Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyzyň nesilbaşymyz Oguz han döwründen gözbaş alýan milli ýörelgelerine ygrarlylygynyň oňyn netijesidir.
Türkmen halkynyň heňňamyň bäş müň ýyllykdan hem gowrak menzilini üstünlikli geçmeginiň özenini atalar bilen ogullaryň arasyndaky jebislige berýän aýratyn ähmiýeti düzýändir diýsek, asla ýalňyşmarys. Çünki, bu taryhy hakykat biziň ykballarymyza öz köküni nesilbaşymyz Oguz han döwründen mäkäm ornaşdyrandyr. Şu ýerde Oguz hanyň, baryp-ha, şol döwürlerde göz ýetiren bir hakykatyna aýratyn ähmiýet bermek zerurdyr. Ynsan oglunyň ýaşaýşy üçin, aslynda zeminüsti ýaşaýyş üçin alty sany närse zerurdyr. Ol zerurlyklaryň üçüsi gökdedir, ýagny asmandadyr. Üçüsi bolsa Ýerdedir, ýagny zemindedir. Asmandaky zerurlyklar — Gün, Aý, ýyldyzlar. Zemindäki zerurlyklar — ot, toprak, suw.