''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

«...Nusga bolup galsyn ilden-illere!»

Türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşyny, estetiki-gözellik dünýäsini, milli däp-dessurlaryny häsiýetlendirýän milli egin-eşikleri biziň medeniýetimiziň aýrylmaz bir bölegidir. Türkmen gelin-gyzlaryny has hem gözel görkezýän milli başatgyçlara pürenjekler, kürteler, çyrpylar, düýpli gyňaçlar degişlidir. Bu başatgyçlary zenanlarymyz gadymdan bäri ürç edip geýipdirler. Olaryň gadyr-gymmaty hiç wagtam egsilmeýär. Gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýan inçe we nepis keşdelenen el işleri zenanlaryň zehininiň önümi, ýürek owazlarydyr. Türkmen zenanlarynyň arasynda keşde çekip, gaýma gaýap bilmeýäni ýokdur. Sebäbi ulalanda eli işli bolar ýaly, şeýle-de bu inçe sungatyň nesilme-nesil dowam etmegini gazanmak maksady bilen, ene-mamalarymyz gyzlaryna kiçiliginden tikin tikmegi, keşde çekmegi öwredipdirler. Sallançakda ýatan gyz bäbejigi hüwdülänlerinde, olaryň zähmetsöýer, eli işli, işeňňir bolmaklaryny arzuw edipdirler. Bu barada halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan hüwdülerde, lälelerde we gazallarda aýdylyp geçilýär.

MILLI MIRASYMYZ – HALKYMYZYŇ BUÝSANJY

Milli mirasymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, bäş müň ýyllyk taryhy, daglar deýin belent, çaýlar deýin tereň, ýaýrawly, ýalkymly, ýakymly ýaýlalar kimin seleň tarypy bolan türkmen halkymyzyň däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny, duýgy-düşünjelerini, durmuş tejribesini şöhlelendirýän bahasyz gymmatlyklar ulgamydyr. Milli mirasymyz ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň öz nesillerine goýup giden tükenmejek baýlygydyr, mizemez ýadygärligidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyz diňe bir türkmen halkymyzyň göz guwanjyna, buýsanjyna öwrülmän, eýsem, adamzat gymmatlyklarynyň, gorap saklanylýan hazynasynyň hataryna girdi. Bu hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz hem hemişelik Bitarap ýurdumyzda milli mirasymyzy gorap saklamak, baýlaşdyrmak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygynyň we olaryň öz ajaýyp miwelerini berýändiginiň aýdyň alamatydyr. Muny «Türkmen keşdeçilik sungatynyň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi hem aňryýany bilen subut edýär. Edil şonuň ýaly, halkymyzyň şöhratly taryhyndan  habar berýän taryhy-arheologik ýadygärliklerimiz bolan Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaýyň Parfiýa galalary, şeýle-de «Görogly» dessançylyk sungaty, Nowruz baýramy, «Küştdepdi» türkmen milli aýdym we tans sungaty, türkmen milli halyçylyk sungaty, dutar ýasama

BERKARAR WATANYŇ BAGTYÝAR NESLI

Ýaşlyk — ynsan ömrüniň bahary. Bedenterbiýe we sport bolsa sagdyn hem bagtyýar durmuşyň baş şertidir. Bol miweli agajyň ýetişdirilmeginiň onuň heniz ýaş nahal wagtyndan gowy ideg edilişine bagly bolşy ýaly, il-güne haýyrly ynsany kemala getirmek hem çagalyk we ýaşlyk döwründen başlanýan terbiýe bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, adam häsiýetini kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär. Adamda özüne ynamy, güýç-kuwwaty, ruhubelentligi terbiýeleýär» diýen sözlerinden-de belli bolşy ýaly, häzirki döwürde jemgyýetiň durmuşynda sportuň ornunyň artmagy bilen, sagdyn durmuş ýörelgesi biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň usullarynyň kämilleşmegi, sportuň täze görnüşleriniň döremegi sagdyn durmuş ýörelgesiniň muşdaklarynyň sanynyň artmagyna ýardam edýär. Sport jemgyýetiň ahlak kadalarynda we gymmatlyklar ulgamynda-da möhüm ähmiýete eýe bolýar. Çünki bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga diňe bir saglygyňy goramagyň hem berkitmegiň ýoly däl-de, eýsem, ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň ýüze çykmagynyň öňüni almagyň möhüm serişdesi hökmünde-de garalýar.

