''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

WATER DIPLOMACY OF TURKMENISTAN

Water resources are of great importance to life on Earth. The main purpose of water is to support the life of all living things – plants, animals and humans. Water diplomacy, initiated by Turkmenistan, is a new vector of diplomatic activity and a key aspect of the foreign and domestic policy of our state. The new vector of diplomatic activity–water diplomacy is being promote dat the UN at the initiative put for ward by the Hero Arkadag at the 7th World Water Forum. One of the fundamental aspects of Turkmenistan’s domestic and foreign policy is the efficient use of water resources.

TÄMIZ EKOLOGIÝA – SAGDYN JEMGYÝETI KEMALA GETIRMEGIŇ MÖHÜM ŞERTI

Ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Tämiz ekologiýa ynsanyýetiň bagtyýar şu gününiň we röwşen geljeginiň esasy şertleriniň biridir. Ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa  gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzy tokaýlaşdyrmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn çäreler döwlet bähbitlerini we ekologiýa howpsuzlygyny berjaý etmegi göz öňünde tutmak bilen ýerine ýetirilýär.

MAGTYMGULYPYRAGYNYŇ DÜNÝEWI PELSEPESI

Magtymgulynyň öňe süren ideýalary her bir döwrüň üns merkezinde saklanmaly meselelere bagyşlanandygy üçin olar hemişede döwrebaplygyny saklar. Şahyryň döreden goşgulary umumadamzat psihologiýasynyň inçe, aňasty derejedäki pikirlerini çeper aňyň üsti bilen beýan edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda 2024nji ýylda Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede dabaraly bellemek hakyndaky taryhy Kararyň kabul edilmegi buýsandyryjy waka boldy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň öwrenilişiniň we dünýä dillerine terjime etmekligiň täze döwri başlandy. Munuň özi bolsa akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ylmy esasda öwrenilmeginiň-de täze eýýamynyň başlanýandygynyň subutnamasydyr.

AŞGABAT – GÖZELLIGIŇ WE BINAGÄRLIGIŇ NUSGASY

Aşgabat şäheriniň  «Dizaýn» ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi, paýtagtymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygyna, dünýäniň ösen şäherleriniň hatarynda ähmiýetli ornuny has-da berkidýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Her ýyl bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Aşgabat şäherinde durmuş-medeni maksatly döwrebap desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hemmetaraplaýyn uly özgertmeler amala aşyrylyp, ýaşamak üçin döwrebap amatly şertler döredilýär. Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän ýüzlerçe ymaratlar bina edilýän, gülläp ösýän ak mermerli paýtagtymyz bagy-bossanlyga öwrülen şäher hökmünde dünýä degiňden tanalýar. Paýtagtymyzda bina edilýän desgalar, belent ýaşaýyş jaýlary diňe bir şäheriň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagynda hem möhüm ähmiýete eýedir.

DÖWREBAP BILIM ULGAMY WE ÝAŞLAR

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli bilim ulgamyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen, netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şunda bilim ulgamynyň kämil hukuk binýadynyň bolmagy döwrüň möhüm talaplarynyň biridir. Bilim almak hukugy adamyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup, Adam hukuklary hakyndaky ählumumy Jarnamanyň 26-njy maddasynda we beýleki halkara hukuk namalarynda berkidilen, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleriniň Türkmenistanyň Konstitusiýasyndaky şöhlelenmesi bolup durýar.  Türkmenistanda her bir raýatyň bilim almaga bolan hukugy Esasy Kanunymyzyň 55-nji maddasynda berkidilen. Kada laýyklykda, her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Ýurdumyzda umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr. Şeýle hem döwletimiz her bir adam üçin öz ukybyna görä hünär biliminiň elýeterli bolmagyny üpjün edýär.

DÖWRÜŇ TÄZE GADAMLARY

Şu ýyl döredilmeginiň 15 ýyllyk şanly senesini belleýän Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň düzüminde iki fakultet – döwlet dolandyryş hem-de hünär ýokarlandyryş fakultetleri hereket edýär. Bu ýerde 7 kafedra – döwlet we halkara hukugy, raýat hukugy, ykdysadyýet we maliýe, menejment, sanly ykdysadyýet we maglumat tehnologiýalary, jemgyýeti öwreniş ylymlary, daşary ýurt dilleri kafedralary işleýär. Şeýle hem birnäçe ugurlar boýunça okuwlar magistraturada amala aşyrylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlarýylynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa gadamy bilen dünýä ülňülerine laýyk gelýän Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndakyDöwlet gullugy akademiýasynyňdöwrebap täze binalar toplumy gurlup ulanylmaga berildi. Kalbymyzdaebedilik orun alan bu taryhy pursatlar biziň her birimiziň buýsançly başymyzy göge ýetirdi.

