''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

WATAN HER BIR YNSANYŇ KALBYNYŇ, ONUŇ RUHUNYŇ BIR PARÇASYDYR

WATAN HAKDA SÖZ AÇSAŇ... Halkymyzyň watançylyk mekdebiniň örän gadymy taryhy kökleri bar. Müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen milli terbiýe mekdebinde Watana

ALTYN GÜÝZÜŇ ALTYN SAHYPALARY

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bereketli güýz paslynyň ilkinji aýy turuwbaşdan taryhy ähmiýetli şanly wakalara beslendi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy uly dabaralar bilen bellenilen bu aýda bolup geçen taryhy wakalara, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylan giň gerimli işlere mahsus esasy aýratynlyk olaryň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň röwşen geljegini nazarlap, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmaga gönükdirilendigindedir. Olarda döwrüň ruhy, şanly ýylymyzda uly ösüşleriň gazanylýandygy, şeýle-de ýaşlara bildirilýän belent ynam has-da aýdyň duýuldy. Muňa bu aýda bolup geçen möhüm wakalara gysgaça ser salanyňda hem magat göz ýetirmek mümkin. 1-nji sentýabrda giňden bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar güni hemde täze, 20232024nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, asylly däbe görä, täze bilim edaralaryny açyp ulanmaga bermek hem-de olaryň düýbüni tutmak dabaralary geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda 5 müň talybyň bilim almagyna şert döretjek Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyz Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hü

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ BAGTLY TALYPLARY

–2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy döwletimiz tarapyndan ýaşlara uly ynam bildirilýändigini, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly bilimli, giň düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigini tassyklaýar. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi, onuň talyby bolmagym kalbymy joşa getirdi. Ýaş hünärmenleri taýýarlamakda, alan bilimimizi has-da kämilleşdirmekde çäksiz mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun! Gülşat AHUNOWA,

ÝAŞLARA YNAM – GELJEGE YNAM

1-nji sentýabrda 720 orunlyk 4 sany umumy bilim berýän mekdebiň, 10 sany çagalar bagynyň, Halkara atçylyk akademiýasynyň, mugallymçylyk we lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleriniň, 1 sany 7 gatly, 28 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabaralary boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda agzybirlikde amala aşyrylýan döwletli işler ýurdumyza uly üstünlikler getirýär, eziz ýurdumyzyň abraý mertebesini dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde belende göterýär. Arkadagly Serdarymyzyň daşyna pugta jebisleşen bagtyýar halkymyz ruhubelentlikde zähmet çekip, eziz Watanymyzy üstünliklere besleýär we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuny toýlady.

SEBIT ÝAŞLAR SYÝASATYNYŇ UMUMY UGURLARY KESGITLENDI

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 14-15-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasyna işsapary ýurdumyzyň daşary syýasatda gazanýan üstünlikleriniň hatarynda, halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň nyşany hökmünde taryha ýazyldy. Ol sebit ýaşlar syýasatyny ösdürmekde, Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde hem örän netijeli boldy. Hormatly Prezidentimiz 14-nji sentýabrda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Bu sammite türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem çagyrylyp, Gahryman Arkadagymyza sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ägirt uly şahsy goşandy üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşanynyň gowşurylmagy biz — ýaşlaryň hem köňül guşumyzy ganatlandyrdy. Milli Liderimiz abraýly sylagyň gowşurylyş dabarasynda: «Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany meni halklarymyzyň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň bähbidine ähli güýç gaýratymy we durmuş tejribämi gaýgyrman mundan beýläkde tutanýerli zähmet çekmäge borçly edýär» diýip belledi. Magtymguly Pyragynyň sözlerini, doganlyk halklaryň pähimlerini mysal getirip, ata-babalarymyzyň hemişe jebislige çagyrandygy, şoňa göräde, häzirki günde syýasatda, ykdysad

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – MILLI DEMOKRATIÝANYŇ AÝDYŇ NUSGASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna, raýat jemgyýetini pugtalandyrmaga, syýasy, ykdysady, demokratik özgertmeleri has-da işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda, döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde ýurdumyzyň halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edarasynyň–Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu umumymilli forumda jemgyýetimiziň, döwletimiziň ösüşiniň ähli ugurlaryna degişli düýpli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we olar boýunça möhüm çözgütler kabul edildi.

