''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

KITAP – AJAÝYP DÜNÝÄNIŇ AÇARY

«Dünýäde atyň üstünden oňat tagt ýok, kitapdan gowy dost ýok» diýlişi ýaly, kitap aýratyn bir dünýä. Ol dünýä parasatly jümlelere baý bolan, özünde altyn kümüşden gymmatly baýlygy gizläp saklaýan, doly açylmadyk sandykly ruhy hazynadyr. Kitaplar geçmiş bilen geljegiň hem-de halklaryň we ýürekleriň arasyndaky baglanyşygy üzmän saklap duran bahasyz miras hasaplanylýar. Kitap paýhasly sözlerden bina edilen köşkdür. Bu köşgi gyşyň ýeli hem, ýazyň ýagşy hem bozup bilmez. Bu köşge seýran etmek ömre many çaýjak parasatlaryň we pursatlaryň arasynda gezim etmekdir.

DÖWLETLI TUTUMLARA BADALGA

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz möhüm ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy wakalar bilen badalga aldy. Ýylyň geçen döwründe meýilnamalaýyn we maksatnamalaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirildi.

KALPLARY GÜN KIMIN ÇOÝÝAN SUNGAT

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Ine, şeýle ýatdan çykmajak, her bir zenanyň kalbyny mähir-muhabbet bilen gurşap alan, tolgundyryjy wakalaryň biri boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy, Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyklary bilen ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gelip, türkmen halkynyň käbesi, maşgala mukaddesliginiň naýbaşy nusga mekdebini döreden Ogulabat ejemiziň işen alajalaryny we olary işmek üçin niýetlenen iş guralyny geljekki nesillere ýetirmek üçin döwlet muzeýine tabşyrdy. Bu taryhy hem-de ýatdan çykmajak pursatda her bir zenan ýaş nesle el işlerini öwretmegi özüne mukaddeslik hasaplap, maşgala gymmatlygynyň düýp manysydygyna ýene bir mertebe göz ýetirendir. Soňra Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyjyklary bilen ruhy we maddy medeniýetiň ojagy, ýüzlerçe gymmat bahaly haly eserleriniň hazynasy bolup durýan Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördi. Bu ýere ýurdumyzyň dürli künjeklerinden getirilen, çeperçilik gymmaty we tehniki taýdan taýýarlanyşy boýunça örän seýrek tapylýan baý gymmatlyklar toplumy jemlenipdir.

BÜTINDÜNÝÄ ÝAŞLAR JEMGYÝETINE RESMI AGZALYK — ŞANLY ÝYLYMYZYŇ TARYHY WAKASY

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bolup geçýän ajaýyp wakalar, gazanylýan beýik ösüşlerdir ýetilýän mertebeli menziller eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň iň täze taryhyna zer harplar bilen möhürlenýär. Olar agzybir watandaşlarymyzyň, aýratynda, bagtyýar türkmen ýaşlarynyň durmuşynda hakydalardan baky orun alýan taryhy pursatlara beslenip, hemmämizi ýeneki beýik üstünliklere ruhlandyrýar, nurana ertirlere bolan synmaz ynamymyzy has-da berkidýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-dan hoş habaryň gelip gowuşmagy hem şeýle ajaýyp wakalaryň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi ähli ildeşlerimizi, şol sanda ýaşlarymyzy buýsandyrýar. Ata-Watanymyzyň beýik geljegini ylym-bilimden ýüki ýetik, zehinli, häzirki zaman tehnikalaryndan we tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, sagdyn hem ruhubelent ýaşlarda görýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýaş nesilleriň okamagy, hünär öwrenmegi, sport bilen meşgullanyp, hemişe sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin döwrebap şertdir mümkinçilikleriň döredilmeginiň pugta

BILIM DÜNÝÄSINDE BAGTLY ÝAŞLAR BIZ!

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bilimler we talyp ýaşlar güni Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň jemgyýetçilik durmuşynda uly orun tutýan ajaýyp baýramdyr. Bu baýramçylyk ýokary ruhubelentlik döredip, ösüşleriň aýdyň ýolundan öňe barýan eziz Watanymyza söýgimizi has-da pugtalandyrýar. Täze okuw ýylymyz hem, adatça bolşy ýaly, täzeliklere baý ýyllaryň biri. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, ýurdumyzda döwrebap bilim ojaklarynyň açylyp ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalaryna täze hünärleriň girizilmegi ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamakda, milli bilim ulgamyny hasda kämilleşdirmekde möhüm işlerdir. 2023 – 2024-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 10-syna täze hünärleriň 35-si girizildi. Şolaryň 21-sinde bakalawr, 8-sinde hünärmen, 6-synda magistr maksatnamalary boýunça bilim berler.