GELJEK ÜÇIN TYGŞYTLY ENERGIÝA

Ylym giňişligine ak ýol Elektrik energiýasy durmuşymyza şeýle bir aralaşdy welin, ýaşaýşy onsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. Jemgyýetde elektrik energiýasyna bolan isleg hem, onuň sarp edilişi hem barha artýar.  Bu bolsa elektroenergetiki ulgamyň iş düzgünine täsirini ýetirýär we elektrik ulgamlarynda hem-de torlarynda elektrik energiýasynyň ýitgisini çäklendirmek bilen baglanyşykly bolan optimallaşdyrma meseleleriniň ýüze çykmagyna getirýär.

TÜRKMEN TEBIGATY — ynsan kalbynyň ylham çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň «Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýen sözleri Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň hakyky gadyr-gymmatyny açyp görkezýär. Çünki, Pyragynyň döredijiliginiň köptaraplylygy ylym bilen meşgullanýan adama ylmyň islendik ugry boýunça pikir ýöretmäge, seljerme we deňeşdirme geçirmäge doly mümkinçilik döredýär. «Zer gadyryny zergär biler» diýlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralyndaky Karary esasynda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesini giňden bellemäge uly taýýarlyk görülýändigi aýratyn ähmiýetlidir. Akyldaryň döredijiliginiň, türkmen ruhundan, medeniýetinden, şeýle hem, Diýarymyzyň tebigatyndan gözbaş alandygy, onuň tebigatda bolup geçýän hadysalara ir düşünip başlandygy, ylahy zehininiň ýitileşmegine dünýä inen ýeriniň dagy-düzüniň, derýalarynyň, sähra-jülgeleriniň, baý haýwanat dünýäsiniň täsir edendigi şygyrlarynda aýdyň duýulýar. Şu nukdaýnazardan, Pyragynyň döredijiliginde aýratyn orun eýelän durmuş we watançylyk garaýyşlarynyň içinden tebigat filosofiýasy eriş-argaç bolup geçýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde bu üç esasy garaýşyň sazlaşmagy şahyryň watansöýüjiliginiň ýokary derejesini şöhlelendirýän kanunalaýyklykdyr. Çünki, Watana bolan söýgi onuň tebigatyna bolan söýgüden başlanýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň TÄZE GÜNI — NOWRUZ GÜNI

Ýaz gelip, gije bilen gündiziň deňleşen wagtyna gabat gelýän şanly baýram  Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz günüdir. Nowruz baýramy öz köküni gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Türkmenistanyň çäginde ekerançylygyň ýüze çykmagy bilen, ata-babalarymyz täze senenama we özboluşly däp-dessurlary döredipdirler. Baharyň gelýän gününi, tebigatyň janlanýan döwrüni täze ýyl hökmünde toýlapdyrlar. Şeýlelikde, halkymyzyň naýbaşy baýramlarynyň biri — Nowruz güni döräpdir. Wagtyň geçmegi bilen, Nowruz baýramy Gündogar halklarynyň esasy baýramçylygyna öwrülipdir. Umumadamzat medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek, dünýä halklarynyň medeniýetleriniň dürli-dürlüligini gorap saklamak hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň hyzmatdaşlygy we teklip etmegi netijesinde, 2010-njy ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny «Halkara Nowruz güni» diýip yglan etmek barada ýörite Kararnama kabul edildi.

