Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň TÄZE GÜNI — NOWRUZ GÜNI

31 Mart 2023
619

Ýaz gelip, gije bilen gündiziň deňleşen wagtyna gabat gelýän şanly baýram  Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz günüdir. Nowruz baýramy öz köküni gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Türkmenistanyň çäginde ekerançylygyň ýüze çykmagy bilen, ata-babalarymyz täze senenama we özboluşly däp-dessurlary döredipdirler. Baharyň gelýän gününi, tebigatyň janlanýan döwrüni täze ýyl hökmünde toýlapdyrlar. Şeýlelikde, halkymyzyň naýbaşy baýramlarynyň biri — Nowruz güni döräpdir. Wagtyň geçmegi bilen, Nowruz baýramy Gündogar halklarynyň esasy baýramçylygyna öwrülipdir.

Umumadamzat medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek, dünýä halklarynyň medeniýetleriniň dürli-dürlüligini gorap saklamak hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň hyzmatdaşlygy we teklip etmegi netijesinde, 2010-njy ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny «Halkara Nowruz güni» diýip yglan etmek barada ýörite Kararnama kabul edildi.

Seýitmämmet BERDIMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mugallymy, polisiýanyň leýtenanty, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.