ARKADAG ŞÄHERI — BAGTYŇ ŞÄHERI

2 Noýabr 2023
516

Arkadag şäherinde sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy ýaşlaryň saýlap alan hünärini kämil ele almagyna ýardam edýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda maglumat tehnologiýalary ugrunda zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen taryhda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, onlarça şäherleriň, döwletleriň we medeniýetleriň mekany bolan türkmen topragynda ýene bir täze şäher − Arkadag şäheriniň birinji tapgyry guruldy. Ýeri gelende bellesek, hormatly Arkadagymyz bu şäheri gurmak baradaky degişli Karara 2019-njy ýylyň 4-nji martynda gol çekipdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, alym Arkadagymyzyň ak patasy bilen gurluşygy başlanan bu ajaýyp şäher özboluşly binagärlik aýratynlyklary, «akylly» şäher tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen, üçünji müňýyllygyň nusgalyk şäherine öwrüldi. Döwrebap şäheriň binagärlik keşbinde Watanymyzyň durmuş ykdysady taýdan okgunly ösüşi, ýaşaýyş durmuş üpjünçiliginiň guralyşynda milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar.

Resulberdi ÇERKEZOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby