''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

ÝAŞ SURATKEŞLERIŇ DÖREDIJILIGINDE TÜRKMEN BEDEWI

Dünýä ýüzüni haýran galdyrýan türkmen bedewini beýan etmäge käte sözler ejiz gelýär. Şöhratly düşünjeleri özüne siňdirip, kämil duýgular, parasatly setirler, has düýpli, hemmetaraplaýyn alamatlary bilen suratlandyrylýar. Çünki Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň: «Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýen parasatly setirleri elmydama hakydada ýaşaýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi we dünýäniň ösen tejribelerine, kämil ylma çuňňur aralaşmaklary, milli sungatyň hasam ýokary sepgitlere ýetmegi üçin ähli döredilýän zerur şertler binýatly ösüşleriň kepilidir. Bu ösüşleriň özeninde bolsa ýaşlaryň bähbidi bar. Häzirki döwürde ýaşlaryň ylymterbiýesinde milli mirasymyza sarpa goýmagyny, ata-babalarymyzdan galan gymmatlyklarymyza, ýagny türkmen ahalteke bedewleriniň gadyr-gymmatyna düşünmeklerini gazanmak esasy wezipeleriň biridir. Bedewlerimiziň gymmatyny halkymyza ýetirmekde sungat ussatlarynyň hem mynasyp orny bar. Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň, milli guwanjymyz bolan türkmen bedewiniň keşbi edebiýat we sungat eserleriniň üsti bilen giňişleýin we çuňňur wasp edilip başlandy. Türkmenistanyň nakgaşçylyk sungatynda türkmen bedewleriniň keşplerini şekillendirmek giň gerime eýe boldy. Bu asylly işlere ýaş nakgaşlaryň goşandy hem ul

BILIMLI ÝAŞLAR — beýik we şöhratly geljek

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini mundan beýläkde dowam etdirmek üçin geljegimiz bolan ýaşlaryň hemme taraplaýyn ösen,ruhytaýdan sagdyn, işbaşarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri döwrüň iň zerur zatlarynyň biridir. Türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi döwrümiziň iň möhüm ädimleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiz giň we uly mümkinçiligi bolan, gujur gaýraty, maksada okgunlylygy bilen tapawutlanýan, ýurduň ygtybarly daýanjy hem guwanjy bolan ýaşlaryň päk terbiýe, döwrebap bilim almagyna aýratyn üns berýär. Okumyş, giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ýaşlary taýýarlamaga we terbiýeläp ýetişdirmägeukyply ösen bilim ulgamyny halkyň eşretli durmuşda ýaşamagynyň çeşmesi hasap edýär, ýaşlary hemme taraplaýyn goldaýar.Olara döredijilik hyjuwlaryny durmuşa geçirmek üçin ähli şertleri döredýär.Şonuň üçin Hormatly Prezidentimiz özüniň ýokary döwlet wezipesindäki işini ozaly bilen milli bilim ulgamyny düýpli täzelemekden, ösüp gelýän ýaş nesli okatmagy we terbiýelemegi kämilleşdirmekden, olary häzirki zaman siwilizasiýasynyň kadalaryn aram etdirmekden başlady. Arkadagly Serdarymyz ýaşlar bilen duşuşan wagty ýurtda alnyp barylýan işler we öňde duran meýilnamalar barada olar bilen söhbe

