TÜRKMENÇILIK – YNSANPERWER ÝÖRELGELERIŇ GÖZBAŞY

4 Maý 2023
868

Ýaşlary watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, olaryň döwür bilen aýakdaş gadam basmagynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi edep-terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär.

Ynsanyň gadyr gymmaty, adam mertebesi bilen baglanyşykly her bir halkyň döreden ýaşaýyş durmuş ýörelgeleri jemgyýetiň ruhy ahlak keşbini, özboluşlylygyny özünde şöhlelendirýär. Dana pederlerimiziň ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgesi nesil terbiýelemegiň kämil mekdebi bolup durýar. Durmuşda mynasyp ornuňy tapmak, ile goşulmak,özüňde ilhalar häsiýetleri kemala getirmek asyrlaryňsynagyndan geçen terbiýe mekdebiniň özenidir. Il arasynda ýazylmadyk kanuna öwrülip, aňymyza mäkäm ornap giden «türkmençilik» diýen mukaddes düşünje, edep terbiýäniň, halkymyzyň adamkärçilik sypatlarynyň mizan ölçegi bar. «Ilimgünüm bolmasa, Aýym Günüm dogmasyn» diýýän halkymyz adamyň gadyr gymmatyny, durmuşynyň mazmunyny ile garylyp gatylyp gitmekde görýär. Ynsan göwnüni ýykmagy öwlüýä kesek atmak bilen deň görýän pederlerimiziň durmuş ýörelgesinde adamyň gadyr gymmaty başgaça. Ata-babalarymyzyň dilden dile geçen pähimlerinde adamyň gadyr gymmaty, onuň durmuşda tutýan orny bilen baglanyşykly meseleler giňden açylyp görkezilýär. «Ýagşy adam ýatdan çykmaz», «Älem içre adam gezmez, at gezer», «Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan», «Adam görki — akyl, söz görki — nakyl» ýaly nakyllarda halkymyzyň ynsanperwer durmuş ýörelgeleri beýan edilýär. Älemiň ähli saýýaralarynyň Günüň daşynda hereket edişi ýaly, dünýädäki ähli närseler hem adamzadyň durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Bu hakda Gündogar edebiýatynyň görnükli wekili Omar Haýýamyň bir rubagysynda şeýle täsirli pikir ýöredilýär: Adamzatdyr ähli mahlugyň başy, Zyýadadyr onuň akyly, huşy, Dünýä tegelegi bir ýüzük bolsa, Ynsandyr bezegi—zynaty,gaşy. Şahyryň şeýle mazmundaky pelsepewi pikirlerini goldan türkmen nusgawy şahyrlarynyň döredijiliginde hem adam we dünýä, olaryň özara ruhy baglanyşygy hakyndaky gadymy hem-de hiç mahal könelmejek pikirler, garaýyşlar öz beýanyny tapýar. Magtymguly, Zelili, Seýdi, Nesimiýaly nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde halkymyzyň ynsanperwerlik ýörelgeleri, edep kadalary çeper beýan edilýär. Nesimi: «Adam hemişe dogry sözlese, onuň ýoly aýandyr» diýen pikiri öňe sürýär. Magtymguly atamyzyň döredijiliginde ruhy ahlak gymmatlyklary öwüt nesihatlaryň üsti bilen beýan edilýär: Ýagşylykda ile özün tanadan, Alkyşalyp, derejesi zor bolar. Akyldar Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna sygynýan halkymyz söze keramat hökmünde garaýar. Şahyryň şygyrlarynyň il arasynda terbiýeçilik mekdebi, durmuş ýörelgesi hökmünde kabul edilendigine biz her pursatda şaýat bolýarys. «Magtymguly şeýle diýipdir...», «Bu hakda şahyryň şeýle setirleri bar...» ýaly jümleleri biz hälişindi eşidýäris. Käte pikirimizi delillendirmek üçin, özümizden bidin şahyryň şygyrlaryndan mysal getirenimizide duýman galýarys. Bu şahyryň tutuş halkyň ruhyýetini, ynsanperwerlik durmuş ýörelgesini öz döredijiligine siňdirip bilendiginiň alamatydyr. Özüniň öňdengörüjiligi, ilhalk bilen ýürekdeşligi, welilik äheňleri bilen beýleki nusgawy şahyrlardan saýlanýan dana Pyragynyň döredijiligi halkymyzyň bibaha edebi hazynasy bolup, ol pederlerimiziň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren ruhyahlak kadalarynyň dürdänelerini özünde jemleýär. Şahyr dostlugyň, dogruçyllygyň, agzybirligiň we beýleki gowy häsiýetleriň her bir türkmende terbiýelenmegini isläpdir. Ýaşlary watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, olaryň döwür bilen aýakdaş gadam basmagynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi edepterbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär.

Baýrammuhammet ATANEPESOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.