HALKARA YKRARNAMA

MAGTYMGULY ADYNDAKY ÝAŞLAR GURAMASY ÝUNESKO-NYŇ BÜTINDÜNÝÄ ÝAŞLAR JEMGYÝETINIŇ RESMI AGZASY BOLDY Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ýaşlar baradaky parasatly syýasaty hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde türkmenistanly ýaşlar ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Şol işler bolsa halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýär. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna hoş habaryň gelip gowuşmagy hem şaýatlyk edýär.

PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY

Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

ÝAŞLARYŇ DURMUŞ ÖZENI

Arkadagly Serdarymyz «Döwlet derejesinde ýaş türgenler üçin döredilýän ajaýyp şertlerimiz iň netijesini ýeňişli ýollar, nusgalyk sport üstünlikleriňiz arkaly görkezmelisiňiz!» diýip belleýär. Bu ajaýyp jümle, ilkinji nobatda, türkmen türgenleriniň halkara derejeli ýaryşlara işjeň gatnaşyp, halkara sport giňişliginde özleriniň gazanan üstünlikleri bilen döwlet tugumyzy mundane beýläkde belentde parlatjakdyklaryna bolan pugta ynamdyr. «Ýaşlaryň durmuş özeni» diýen sözbaşynyň döremegi häzirki wagtda adamlaryň, şol sanda ýaşlaryň işjeňligini etno-medeni, etno-psihologik däpleriň göterijisi hökmünde kabul etmegiň möhümdigi bilen baglanyşyklydyr. «Il saglygy—ýurt baýlygy» diýlen parasatly jümläniň gözbaşy, ozaly bilen, ýaşlykda meşgullanylan sportdan gaýdýar diýsek, ýalňyşmarys. Sport — bäsdeşlik, iň ýokary netijelere ymtylmak diýmekdir. Bizde ümzügini şeýle belentliklere gönükdirýä

BAGTYŇ ŞÄHERI (hekaýa)

Gülnäzik ene mele-myssyk çörekden, nogul-nabatdan dolduran saçagyny öý eýesine mürehet etdi-de, häliden bäri owadan şäheriň aňk eden binalarynyň görküni indi otaglaryň içinden synlamaga durdy. Bu wagt ol sanlyja ýylda ertekilerdäki ýaly köşgi-eýwan bolup dörän Arkadag şäheriniň görküne haýran galyp syn edýärdi. Gülnäzik ene köne goňşusy Ogulnabadyň jaý toýuna gatnaşmak üçin eli saçakly, sowgatly gelipdi. Ol jaý toýuna gelen bezemen gelin-gyzlary, saçakdaky naz-nygmatlary görüp, öz ýanyndan goňşusynyň bagtyna guwandy. Aňyrdan ýylgyryp gelen Ogulnabadyň gerdenine köz ýaly han atlasy oklan Gülnäzik ene: — Aýuw, mähriban goňşym, jaýdana bagtyň ýetik eken, seredip-seredip, ganyp bilýän däldirin, jaý dälde, şarňyldap duran köşkdä, bi. Beýle şäheri men öň görmändim. Ähli zat eliň ujunda, düwmeler bilen dolandyrylyp dur. Nesip etsin, Ogulnabat jan, ýurduň garşy alsyn! Hernä bizede nesip etsin!

«ÝAŞ WASPÇY» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI DOWAM EDÝÄR!

Resul AMANGULYÝEW,  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda yglan eden «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşiginde «Arkadag şäheri – ýaşlaryň şäheri» atly makalasy bilen žurnalyň altynjy sanynyň ýeňijisi.

TOMUS IÇIMLIGI

Tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy netijesinde biziň geýnişimiz bilen birlikde iýmitleniş kadalarymyza hem birnäçe üýtgeşmeler girizilýär. Lukmanlaryň maslahat bermeklerine görä, tomus paslynyň yssy günlerinde suwy we suwuk önümleri ýeterlik mukdarda kabul etmelidir. Mälim bolşy ýaly, tomus pasly dürli görnüşli miwelere, ir-iýmişlere, gök önümlere baý pasyl. Şol sebäpli hem bu pasylda birnäçe işdäaçyjy içgileri taýýarlamaga mümkinçilik bar. Şeýle içgileriň biri-de narpyzly limonaddyr. Narpyzly limonad suwsuzlygyňy gandyryjy we serginlendiriji içgi bolup, düzümindäki narpyz içgä ýakymly tagam we hoşboý ys berýär. Bu içgini taýýarlamak örän ýönekeý we az wagty talap edýär. |Gerekli önümler:

