«ÝAŞLARA GUTLAG» - BAGTLY PURSATLARYŇ AÝDYMY

29 Mart 2023
781

Her bir şanly senäni toý sowgatlary bilen garşylamak halkymyzda indi däbe öwrüldi. Aýratynda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan peşgeş berilýän toý sowgatlary her bir ynsana egsilmez şatlygy bagyş edýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda halkymyzda ýokary derejede toýlanylýan Halkara zenanlar gününde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň raýatlaryna, aýratyn-da bagtyýar ýaşlaryna niýetlenen «Ýaşlara gutlag» atly döredijilik sowgady türkmenistanly ýaşlaryň her birini belent maksatlara ruhlandyrdy. Çünki täze eserde her bir ene-atanyň ýürek arzuwy, joşgunly guwanjy, çäksiz buýsanjy we türkmeniň milli häsiýetine mahsus öwüdi, pendi bar.

Türkmenlerde ata-ene we perzent, dogan-garyndaş gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Halkymyzda «Enem-atam—şirin dilli ussadym», «Dogan—donumyň daşy, perzent—ýüregimiň başy», «Ataň barka dost gazan, atyň barka ýol gazan» ýaly çuňňur paýhasa eýlenen nakyllardyr atalar sözleri näçe diýseň bar.

Umyda KAKAÝEWA,
«Arkadagly Ýaşlar».