ÝAŞLAR WE SEBITLERIŇ DURNUKLY ÖSÜŞI

2 Noýabr 2023
564

Türkmenistanyň durmuş syýasatynda şäherçelerde we obalarda işleýän ýaş hünärmenleri goldamak,hususan-da, ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterliligini üpjün etmek ileri tutulýar. Munuň üçin ýaş nesliň öz dogduk ýerlerinde durmuş goraglylygyny güýçlendirmegi, saýlap alan hünärlerine laýyklykda öndürijilikli we döredijilikli zähmet çekmegi üçin iş orunlaryny döretmegi, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurup,ulanmaga bermegi, ýaşlary maddy taýdan goldamagy gözöňünde tutýan giň möçberli çäreler işlenip düzüldi.

Durmuş maksatlaryna gönükdirilen bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasy esasynda ösüşlere beslenýän Türkmenistanda ýaş raýatlar üçin maddy we durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, kämil şahsyýeti kemala getirmek babatda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Aýratyn hem ýaşlaryň öz önüp ösen ýerlerinde ornaşmagyny üpjün etmek döwlet syýasatynda aýratyn üns merkezinde saklanylýar.

Gülälek TANGIÝEWA
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.