ÝAŞLARYŇ GELJEGINE NUR ÇAÝÝAN PENTLER

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň altyn güýzüniň ilkinji güni ýurdumyzyň egsilmez kuwwaty bolan ýaş nesliň durmuşynda sözüň doly manysynda taryhy wakalara beslendi. Şol wakalaryň — Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermeginde birnäçe bilim edaralarynyň açylyp ulanmaga berilmeginiň hem-de düýbüniň tutulmagynyň, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýaşlary bilen umumy sapak geçmeginiň taryhy ähmiýeti, ilkinji nobatda, olaryň gönüden-göni ýaşlaryň bagtyýar geljegi bilen berk baglanyşykda bolmagynda jemlenýär. Gahryman Arkadagymyz bolsa: «Bagtyýar ýaşlar bilen biziň halkymyz bagtlydyr! Bagtyýar ýaşlar bilen Watanymyz bagtlydyr! Bagtyýar ýaşlar bilen döwrümiz hem dünýämiz bagtlydyr!» diýip, aýratyn nygtaýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä dolan şan-şöhratyny, abraý-mertebesini belende göterýän, pederlerimiziň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dostdoganlyk ýaly ahlak gymmatlyklaryny, asylly milli häsiýetlerini, halal zähmete hormat goýmak ýörelgelerini ykbal bezegine öwren ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ýurdumyzyň ýaşlar syýasatynda kesgitlenen esasy maksatlardyr.

GARAŞSYZ

Goý, güller açylsyn sähraň ýüzünde, Asmanam, goý, rahmet nuruny saçsyn.

DÜNÝÄ HALKLARYNYŇ ÇAGALAR HAKDAKY NAKYLLARYNDAN

Çaga eziz, edebi ondanam eziz. (türkmen nakyly).

GOŞGY ÝAZMAÝAN ŞAHYR

Men çagakam şahyrdym, çyn şahyr. Özümiň şygyrýete gelşim (şygra düşünip başlaýşym) hakynda gürrüň bermegimiň sebäbem şuň üçin.

Salyhatly şägirt

Hytaý halkynyň taryhynda Çjan Lýanyň ady juda meşhurdyr. Ol biziň eýýamymyzdan öňki 202-nji ýyldan biziň eýýamymyzyň VIII asyrlaryna çenli dowam eden Günbatar Han imperiýasyny esaslandyryjy Lýu Banyň serkerde başysy hem-de geňeşçisi bolupdyr. Onuň ýaşlygynda bolup geçen täsin bir wakany häli häzirlere çenli ýatlaýarlar. ...Günleriň birinde ýaş Çjan Lýan gezelenç edip ýörkä, bir köpriniň üstünden barýar. Ol ýerde oturan çal saçly goja nätanyş bir ýaş ýigidiň gelýänini görüp, aýakgabyny çykaryp zyňyp goýberýär. Soňundan hem: «Meniň aýakgabymy getirip beräý!» diýip, Çjan Lýana ýüzlenýär.

MILANDAN AŞGABADA ÇENLI ýa-da dünýä belli 5 tälimçini Türkmenistan bilen näme baglanyşdyrýar?

KARLOS BILARDO TÜRKMENISTANLY TÄLIMÇIDEN ASGYN GELDI Ýaryşyň derejesi: Dünýä çempionatynyň toparçadaky ýaryşy. Duşuşygyň hasaby: Argentina – Kamerun; 0:1. Geçirilen senesi: 08.06.1990.