«ILIMIZ ULAŞDY SOWULMAZ ÝAZA» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hemde «Biznesreklama» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygymynasybetli yglan eden «Ilimiz ulaşdy sowulmaz ýaza» atly döredijilikbäsleşiginiň jemleri jemlendi. Döredijilik bäsleşigi iki ugur—goşgy düzmek hem-de makala ýazmak boýunça geçirildi. Bu ugurlar boýunça ýurdumyzyň ýokary, orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan ýaşlaryň, dürli ugurlarda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň, şeýle-de mekdep okuwçylarynyň onlarçasyndan watançylyk ruhundaky, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň gazanan beýik üstünliklerini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny wasp edýän eserler gelip gowuşdy. Eminler topary tarapyndan eserleriň iň gowularynyň awtorlary bäsleşigiň ýeňijileri hökmünde saýlanyldy.

ÝAŞLARYŇ BÜTINDÜNÝÄ BAŞARNYKLAR GÜNI

Ýaşlaryň bütindünýä başarnyklar güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji ýylyň dekabrynda döredildi. BMG-niň halkara günleriniň biri bolan Ýaşlaryň bütindünýä başarnyklar güni her ýylyň 15-nji iýulynda giňden bellenilýär. Ýaşlaryň bütindünýä başarnyklar güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji ýylyň dekabrynda döredildi. Bu sene, ýaşlaryň durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ornuny hem-de ýaşlaryň saglygy, okuwy we olaryň işe ýerleşmegi bilen bagly maýa goýumlaryny goýmagyň zerurdygyny ýatlatmaga niýetlenendir. Bu güni döretmek pikiri Şri Lankanyň BMG-däki wekillerine degişlidir. Häzirki wagtda dünýäde 15 ýaşdan 24 ýaş aralygynda 1,2 milliardýaşlar bar, bu dünýä ilatynyň 16 göterimini emele getirýär. Ýaşlyk – durmuşyň işjeň döwri bolup, onda adamöz geljegini gurmak üçin tagalla edýär, jemgyýetçilik çärelerine gatnaşýar, maşgala döredýär. Zähmet bazary üýtgeýär, ýaşlarhemişe täze şertlere uýgunlaşmalywe isleg bildirilýän hünärleri ele almaly. Yzygiderli kämilleşmek, bilimwe okuw ýaşlaryň özleri üçin zähmetbazaryndaky esasy üstünliginiň möhüm görkezijisidir.

ARKADAG ŞÄHERI (aýdym)

Aşyk bolduk seň görküňe, Mähirden gurlan şäherim!

ARKADAG ŞÄHERI — BAGTYŇ ŞÄHERI

Köpetdagyň etegine nur çaýyp, Türkmeniň bedewi çarpaýa galyp,

BAGTYŇ ŞÄHERI

Ene ýere gülýakadyr, keşdedir, Arkadag şäheri — bagtyň şäheri!

DÖWRÜŇ KYSSASY– ŞÄHERIM!

Buşluk! Eý, halaýyk, munda Täze şäher bina bolmuş.

ARKADAG ŞÄHERIM!

Gözel görkli binalaryň ak bagtymyň aýnasydyr, Ömre uzan ýagty ýollaň köňülleriň ýaýlasydyr,

«GÖZELLIKDIR ARKADAGYŇ ŞÄHERI, NESILLERE EÇILIP DUR BAHARY»

ARKADAG ŞÄHERI Gurýan ellerde gudrat bar, binalar şaýatdyr muňa,

ARKADAG ŞÄHERINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK

«Gözellikdir Arkadagyň şäheri, nesillere eçilip dur bahary» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda sebitimiziň ilkinji «akylly» şäheri bolan Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli, onuň aýratynlygyny, gözelligini, ýeten belent derejesini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen bilelikde geçiren bäsleşiginiň guramaçylyk toparyna edebi we žurnalistika žanrlary boýunça eserleriň onlarçasy gelip gowuşdy. Bäsleşigiň jemi boýunça Arkadag şäherini, onuň gözelligini, ajaýyp binagärlik gurluşyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň we sebitimiziň ilkinji «akylly» şäheri hökmünde dünýä jemgyýetçiliginde eýe bolan belent ornuny  açyp görkezýän edebi we žurnalistik eserleriň, şeýle-de Arkadag şäheriniň aýratynlyklaryny şöhlelendirýän fotosuratlaryň arasyndan has tapawutlanýanlary saýlanyp alyndy. Şeýlelikde, bäsleşige gatnaşanlaryň arasyndan proza, poeziýa, žurnalistika we fotosuratlar boýunça ýeňijiler aýry aýrylykda saýlanyp alyndy. Guramaçylar tarapyndan ýeňijilere, baýrakly orunlaryň eýelerine we işjeň gatnaşan okyjylara sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. Biz hem «Göze