ŞADYÝAN KÖRPELER BÄSLEŞDILER

Iň eýjejik gyzjagaz — 2023 Ýurdumyzda ýaş nesilleriň, zehinli çagalaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda birnäçe döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen medeniýetini, sungatyny kämilleşdirmek, täze zehinlileri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän döredijilik bäsleşikleri ýokary derejä eýe bolýar.  Ýürekleri buýsançdan, söýgüden pürepür zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän aýdym-sazly, döredijilik bäsleşikleriniň biri hem, Milli bahar baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 2–4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz — 2023» atly şadyýan bäsleşigidir.

TALYP GÖZELI — 2023

Her ýyl däp bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Halkara zenanlar güni mynasybetli, Nebit-gaz medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Bilim ministrligi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp gözeli — 2023» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň: «Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýen ajaýyp sözlerinden ruhlanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Bilim ministrligi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilelikde, Halkara zenanlar güni mynasybetli, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda «Talyp gözeli — 2023» atly gözellik bäsleşigini yglan etdi.

«BIR NAHAL EKSEŇ, ÝAŞYŇ BAKY»

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, täze taryhy eýýamda Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ählihalk bag ekişligine, öňden bar bolan baglara ideg etmek çäresine badalga berilýär. Şonuň netijesinde, her ýyl miweli, saýaly, pürli bag nahallarynyň millionlarçasy ekilip, tokaý zolaklary döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa diplomatiýasynyň, Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek syýasatynyň netijesinde, mähriban Diýarymyzyň tebigaty ýyl-ýyldan gözelleşýär. Köpçülikleýin bag ekmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan ýaramaz täsirlere garşy göreşmek boýunça bütindünýä çäresine işjeň goşulmakdyr. Çünki ekilýän baglar kömürturşy gazyny özüne siňdirip, ynsan saglygy üçin zerur bolan kislorody bölüp çykarýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasyna işjeň gatnaşyp, eziz Diýarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine goşant goşmak biziň her birimiz üçin, ylaýta-da, ýaşlar üçin uly bagtdyr.

MILLETIŇ RUHY-AHLAK MEKDEBI

Oraza we Gurban baýramlary musulmanlar tarapyndan hijretiň ikinji ýylyndan, ýagny hijri-kamary senenamasynyň ikinji ýylynda bellenip başlanýar. Bu iki baýram yslam äleminde «yýdulfytyr» (pitre baýramy) we «yýdul-azha» (Gurban baýramy) atlary bilen tanalýar.  Bu iki baýramçylykda oba, şäher ilaty belli bir mekanda jemagat namazyny, ýagny aýt namazyny berjaý edýärler. Şol baýramçylyk günleri her kim özüne niýetläp goýan iň täze egin-eşiklerini geýýär. Türkmenler her baýram günlerinden iki gün öň öýlerini hem daş-töwereklerini arassalap başlaýarlar. Baýramdan bir gün öňinçä, «kokun güni» bellenip, bugdaý unundan ýörite taýýarlanylýan çapady bişirilip, ýedi goňşa paýlanylýar. Baýramçylyk güni bolsa her öýde supra ýazylyp, ony dürli süýji tagamlar bilen bezeýärler. Ýaşlar ýaşululary sylap, görme-görşe baryp, baýramyny gutlaýarlar. Meýdanlarda hiňňildik uçýarlar. Gyzlar gijelerine läle kakýarlar, türkmen oýunlary ýerine ýetirilýär.

«Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym»

Mart aýyndaky täzelikler Her gezek bahar gelende şahyryň şu setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Hakykatdan-da, bahar bu Watana toý bolup, taryha şan berýän wakalaryň pasly bolup gelýär. Üns çekilmeli ýene bir aýratynlyk bolsa, ýurdumyzdaky joşup gelýän baharlaryň, asylha, tomuslaryň, güýzleriň, gyşlaryň hem ýaşlyk ruhundaky toýlara, belent tutumlara beslenýänligidir. Ýaşyl ýazyň ― ýaşlygyň paslynyň şu gezek gelşi hem tüýs toýa, toý ruhly günlere beslendi. Sakasynda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz duran işleriň süňňünden ýaşlar baradaky alada bolsa, hemişe bolşy ýaly, eriş-argaç bolup geçýär.