REMEZAN AÝY HEM ONUŇ MÜŇ BIR SOGAPLY GADYR GIJESI

Haýyr sahawatyň dabaralanýan Oraza aýynyň esasy häsiýetleriniň biri agyz beklemek bolup, saglygyňy berkidip, köňül rahatlygyňa eýe bolmak aýy. Oraza tutýan adam iýmitden saklanyşy ýaly, ýaramaz häsiýetlerden, biweç endiklerden hem gaça durmagy parz bilýär. Bu bolsa adamlaryň ruhy taýdan terbiýelenmegine ýardam edýär. Ir bilen selälik edinmegiň, giçlik bellenen wagtda üýşüp, maşgala agzalaryň bilen bilelikde naharlanmagyň netijesinde, ýagşy dogadilegler bilen ýurt abadançylygynyň, il agzybirliginiň, rysgalbereketiň arzuw edilmegi şolaryň esasy özeni bolup durýar. Remezan aýynda sadaka bermek rowa görülýär. Şeýle hem bu aýda haýyryhsan, ybadat, zikir, oraza tutýanlara selälik hemde agzaçar bermek, her gijede tarawa namazyny okamak sünnet hasaplanylýar. Oraza tutmagyň ynsanyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyna ýetirýän täsiri, ähmiýeti, Oraza baýramynyň biziň döwletimizde bellenilişi we bu aý bilen baglanyşykly beýleki däpdessurlar barada Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda hem gyzykly maglumatlar bar. Bu kitapda Oraza aýy we onuň ähmiýeti Kurany Kerimiň aýatlaryna, Muhammet pygamberiň hadyslaryna, Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerine salgylanyp, düşnükli we täsirli dilde, ygtybarly ylmy maglumatlar esasynda beýan edilýär. Mübärek aýyň başlanmagy bilen hormatsylagyň artmagy, tutuş jemgyýetçilik gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Remezan aýynyň ýene bir aýratyn tapa

SAGDYN HEM SALAMAT BOLUŇ! PÄKLIKDEN ALAMAT BOLUŇ!

Aslynda, saglyk diýlen düşünje örän köptaraplaýyn bolup, adamyň içki we daşky ýagdaýyna esaslanýar ýa-da umumy kesgitleme bilen aňladylmaly bolsa,fiziki näsazlyklarynyň we keselleriniň ýokdugyna garamazdan,adamyň jemgyýet, daşky we içki ýagdaýy doly derejede üpjün bolmasa oňa sagdyn diýip bolmaýar.  Diýmek,adamyň aňynyň—pikir-hyýallarynyň,ýüreginiň—arzuw-niýetleriniň düzüw bolmagyda, onuň saglygynda iňňän möhüm orun tutýar. Beýle kämil ýagdaýy gazanmak üçin bolsa, säher bilen oýananyňda «dogry tarapdan turmakdan»başlap, tä gije ýatmak üçin  ýassyga başyňa goýanyňda haýsy tarapa bakyp uklamalydygyň hem özüçe ähmiýeti bar.

MILLI DEMOKRATIK ÝÖRELGELERIMIZE YGRARLY ÝAŞLAR

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.Bu taryhy mejlisde Milli Liderimiz Halk Maslahatynyňişiniň esasy ugurlaryny kesgitledi, şeýlede ýerine ýetiriji häkimiýeti özgertmek, döwlet dolandyryş ulgamynyňişini düzgünleşdirmek we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky garaýyşlaryny beýan etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini kadaly alyp barmak üçin onuň Prezidiumy döredildi we halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň agzalarynyň halkyň arasynda, aýratynda, ýaşlar bilengeçirmeli çäreleri aýdyňlaşdyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän belent tutumly işleri, Watan, döwlet,adam hakyndaky beýiktaglymatlary, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we dostluk ýörelgeleri, päkahlaklylyk, halallyk, zähmetsöýerlik baradaky öwüt-nesihatlary ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir.

GAHRYMAN ARKADAGYMYZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW «ENÄ TAGZYM — MUKADDESLIGE TAGZYM»

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda mähriban käbesiniň ussatlygy barada: «Men ejemiň ýaş gelin-gyzlarymyza nusgalyk zenandygyna buýsanýaryn. Onda türkmen zenanynamahsus salyhatlylyk, kanagatlylyk, döwletlilik, belent adamkärçilik, maşgala ojagyna wepalylyk,el hünärine ussatlyk jemlenipdir» diýilýär.Ogulabat ejäniň öz eli bilen ören alajasyny dakan pursatlary asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk milli ýörelgeleriň döwrebap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşany bolup, göz öňümizde ebedilik galdy, hakydalara siňdi. «Ene» diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Şonda diňe «söýgi» diýen düşünje bärden gaýdýar. Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar. Şonuň üçinem ene iň mähriban we mukaddes ynsandyr.

