BAGTYŇ ŞÄHERI (hekaýa)

4 Awgust 2023
665

Gülnäzik ene mele-myssyk çörekden, nogul-nabatdan dolduran saçagyny öý eýesine mürehet etdi-de, häliden bäri owadan şäheriň aňk eden binalarynyň görküni indi otaglaryň içinden synlamaga durdy. Bu wagt ol sanlyja ýylda ertekilerdäki ýaly köşgi-eýwan bolup dörän Arkadag şäheriniň görküne haýran galyp syn edýärdi. Gülnäzik ene köne goňşusy Ogulnabadyň jaý toýuna gatnaşmak üçin eli saçakly, sowgatly gelipdi. Ol jaý toýuna gelen bezemen gelin-gyzlary, saçakdaky naz-nygmatlary görüp, öz ýanyndan goňşusynyň bagtyna guwandy. Aňyrdan ýylgyryp gelen Ogulnabadyň gerdenine köz ýaly han atlasy oklan Gülnäzik ene:

— Aýuw, mähriban goňşym, jaýdana bagtyň ýetik eken, seredip-seredip, ganyp bilýän däldirin, jaý dälde, şarňyldap duran köşkdä, bi. Beýle şäheri men öň görmändim. Ähli zat eliň ujunda, düwmeler bilen dolandyrylyp dur. Nesip etsin, Ogulnabat jan, ýurduň garşy alsyn! Hernä bizede nesip etsin!

Jeren BÄŞIMOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň okuwçysy.