«ÝAŞLARA GUTLAG» - BAGTLY PURSATLARYŇ AÝDYMY

Her bir şanly senäni toý sowgatlary bilen garşylamak halkymyzda indi däbe öwrüldi. Aýratynda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan peşgeş berilýän toý sowgatlary her bir ynsana egsilmez şatlygy bagyş edýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda halkymyzda ýokary derejede toýlanylýan Halkara zenanlar gününde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň raýatlaryna, aýratyn-da bagtyýar ýaşlaryna niýetlenen «Ýaşlara gutlag» atly döredijilik sowgady türkmenistanly ýaşlaryň her birini belent maksatlara ruhlandyrdy. Çünki täze eserde her bir ene-atanyň ýürek arzuwy, joşgunly guwanjy, çäksiz buýsanjy we türkmeniň milli häsiýetine mahsus öwüdi, pendi bar. Türkmenlerde ata-ene we perzent, dogan-garyndaş gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Halkymyzda «Enem-atam—şirin dilli ussadym», «Dogan—donumyň daşy, perzent—ýüregimiň başy», «Ataň barka dost gazan, atyň barka ýol gazan» ýaly çuňňur paýhasa eýlenen nakyllardyr atalar sözleri näçe diýseň bar.

DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI

YNAM Kägülleriň ysy bolýar üýtgeşik,

ÖŇÜMIZDE ALABAHAR «SAGLYK BARADAKY ALADA ÖMRÜŇ BARADAKY ALADADYR»

Tebigat bilen ynsan sazlaşykly düzülen dutar tary mysaly. Adam tebigaty söýüp, ony goramagy başarsa, tebigat hem oňa jogap hökmünde egsilmejek bereket eçilýär. Dört paslyň gezekleşmeginde tebigatda bolup geçýän üýtgeşmeler hem adamdan sowa geçmeýär. Gyş ak gary, bahar öz elwän gülleri, tomus datly miweleri, güýz sary ýapraklary bilen ynsan göwnüni her dürli duýgulara besläp maýyl edýär. Şeýle-de bolsa, biz bu üýtgeşmeleriň diňe adamyň ruhy dünýäsine däl, eýsem bedenine hem uly täsir edýändigini unutmaly däldiris. Şeýle diýmek bilen, biz bu ýerde tebigata öz nobaty bilen gelip duran pasyllaryň sepgidiniň, has dogrusy, howa çalşygynyň adama edýän täsirini göz öňünde tutduk. Daşky gurşawda howa çalyş ma ýagdaýynyň emele gelmegi, adamyň saglygy bilen bagly käbir ýagdaýlaryň hem döremegine getirýär. Muny köp adamlar sähel-mähel sökellikler bilen geçirip goýberse-de, käbir immun ulgamy pes adamlar beýle edip bilenoklar. Şol sebäpli, olar her pasyl çalyşmasyndan ýaýdanyp gezýärler. Immun ulgamy ny güýçlendirmek, ony berkitmek soňky döwürlerde saglyk bilen bag ly ýüze çykýan meselelerde berilýän esasy maslahata öwrüldi diýsek, ýalňyşmarys. Çünki adamyň iç ki immuniteti, sözüň göni manysynda, onuň ruhy we fiziki saglygyny goraýan galkandyr. Şonuň üçin hem, her bir adamda kesel diýlen howpuň, öňi bilen, kiçijek ýokançlykdan döreýändigi, şol kiçijek ýokançlyklary bolsa güýçl

AÇYŞ ETMÄGE SYNANYŞDYŇYZMY?!

Pikir öwreliň:ylym näme?Ylym biziň ömrümizde alyp biljek iň uly peşgeşimizdir. Özümiziň özümize berip biljek peşgeşimizdir.Ylym bilen meşgullanmagyň baş maksady ylmy ýaran edinip, adamzat üçin peýdaly nähilidir bir täze zady durmuşa ornaşdyrypbilmekden durýar. Biz muny açyş etmek diýip hem atlandyrýarys. Şu makalamyzda hem açyş etmek hakynda söhbet açmagy makul bildik. Munuň üçin, ilki bilen, bir soraga jogap bereliň. Açyş etmek näme? Açyş etmek ― bu täze bir pikir, usul ýa-da enjam döretmekdir. Açyş etmek bilen haýsydyr bir meselä täzeçe çözgüt bilen çemeleşip bolar ýa-da köne çözgütler kämilleşdirilip bilner. Her bir açyş pikirlenmekdan başlaýar. Her kimiň özboluşly pikiri bardyr. Diýmek, her kim täze bir açyş edip biler. Munuň üçin ilki bize bir mesele zerur. Meseleden soňra gerek zadymyz bolsa pikirdir. Özem täze bir pikir. Ýöne pikirler gökden alma gaçan ýaly gaçmaz. Diýmek, biz pikirimize gözbaş edip öňki pikirleri hem ulanyp bileris. Açyş etmegiň ikinji bir ýoly bolsa orta atylan meseläniň çözüliş ýollaryny tapmak. Mesele we pikir orta goýlandan soňra, ony kämilleşdirmek o diýen bir kyn däl. Esasy kynçylyk, orta atylan mese le babatyndaky sagdyn pikirleri tapmakda. Aslynda, açyş etmek maksady bilen bir mesele tapmak kyn zat. Muny şeýleräk düşündirip bolar: siz haýsam bolsa bir mese le hakynda pikir ediň, meseläniň çözgüdi bolsa siziň ýaşaýşyňyzy ýeňilleşdirjek, adamlara

«AŞGABAT AGŞAMLARYNA» HIŇLENIP...

Gel,eger bir pursat dymaly diýseň... AşyrHanow

BAŞYNDA ELWAN ÝALYGY ýa-da Aýdymçy Bahar Annaýewa bilen türkmen gyzynyň asylly keşbi barada söhbetdeşlik

Aýdymçy bolup halkyň öňüne çykyp, özüňi aldyraýmak aňsat däl. Gyz maşgala bolsaň, asylam. Aýdymçy gyzda şirin ses bilen almaz zehinden başga-da, türkmen gyzyna mahsus bolan asyllylyk, agraslyk, sadalyk hem bolmaly. Onda bu hili häsiýetleriň bardygyny ýa ýokdugyny sahna hereketi we sahna stili bassyr-ýussursyz görkezýär. Eger aýdymçy gözelde şu aýdylanlar jemlenen bolsa, onda onuň ümzügi halkyň ýüregine tarapdyr. Biziň şu ýazanlarymyzy okanlaryň, eýýämden göz öňünde özüniň şirin we manyly aýdymlary bilen meşhurlyk gazanan aýdymçy gyz Bahar Annaýewa janlanan bolsa, geň görüp oturasy iş ýok. Çünki Baharda süýji sesdir güýçli zehinden başga-da, halkyň aňynda ýer tutmagy başaran özboluşly sahna stili bar. Onuň sahna stiline görk goşýan esasy bezegler bolsa goşa örüm saça görk berýän türkmen tahýasy hem reňbe-reň owadan ýaglyklardyr. Egnindäki lybasy bilen başyndaky ýaglyklaryny sazlaşdyryp geýinmegi başarýan bu aýdymçy gyzyň daşky keşbi-de görenleriň ünsüni özüne çekmegi başarýar. Biziň bu söhbetdeşligimize sebäp bolan ýagdaý hem hut şol boldy.

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym»

Watan — «ata», toprak bolsa «ene». Çünki «Watan» diýmek mukaddes toprak diýmekdir. Biz atalarymyzyň arzuwyny hasyl edip, ene topragymyzyň üstünde Berkarar döwletimizi bina etdik. Şol döwletde adamlaryň dünýä örküniň berkligini teswirleýän ebedi sena — bu «ene hüwdüsidir». Hüwdi bilen çaganyň aňyna ornaýan mähribanlyk onuň kindiwanja ýüreginde ýagşylygyň indi şinelemeli dänesidir. Mähriban käbämiň hüwdi aýdýan pursatlaryny diňläsim gelýär. Belki, ynanmarsyňyz, ýöne uly adamlaryň hem şeýle arzuwy bolup bilýär ahyry. Hüwdüde aýratyn ýakymlylyk, mähir bar. Dünýäde iň kämil döredilen eser hem «ene hüwdüsidir». Sebäbi onda ýürek arzuwlary ýaşaýar. Ýüregiňi goýup döredilen sungat eseri bolsa, nusgalyk esere öwrülýär. Häzir maňa ejem janyň «Janyň sagmydyr?» diýen sözleri hem şol şirin hüwdi ýaly tükeniksiz mähribanlyk bolup eşidilýär. Ýaňy dünýä inen çaga sallançakda ýatyrka, oňa rahatlyk berýän şol mähirli ses ene hüwdüsidir. Her bir ynsan öz ene dilindäki ilkinji sözi hüwdiniň üsti bilen eşidýär.

Bagt mukamy

Ýürekden çykyp, ýüreklere barýan mähire, söýgä ýugrulan ene hüwdüsiniň mylaýym owazynyň lezzetinden ynsan balasyna asla ganma ýok. Arzuwlaryň we islegleriň hasyl bolýan, parahatçylygyň we asudalygyň höküm sürýän ülkesi bolan ata Watanymyzyň islendik künjegine barsak hem, ösüşlerimiziň buşlukçysy bolan aýdym-sazyň joşgunly owazynyň ýaňlanyp durýandygynyň janly şaýady bolýarys. Şol ýaňlanýan aýdymsazlaryň owazlarynyň arasyndan bir owaz aýratyn mylaýymlygy, mähremligi bilen tapawutlanyp, islendik diňleýjini özüne çekýär. Ýürekden çykyp, ýüreklere barýan mähire, söýgä ýugrulan bu mylaýym owazyň lezzetinden ynsan balasyna asla ganma ýok. Çünki bu mylaýym owaz her bir ynsanyň dünýä inen pursatyndan gulagyna guýlup, aňyna siňdirilen mährem ene hüwdüsidir. Türkmen ojagynyň mukaddes eýesi saýylýan zenanlarymyzyň maşgaladaky esasy tutýan orny hem terbiýeçilik bilen baglydyr. Bu juda jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmeklige çaga dünýä inen gününden başlap girişýän ene-mamalarymyzyň ilkinji serişdesi ene hüwdüsi bolupdyr. Muňa ençeme asyrlaryň dowamynda döredilen we toplanan, aňyrsyna göz ýetmeýän ýazuw ýadygärliklerimiz, taryhy çeşmeler, medeni mirasymyz bolan folklor eserleri gönüden-göni şaýatlyk edýär. Halk arasynda giňden ýaýran rowaýatlaryň birinde «Adamzadyň döreýiş taryhy Adam ata bilen Howa enäniň dörän pursatyndan başlanýar. Alla Howa enä perzent berende oňa şirin dilli owa

ZEHIN ÝAŞ SAÝLAMAÝAR...

ý Kiçijik bagşy—sungat maşgalasynyň körpe perzendi. Oňa meşhur dessançy bagşy Öre Şyhyň kakasy Käbe Şyhyň ady dakylan. Magtymguly atamyzyň «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýşi ýaly, dessançylyk ýolunyň körpe wekili kiçilikden pederleriniň kesbini ykbal edinip, öz adyny mynasyp derejede göterýär...