PERZENTLIK AÝDYMY

Ak süýt beren käbäm enem, Ýokdur meni sendek söýen.

OGULABAT BERDIMUHAMEDOWA (1937 – 2023)

Mukaddes Remezan aýynda Milli Liderimiziň — Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, hormatly Prezidentimiziň — Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat Berdimuhamedowa 86 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habary tutuş türkmen halky uly gynanç bilen kabul etdi. Özüniň manyly ömrüni il-ýurduna, mähriban ojagyna, nesil terbiýesine bagyş eden Ogulabat eje watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, adamkärçiligiň, maşgala mukaddesligine wepadarlygyň, milli gymmatlyklara söýginiň belent nusgasyny görkezdi. Ogulabat Berdimuhamedowanyň çagalyk döwri geçen asyryň gazaply uruş ýyllaryna gabat geldi. Uruşdan soňky açlyk ýyllarynyň, ondan soňky döwrüň kynçylyklaryny hem ol öz il-güni bilen deň çekişdi. Onuň bütin ykbaly öz halkynyň ykbalydyr. Ogulabat ejäniň ömür ýoly, durmuşy nesiller üçin görelde mekdebine öwrüldi. Ogulabat Berdimuhamedowa Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda 1937-nji ýylyň 15-nji iýunynda dünýä inýär. Heniz alty ýaşyndaka ýetimligiň dagyny çeken Ogulabadyň kiçilikden zähmeti söýmegi, hünär öwrenmäge ugrukmagy ony durmuşyň synagly ýollarynda kemsiz taplaýar. Şeýdip ol maşgala gymmatlyklarynyň gadyryny örän gowy bilýän, ömrüň manysyny halal ýaşamakda görýän parasatly zenan bolup ýetişýär.

Ýylyň şygaryna bagyşlanan bäsleşik

Biz daglara baksak, onuň beýikdigini aýtmazdan, belentlik hakynda oýlanýarys. Asmana garan mahalymyz, ümmülmez giňişlik baradaky pikirler hakydada orun alýar. Deňiz diýsek, ozaly bilen, çuňluk hakyndaky pelsepeler ýadymyza düşer. Şonuň ýaly, ýaşlyk diýilse hem, gujur-gaýrat, joşgun, hyjuw dogrusynda pikir ýöredip başlaýarsyň. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi türkmenistanly ýaşlary galkyndyrdy, olary has joşgunly işlemäge ruhlandyrdy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň bilelikde guramagynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly 2023-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan döredijilik bäsleşiginiň geçirilmegi bolsa ýaşlaryň döredijilik ylhamyny joşdurdy. Çünki bäsleşige gatnaşmak we öz oýlanmalaryny, goşgularyny, makalalaryny okyjylar bilen paýlaşmak her bir döredijilik adamynyň baş arzuwydyr. Bäsleşigiň talyplaryň we okuwçylaryň arasynda yglan edilmegi, şeýle-de oňa žurnalistikanyň, edebiýatyň žanrlarynda ýazylan ähli makalalaryňdyr goşgularyň, oýlanmalaryňdyr söhbetdeşlikleriň kabul edilendigi ýaşlara döredijilik erkinligini berdi. Döredýän ýaşlaryň, şol sanda okuwçylaryň öz d

