Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 18-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Birguşak, birýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmagy, 19-njy oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşmagy hem-de bu taryhy wakalar bilen ugurdaş geçirilen çäreler ýaşlarymyzyň köňül guşuny ganatlandyryp, milli gymmatlyklarymyza buýsanjyny has-da belende göterdi.
Hususan-da, bu saparyň barşynda Hytaýyň Zenanlar we çagalar milli muzeýinde «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly serginiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň agtygynyň bu ýere gelenlere alaja örmegiň usulyny ussatlyk bilen görkezmegi ýaşlarymyz üçin görelde mekdebidir. Bu waka halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlarynyň nesilden-nesle geçirilip, mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Sergini synlamaga gelenler Milli Liderimiziň agtygynyň ussatlyk bilen alaja örüşini uly gyzyklanma hem-de haýran galmak bilen synladylar.