GARAŞSYZLYK BAGTYÝARLYGA ŞAMÇYRAG

4 Oktýabr 2023
669

Mähriban halkymyz Garaşsyzlygyň 32 ýyllyk şanly baýramyny ýokary ruhubelentlikde garşy aldy. Taryh üçin uzak bolmadyk döwür içinde eziz Watanymyz ösüşiň belent sepgitlerine ýetmek bilen, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda tutuş jemgyýetimizi gurşap alýan kuwwatly, oňyn özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymat her bir raýatyň bagtyýar ýaşaýşynyň üpjün edilmeginiň kepili bolup çykyş edýär.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny açyp görkezýän täze binalardyr desgalar gurlup ulanylmaga berilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen taryhda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, onlarça şäherleriň, döwletleriň we medeniýetleriň mekany bolan türkmen topragynda ýene bir täze şäher− Arkadag şäheriniň birinji tapgyry gurlup ulanmaga berildi. Munuň özi, türkmen döwletliliginiň aýdyň nyşany bolmak bilen, sazlaşykly durmuş ykdysady ösüşiň, ilatymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň anyk beýany bolup durýar. Döwletimiziň yzygiderli durmuş ykdysady ösüşleriniň her bir ugrunyň dünýä bileleşiginiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipeleri bilen utgaşykly sazlaşýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Toýly JÄNÄDOW
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary etrap Geňeşiniň işgäri