DIL BILENE GIŇDIR DÜNÝÄ

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, ýurdumyzda ýaşlaryň köp dil bilmegi, birnäçe daşary ýurt diline erk etmek başarnygyna eýe bolmagy ugrunda uly işler durmuşa geçirildi. Häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň döwlet baştutanlygynda bu işler «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» we olary durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylmaly işleriň meýilnamalaryna laýyklykda mynasyp derejede dowam etdirilýär. Ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde olaryň daşary ýurt dillerini bilmeginiň aýratyn ähmiýeti bardyr. Dil öwrenmek, ýaş nesilleriň üç dilde suwara gürläp bilmegini gazanmak we beýleki daşary ýurt dillerini öwretmegi ýola goýmak bilim syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki zamanyň ösüş şertlerini nazara alyp, çaganyň jemgyýetde berk sosial derejäni eýelemegi, kämil şahsyýet bolup ýetişmegi we üstünliklere ýetmegi üçin daşary ýurt dillerini bilmek başarnygynyň zerurdygyny aýdyp bolar. Şunuň bilen baglylykda, bilermenler ynsanyň pikirini birbada birnäçe dilde düşündirip bilmeginiň, gürleşmegi başarmagynyň aňyň işleýiş derejesini ýokarlandyrýandygyny, gözýetimini giňeldýändigini belleýärler.

GÖWÜN PELTESI ýa-da ýagşylyk hakynda söhbet

Belki, bu hakda pelsepe otarmak üçin ady belli akyldarlaryň parasatly jümlelerinden mysal almalydyryn, ýa bolmasa, «Ýagşylyk ynsan kalplaryna nur çaýýan kuýaşdyr» diýen ýaly sözler bilen gürrüňe başlasam has jüpüne düşermikä?! Bilmedim. Gowusy, ýagşylyk hakdaky söhbetime ýama boljak ýene bir gürrüňiň başyny agyrdaýyn. Biziň obamyzda bir adam bar. Dogrusy, ýagşylyk hakynda gürrüň açylsa, ilki bilen, şol ynsan ýadyma düşýär. Onuň hereketleri göräýmäge ullakan bir ähmiýetli iş hem däl ýaly görünýär. Ol bir töwra adam, meniň tanaýanlarymyň hiç birine meňzemeýär. Uzyndan gelen inçesagt ýaşuly güni bilen özbaşyna gydyrdanyp ýörendir. 

DEGMÄŇ GYZYŇ GÖWNÜNE

Saýrasa taý guşlara, Ynjany-da aýandyr.

Kim diýer «Ýaz güli owadan bolar», kim diýer «Güýz güli owadan bolar»...

Zenan ýüreginiň islegine düşünmek üçin ygtybarly ýollaryň biri, dünýäniň belli bilermenleri tarapyndan olaryň doglan ýyly, aýy-güni, täleý ýyldyzy bilen bagly taýýarlanylýan gyzykly maglumatlar bilen tanyş bolmakdyr. Biz hem žurnalymyzyň Halkara zenanlar gününiň bellenilýän aýyndaky sanynda öz ugrundan ussat bilermenleriň zenanlaryň doglan aýyna laýyklykda olaryň täsin gylyk-häsiýetlerini kesgitleýän, şonuň bilen birlikde-de olaryň näzik göwünlerine ýol salmaga kömek etjek täsirli maglumatlary hödürleýäris. Psiholog-bilermenleriň bellemeklerine görä, ömrüniň ilkinji aýlary her bir ynsanyň, ylaýta-da zenan maşgalanyň  gylyk-häsiýetiniň özboluşly kemala gelmegine iňňän ýiti täsir edýär. Goý, biziň taýýarlan bu maglumatlarymyz hem size syrly zenan dünýäsi bilen has golaýdan tanşyp, mährem enelerdir uýalaryň, ýüzlerimiziň tuwagy bolan gyz-gelinleriň  hamrak göwnüni tapmaga, magşuk gözelleriň näzlerine düşünmäge ýardam bersin. Onda näme, zenan dünýäsine barýan syrly ýodalaryň birinde sizi hoş gördük! Ýanwarda doglan zenanlar...

...Adam söýülsin

Beýik söz ussady Gurbannazar Ezizowyň şygyrlarynda barlyga aşyklyk bilen birlikde adamy söýmek ündelýär. Ynsan mertebesiniň mukaddesligi, ömrüniň gymmatlygy, ýaşaýyş pelsepesi we bakylyk baradaky düşünjeler şahyryň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Adamyň pikirlenmek bilen adatylykdan kämillik derejesine göterilmäge ukyplydygyny düşündirýär. Şonuň üçin belent mertebeli adam ömrüni — beýik ýaşaýşy halas etmegiň zerurlygyny öwran-öwran gaýtalaýar. Şahyryň baş maksady dünýäniň derdini ýeňletmek, pelsepeçiniň pikir-garaýyşlarynyň özenini adam we onuň durmuşy dogrusyndaky düşünjeler düzýär. Külli ynsanyň we tutuş barlygyň biri-biri bilen baglanyşygy, bitewüligi barada çeper aňlatmalar arkaly çuňňur pikir ýöredilýär. Goşgulardaky indiwidual meňzetmeler we metaforalar şahyryň ussatlygyny görkezýär. Ene tebigat ýazyna ýaşyl öwsen baglary, gyşyna ala garly daglary bilen tämizdir. Saryja tomsy, zerbap donly güýzi bilen kämildir. Dünýä dört pasylda diýseň gözel görünýär. Pikir kylsaň, bu gözelligiň bary adam üçin. Ýaşaýyş gözel, durmuş ajaýyp, emma bu owadan barlyga ýöne guwanmak ýeterlik däldir. Işiň iň haýyrlysy, kyn hem bolsa, adamy söýmekdir. Bu babatda pelsepeçi şahyr şeýle pikir ýöredýär:

ÝURDUMYZA ŞAN GETIREN TÜRGEN

Söhbetdeşlik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda,  sporty ösdürmäge, ýaşlary sporta, köpçülikleýin bedenterbiýä çekmäge hem örän uly üns berilýär. Bu babatda edilýän tagallalar öz ajaýyp miwesini berýär. Ata Watanymyzda sporty ösdürmek babatynda döredilýän şertlerden, giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, diňe bir döwlet derejesinde däl, eýsem, daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sport ýaryşlaryna gatnaşyp, döwletimiziň abraýyny belende göterýän türgenlerimiziň sany ýylsaýyn artýar. Halkara derejeli ýaryşlarda öňdäki orunlara mynasyp bolup, Döwlet senamyzyň ýaňlanmagy astynda ýaşyl Tugumyzy belende göteren ýaş türgenlerimiziň biri hem Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Şamyrat Myradowdyr.

«GAŞ BILEN DIWALAŇ GOŞUNY GOŞUP...»

Ata-babalarymyz zergärçilik, küýzegärçilik, daýhançylyk, demirçilik, neçjarçylyk, seýisçilik, deri işläp bejerip, ondan dürli milli egin-eşikleri, başgaplary tikmek ýaly köp sanly halk hünärlerini döredip hem kämilleşdirip, nesillere miras galdyrypdyrlar. Elbetde, bu hünärleriň hersi ynsan ýaşaýşynyň yzygiderli kämilleşmegi, adamyň tebigata çuňňur akyl ýetirmegi, şeýle-de durmuş zerurlyklarynyň netijesinde dürli-dürli wagtlarda döräpdir. Pederlerden miras galan gadymy halk hünärlerini bu günki gün täze döwrüň ruhunda mynasyp dowam etdirýän ýaşlarymyzy göreniňde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nurana geljege ynamly gadamlar bilen öňe barýan kämil bilimli, ýiti zehinli Arkadag Serdarly bagtyýar nesillere bolan buýsanjyň has-da artýar.  Amanmyrat Gurbanweliýew hem ata-babalarymyzyň inçe sungat derejesine ýetiren hünärleriniň biri bolan zergärçilik bilen meşgullanýan we ussat halypalaryň tälim-terbiýesini alyp, bu ugurda özüni yzygiderli kämilleşdirýän zehinli ýaşlarymyzyň biridir. Ol häzir Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň zergärçilik hünärinde okap, bu ugurdan ýokary bilim alýar. Ýetginjeklik ýyllarynda Amanmyratda hünär öwrenmek, onda-da zergärçilik sungatynyň inçe tärlerini ele almak höwesi döreýär. Bu islegi ony Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndan belli zergär Geldimyrat Ba

ATALAR we OGULLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyzyň nesilbaşymyz Oguz han döwründen gözbaş alýan milli ýörelgelerine ygrarlylygynyň oňyn netijesidir. Türkmen halkynyň heňňamyň bäş müň ýyllykdan hem gowrak menzilini üstünlikli geçmeginiň özenini atalar bilen ogullaryň arasyndaky jebislige berýän aýratyn ähmiýeti düzýändir diýsek, asla ýalňyşmarys. Çünki, bu taryhy hakykat biziň ykballarymyza öz köküni nesilbaşymyz Oguz han döwründen mäkäm ornaşdyrandyr. Şu ýerde Oguz hanyň, baryp-ha, şol döwürlerde göz ýetiren bir hakykatyna aýratyn ähmiýet bermek zerurdyr. Ynsan oglunyň ýaşaýşy üçin, aslynda zeminüsti ýaşaýyş üçin alty sany närse zerurdyr. Ol zerurlyklaryň üçüsi gökdedir, ýagny asmandadyr. Üçüsi bolsa Ýerdedir, ýagny zemindedir. Asmandaky zerurlyklar — Gün, Aý, ýyldyzlar. Zemindäki zerurlyklar — ot, toprak, suw.

SERET, ÝENE ÝAGYŞ ÝAGÝAR…

Senli doly ýatlamalaň sandygyn, Gyşda garlar, ýazda ýagyş dörjeýär...

Iňlis dilini netijeli öwrenmek üçin

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň iň täze gazananlary işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Şunda bilim ulgamyna hem sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygyny bellemegimiz gerek. Ylym-bilimiň ösen döwründe islendik ýurduň ykdysady kuwwaty kesgitlenende, onuň innowasion ösüş derejesine seredilip baha berilýär. Bu günki gün dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryndaky ornuny barha berkidýän Türkmenistanda-da ýurdy innowasiýalaşdyrmak, sanly ulgama geçirmek işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar. Ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalardyr nou-haular ornaşdyrylýar. Bu işleriň gözbaşynda bolsa, ilkinji nobatda, Arkadagly Serdarymyzyň belent maksatlarynyň bardygyny bellemelidiris. Hormatly Prezidentimiz ösen ýurtlaryň tejribesini nazara alyp, ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Şonuň üçin hem şu günki ýaşlaryň kämil bilimi, başarnygy has-da ösdürilýär, olara ylmyň iň täze gazananlary, döwrüň häzirki tehnologiýalary öwredilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň maglumat howpsuzlygy we aragatnaşyk tehnologiýalary barlaghanasynda «C#» programmirleme dilinde we «Visual Studio» programmalaşdyrma gurşawynda orta mekdepleriň iňlis dili mugallymlary üçin elektron gollanma ýazyldy. Bu taslama arkaly iňlis diliniň harplaryny, diliň ýazuw kadalaryny, sö

NESIL TERBIÝESINDE NUSGALYK MEKDEP

Dana Pyragynyň döredijiligine ser salanyňda, ilki bilen, adamzadyň iň beýik wekillerine mahsus ruhy gözlegleri, ahlak arassalygyny hem-de ýürek heserlenmesini görýärsiň. Akyldaryň goşgularynda watansöýüjilik, ula hormat goýmak, edeplilik ýaly ýörelgeler wasp edilýär. Şahyr adamlaryň, esasan hem, ýaşlaryň akylly, parasatly, hoşamaý, edepli bolmagyny, gowyny, erbedi saýgarmagyny, birek-birege hormat goýmagyny, adamyň güýjüniň onuň akylyna, pähim-paýhasyna baglydygyny ündäpdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyz ylmy esasda öwrenilýär. Türkmen halkynyň edebi mirasynyň genji-hazynasy bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bu gün dünýä alymlarynyň hem ünsüni özüne çekýär. Edep-terbiýä, öwüt-ündewe baýlygy, nesiller üçin nusgalyk ýoldugy bilen aýratyn tapawutlanýan akyldar şahyryň döredijiligi edebiýatyň halkylygyny, milliligini ösdürdi.