YNAMLY HEREKET — ARZUWLARA GANAT
«Hyýalyňda bir ýyldan soňra özüňi nirede görýäň?» diýseler, gürrüňsiz: «Öz toýumda» diýip jogap beräýmesem, häzirki okuw jaýymyz, okuwa girmegim, şähere gelmegim hyýalymada gelmezdi. «Bagt, şowlulyk adama ömründe bir gezek berilýär» diýýänlerem bar weli, meniň pikirimçe, olar mydama ýanymyzda. Men olara ýagşy pursatlar diýýärin.Adama ýagşy pursatlar kän gabat gelýär. Olar gelende, ýyldyz süýnendäki ýaly, dünýämizde ýalpyldap nur saçýar. Şowlulygyň elinden tutup taryh ýazmagam, taryh bolmagam biziň özümize bagly. Irginsiz zähmet, maksada okgunlylyk bizi isleýän sepgidimize ýetirip biler. Menem maňa berlen ýekeje mümkinçiligiň yzyna düşdüm. Barysy dostum Ýakubyň tomusky dynç alşa gelmegi bilen başlandy. Haçanda onuň bilen ikiçäk gürrüňdeş bolanymyzda, şäher, oýerdäki başy asmana diräp duran beýik binalar, seýil baglaryndaky gözel görnüşler, okuw jaýyndaky kitaphanalar, talyp oglan-gyzlaryň dostana aragatnaşyklary, geçilýän sapaklar barada şeýle süýji gürrüň berýärdi welin, men ýaly sada oba oglanynyň hyýallaryny gorjalaman goýmady...