Salyhatly şägirt

11 Sentýabr 2023
447

Hytaý halkynyň taryhynda Çjan Lýanyň ady juda meşhurdyr. Ol biziň eýýamymyzdan öňki 202-nji ýyldan biziň eýýamymyzyň VIII asyrlaryna çenli dowam eden Günbatar Han imperiýasyny esaslandyryjy Lýu Banyň serkerde başysy hem-de geňeşçisi bolupdyr. Onuň ýaşlygynda bolup geçen täsin bir wakany häli häzirlere çenli ýatlaýarlar.

...Günleriň birinde ýaş Çjan Lýan gezelenç edip ýörkä, bir köpriniň üstünden barýar. Ol ýerde oturan çal saçly goja nätanyş bir ýaş ýigidiň gelýänini görüp, aýakgabyny çykaryp zyňyp goýberýär. Soňundan hem: «Meniň aýakgabymy getirip beräý!» diýip, Çjan Lýana ýüzlenýär.

Gunça HAMEDOWA
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby