BAŞYNDA ELWAN ÝALYGY ýa-da Aýdymçy Bahar Annaýewa bilen türkmen gyzynyň asylly keşbi barada söhbetdeşlik

3 Mart 2023
1016

Aýdymçy bolup halkyň öňüne çykyp, özüňi aldyraýmak aňsat däl. Gyz maşgala bolsaň, asylam. Aýdymçy gyzda şirin ses bilen almaz zehinden başga-da, türkmen gyzyna mahsus bolan asyllylyk, agraslyk, sadalyk hem bolmaly. Onda bu hili häsiýetleriň bardygyny ýa ýokdugyny sahna hereketi we sahna stili bassyr-ýussursyz görkezýär. Eger aýdymçy gözelde şu aýdylanlar jemlenen bolsa, onda onuň ümzügi halkyň ýüregine tarapdyr.

Biziň şu ýazanlarymyzy okanlaryň, eýýämden göz öňünde özüniň şirin we manyly aýdymlary bilen meşhurlyk gazanan aýdymçy gyz Bahar Annaýewa janlanan bolsa, geň görüp oturasy iş ýok. Çünki Baharda süýji sesdir güýçli zehinden başga-da, halkyň aňynda ýer tutmagy başaran özboluşly sahna stili bar. Onuň sahna stiline görk goşýan esasy bezegler bolsa goşa örüm saça görk berýän türkmen tahýasy hem reňbe-reň owadan ýaglyklardyr. Egnindäki lybasy bilen başyndaky ýaglyklaryny sazlaşdyryp geýinmegi başarýan bu aýdymçy gyzyň daşky keşbi-de görenleriň ünsüni özüne çekmegi başarýar. Biziň bu söhbetdeşligimize sebäp bolan ýagdaý hem hut şol boldy.

Aýgül GARAÝEWA,
«Arkadagly Ýaşlar»