IŇLIS DILINDE GYSGALDYP ULANYLÝAN SÖZLERIŇ MANYSY

Iňlis dili dünýäde iň köp ulanylýan dilleriň biridir. Iňlis diliniň ýazuwynda köp ýer tutmazlyk we wagty tygşytlamak üçin

USSADYŇ DÖREDIJILIGINDE SAGDYNLYK ÝÖRELGELERI

Dana akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde ynsanyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy bilen bagly dürli öwüt-ündewler getirilip, sagdyn bolmagyň serişdeleri barada gyzykly söhbet açylýar. Taryhy maglumatlardan bilşimiz ýaly, türkmen beden babatda syrdamdan sagdyn halk bolupdyr. Şunda bedeniň daş görnüşiniň göze gelüwli bolmagy we içki agzalaryň ýerbe-ýer durmagy üçin gönüden göni täsir edýän serişde bilguşak ekeni. Taryhy çeşmelerde ata-babalaryň, ene-mamalaryň baryp gadymy döwürlerden bäri bilguşak ulanandyklary barada maglumatlara gabat gelip bolýar. Şeýle guşaklar barada aýdylan çeper beýanlar akyldar şahyrymyzyň döredijiliginde hem ýygy duş gelýär. Akyldaryň «Boýlaryňa» diýen şygrynda:

ÖMRÜŇ ÖŇÜNDÄKI MÖHÜM SOWAL

Biziň esasy wezipelerimiziň biri – Watan üçin ýaşap bilýändigimizi görkez mekden ybarat. Şonuň üçinem Gahryman Arkadagymyz: «Ömrüň manysy özüň üçin ýaşap bilmekden başlaýşyna, soňra bu mertebeler başga biri üçin, maşgalaň üçin, obaň, il-ulsuň, halkyň, Watanyň üçin ýaşap bilmek derejelerine çenli beýge lip gidýär. Maksatlaryň çürbaşynda Watan bähbidini goýmak bolsa miýesser edip biljek mertebeleriň iň beýigidir» diýip ýazýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly şahana eserinde nesilleri belent ruhda terbiýelemegiň anyk ýollary, takyk usullary, sagdyn ýörelgeleri maslahat berilýär. Terbiýäniň ynsanyň on iki süňňüne kybap on iki görnüşe bölüp, beýan edilmegi hasda täsin. Olaryň her biri hemme döwürler we ähli nesiller üçin juda derwaýys bolup durýar. Şolaryň arasynda döredijilik terbiýesi hakda hem täsirli ylmy maglumatlar bar. Milli Liderimiz döredijilik sözüniň düýp manysyna ünsi çekýär: «Döredijilik sözüniň dilimizdäki manysy – bir zady täzeden döretmek, oýlap tapmak, ýagny öň bolmadyk bir zady düzmek, ýasamak, taslamak taraşlamakdyr. Dörediji – öň ýok zady, öň bolmadyk zady täzeden döredýän, peýda edýän adam diýmekdir. Her bir işe döredijilikli çemeleşmek bolsa ony öňkülerinden has ilerletmek, kämilleşdirmek üçin täze-täze çözgütleri, usullary tapmak, durmuşa ornaşdy

BIZ BAGTLY GELJEGIMIZE BARÝARYS!

Ýaşlyk adama berlen iň uly, iň gowy mümkinçilik. şonuň üçinem, parahat ýurt da şeýle uly mümkinçilikler barka, ony iň gowy zatlara sarp etmegimiz gerek. Biz bagtly geljegimize barýarys. Arkamyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz bar. Biz―ýaşlar, bagtyýar döwürde ýaşlygymyzy her gün, her pursatda duýup ýaşaýarys. Ýaşlara giň mümkinçilikler döredilýän eziz ýurtda, heý, ýaşlygyň lezzetini duýman bolarmy?! Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyň:

TÜRKMENISTAN BILEN ÝUNESKO 30 ÝYL BÄRI HYZMATDAŞLYK EDÝÄR

Türkmenistan – ÝUNESKO 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Hurini kabul etmegi şanly ýylyň taryhy wakasy boldy. Hanym Golda El-Huri geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üstüniň «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly maddy däl me deni mirasyň görnüşleri bilen ýetirilendigini aýdyp, hormatly Prezidentimize degişli güwänamalary gowşurdy.

ARKADAG ŞÄHERI – BILIMLI ÝAŞLARYŇ ŞÄHERI

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her güni şan ly wakalara beslenýär. Köpetdagyň eteginde – gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäheri ýurdumyzyň häzirki gülläp ösüşiniň ajaýyp nyşany, adam hakynda edilýän aladanyň nobatdaky beýany boldy. Aşgabatdan 30 kilometrlik günorta-günbatarda ýerleşýän täze, döwrebap megapolisde dürli maksatly desgalardyr binalar bilen bir hatarda bilim we terbiýeçilik edaralary hem gapylaryny giňden açdy. Täze okuw ýylynda häzirki zaman sanly bilim tehnologiýalary, lingafon we multimedia enjamlary bilen üpjün edilen bilim ojaklaryna ― Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine ilkinji talyplar kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň 14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek möwsümi 17-nji iýul ― 28-nji awgust aralygynda dowam etdi.

ÖŇDEBARYJY ÝAŞLAR AGZALYGA KABUL EDILÝÄR

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen,ýurdumyzda ýaşlar babatda döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda alnyp barylýan işleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň iri jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan netijeli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlar guramasynyň gujur-gaýratly agzalarynyň, ýurdumyzyň watansöýüji, ylymly, bilimli, dörediji we gurujy ýaşlarynyň ählisiniň jemgyýetimizde durnuklylygy, bitewüligi pugtalandyrmaga işjeň gatnaşjakdyklaryna, eziz Watanymyzyň mundan beýläkde gülläp ösmeginiň, bütin dünýädäki abraý mertebesiniň belende göterilmeginiň bähbidine ak ýürekden, yhlasly zähmet çekjekdiklerine berk ynanýaryn» diýmek bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işine ýokary baha berýär we uly ynam bildirýär.

KÖŇLÜMIZ BUÝSANÇDAN DOLY

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şäher gurluşyk ylhamynyň ajaýyp miwesi bolan Arkadag şäheri her birimiziň köňlümiziň buýsanjyna öwrüldi. Sebitde «Akylly» şäher ýörelgesine eýerilip bina edilen iň ilkinji we iň uly şäher bolan Arkadag şäherimiziň waspyny näçe aýtsaň hem soňuna çykmak mümkin däldir. Ähli ýaşaýyş we gulluk jaýlary, medeni we durmuş maksatly binalary häzirki zaman sanly ulgam tehnologiýalary esasynda dolandyrylýan häzirki zaman şäheri bolmak bilen bir wagtda, ol täze zamanabap hilli bilimiň, medeniýetiň, saglygy goraýşyň, sportuň we beýleki ulgamlaryň şäheridir. Şu hili zamanabap hil görkezijileri bilen bir hatarda şäheriň köçelerine, desgalaryna geçmiş taryhymyzda türkmen halkynyň ylmy medeni ösüşleri üçin ägirt uly hyzmatlary bitiren meşhur şahsyýetleriň, ýurt goran mertleriň atlarynyň dakylmagy milli terbiýäni ösdürmekde bahasyna ýetip bolmajak başlangyçdyr. Aba Annaýewiň ady meşhur seýis, ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döretmekde öçmejek yz goýan ajaýyp atşynas hökmünde ýigriminji asyrdaky çeşmelerde häli şindi agzalýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer...», «Döwlet guşy» ýaly romanlarynyň okyjylara gowuşmagy bilen, bu meşhur şahsyýetiň ady geçmişde milli seýisçilik sungatymyzy ösdürmekde, ajaýyp çapyksuwarlary, seýisleri, atşynaslary terbiýeläp ýetişdirmekde belent hyzmatlary bitiren şahsyýet hökmünde hasda giň