa ýaly joralaryma arasynda sürmägede bermeli bolýardym.

WATANÇY ZENAN üstünlikleriň basgançagynda...

«Ynsan hemişe kämillige ymtylýar. Kämillik bolsa mertebe we derejedir» Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda «Esger» gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Goranmak ministrli gi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde geçiren «Watan — pederleriň baky mirasy» atly döredijilik bäsleşiginde, «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň Aşgabat şä her tapgyrynda, «Ýylyň iň gowy harby psihology» atly bäsleşiginde, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň çäginde geçirilýän sport bäsleşiklerinde hem baýrakly orunlara eýe boldum.

TÜRKMENÇILIK – YNSANPERWER ÝÖRELGELERIŇ GÖZBAŞY

Ýaşlary watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, olaryň döwür bilen aýakdaş gadam basmagynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi edep-terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär. Ynsanyň gadyr gymmaty, adam mertebesi bilen baglanyşykly her bir halkyň döreden ýaşaýyş durmuş ýörelgeleri jemgyýetiň ruhy ahlak keşbini, özboluşlylygyny özünde şöhlelendirýär. Dana pederlerimiziň ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgesi nesil terbiýelemegiň kämil mekdebi bolup durýar. Durmuşda mynasyp ornuňy tapmak, ile goşulmak,özüňde ilhalar häsiýetleri kemala getirmek asyrlaryňsynagyndan geçen terbiýe mekdebiniň özenidir. Il arasynda ýazylmadyk kanuna öwrülip, aňymyza mäkäm ornap giden «türkmençilik» diýen mukaddes düşünje, edep terbiýäniň, halkymyzyň adamkärçilik sypatlarynyň mizan ölçegi bar. «Ilimgünüm bolmasa, Aýym Günüm dogmasyn» diýýän halkymyz adamyň gadyr gymmatyny, durmuşynyň mazmunyny ile garylyp gatylyp gitmekde görýär. Ynsan göwnüni ýykmagy öwlüýä kesek atmak bilen deň görýän pederlerimiziň durmuş ýörelgesinde adamyň gadyr gymmaty başgaça. Ata-babalarymyzyň dilden dile geçen pähimlerinde adamyň gadyr gymmaty, onuň durmuşda tutýan orny bilen baglanyşykly meseleler giňden açylyp görkezilýär. «Ýagşy adam ýatdan çykmaz», «Älem içre adam gezmez, at gezer», «Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan», «Adam görki — akyl, söz görki — nakyl» ýaly nakyll

MEDENI MIRASYMYZDA KEŞDEÇILIK SUNGATY

Ogulabat ejäniň on barmagynyň hünäri, keşdeçilik sungatynyň naýbaşy nusgasy bolan, 1971-nji ýylda sünnälenip bejerilen kürte 2021-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşuryldy. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, Arkadagly Serdarymyzyň mähriban enesi Ogulabat eje milli gymmatlyklarymyzyň döwrebap derejede ösdürilmeginde, halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýörelgeleriniň dowam etdirilmeginde,el işlerine juda ussat halypa hökmünde bu beýik sungaty nesillere geçirmekde, mynasyp şägirtleri ýetişdirmekde taýsyz hyzmatlary bitirdi. Ogulabat ejäniň on barmagynyň hünäri, keşdeçilik sungatynyň naýbaşy nusgasy bolan, 1971-nji ýylda sünnälenip bejerilen kürte 2021-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşuryldy. Ogulabat ejemiziň bu ajaýyp el işi kalbymyzda egsilmez buýsanç döretdi, öçmejek yz galdyrdy. Mähriban enäniň asylly zähmeti, elinden çykan el işleri döwrümiziň ýaşlary üçin, aýratynda, türkmen zenanlary we gelin-gyzlarymyz üçin görüm göreldedir,bahasyz nusgadyr. Dünýä medeniýetiniň ösüşine goşant goşan gadymy senetleriň biri saýylýan milli keşdeçilik sungaty türkmen gelin-gyzlarynyň arasynda giňden ýaýrandyr. Keşdeçilik sungaty barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «...Gaýmany, keşdäni, göldür nagşy döredip, dünýäni haýran eden türkmen zenanynyň on barmagynyň

GALYNDY DUZLARDAN ZYÝANSYZLANDYRYJY ÖNÜME ÇENLI

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň himiki tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy Batyr Atdaýew ylmy gözlegleri geçirip, Garlyk kaliý dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynda galyndy bolup galýan duzlardan zyýansyzlandyryjy serişdäni öndürip boljakdygyny subut etdi. Ýer ýüzünde bakteriýalara garşy sabynlaryň ýüzlerçe görnüşi bar. Sabynyň şeýle görnüşini taýýarlamakda esasy ulanylýan düzüm bölekleri triklozan bilen triklokarbandyr. Ýaş alym Türkmenistanda (megerem, dünýäde) ilkinji bolup, adaty sabyna bakteriýalara garşy durýan häsiýeti bermek üçin erik ýapragyndan peýdalandy.