BEÝIK MAKSATLARA RUHLANDYRÝAN PAÝHASLAR

Gürrüň arasynda, köplenç halatda, işi şowuna bolýan adamlara «Tüweleme, günüňiz geldi» diýip, olaryň guwanjyna şärik bolunýar. Birek­biregiň begenjine begenmek, buýsanjyna buýsanmak, guwanjyna goşulyşmak – bu ata­baba dowam edip gelýän bir asylly edähet. Ýöne, bu babatda türkmen ýaşlaryny has­da bagty çüwenler diýip hasap edip bileris, çünki bu ýyl — ýaşlaryň ýyly — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly. Ýylyň başynda ýaşlary gutlanymyzda: «Tüweleme, siziň günüňiz däl, eýsem ýylyňyz geldi. Siz ylhama pürepür bu pursatlary netijeli peýdalanmalysyňyz» diýýändigimiz ýadymda. Üstümizdäki ýylda ýaşlaryň durmuşynda bolup geçen düýpli we döwletli wakalar buýsançly söhbetlere hemra edýär. Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran döwletlilik ýol-ýörelgesini — peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlarynyň öz döredijilik ukyplaryny açyp bilmekleri, Watanyň, halkyň, milletiň, döwletiň bähbidine mynasyp goşant goşmaklary üçin döredilen mümkinçilikleriň geriminiň juda giňdigi, tagallalaryň bimöçberdigi haýran galdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar we ýaşlyk hakda ündän paýhasly jümleleri ykballarymyza joşgun, yhlasymyza ylham berýär. Şan-şöhratly halkymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna zerur bolan ähli mümkinçilikleriň, şertleriň döredilmegi asylly maksatlarymyzyň has-da ilerlemegini üpjün edýär. Onsoň, eziz Watanymyz, berkarar döwletimiz, Milli Liderimiz, Arkad

BEÝIK­ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGINDÄKI ÝÜREKDEŞLIK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri özara gatnaşyklaryň medeniýetiniň we medeniýetleriň özara gatnaşygynyň köpasyrlyk tejribesini özünde jemleýän Beýik Ýüpek ýolunyň täze döwrüne badalga berdi. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregindäki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň ýürekdeşligi yklymlary birleşdiriji güýje öwrülen bu ýoluň täze eýýamynda ýaşlaryň ornunyň uludygyny dünýä äşgär etdi. 16-njy noýabrda Mary welaýatynyň Mary şäherindäki welaýat kitaphanasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýere ýygnanan ýaşlaryň ýüzündäki şatlyk, kalbyndaky buýsanç, dilindäki alkyşlar Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginiň ýylysy bilen utgaşdy. Şol gün Mary welaýat kitaphanasynyň öňündäki giň meýdançada köpugurly sergi ýaýbaňlandyryldy, aýdym-sazlaryň owazy belent ýaňlandy. Sergide ýaşlaryň taýýarlan diwarlyklary, sungat eserleri, türkmen milli gymmatlyklary görkezildi. Hormatly Prezidentimiziň Gutlagy foruma gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy Türkmenistanyň, Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ylym, bilim, medeniýet, sungat, parlament ulgamlarynyň ýaş wekillerini, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hytaýy

DORAGLY, ALMALY PIROG

Bereketli güýz paslynyň dowam edýän günlerinde pirogyň alma goşulyp taýýarlanylýan görnüşleri islendik öý bikesi üçin elýeterli bolsa gerek. Tiz wagtda taýýar bolýandygyna garamazdan, tagamly pirog her bir maşgalanyň saçagynda çaý başynyň bezegidir. Žurnalymyzyň bu gezekki sanynda şeýle pirogyň doragly gönüşiniň taýýarlanylyşyny siziň bilen paýlaşmagy makul bildik. GEREKLI ÖNÜMLER:

TÜRKMEN TÄLIMÇISI 1-nji ORUNDA

Aziýa Çempionlar ligasynyň şu möwsümi geçen ýylkylardan has şowhunly geçýär. Elbetde, dünýä futbolynyň ýyldyzlary Kristiano Ronaldo, Neýmar, Benzema ýaly we başga-da birnäçe ýyldyzlary özünde jemlän ýaryş bu gezek janköýerleri özüne çekýän dünýä derejeli uly futbol dabarasyna öwrüldi. Indi bassyr ikinji gezek ýaryşyň toparçalaýyn oýnunda öz toparlarynyň çykyşyna şaýatlyk edýän türkmen janköýerleri üçin hem Çempionlar ligasynyň orny aýratyn. Ýaryşyň şowhunynyň artmagy netijesinde yklym futbolyna meňzeş penjireden seredýän Orta Aziýa sebitiniň futbolyna we janköýerlerine, bu elbetde, başgaça duýgulary bagyş etdi. Halkara ýaryşda «Altyn Asyryň» ezeli garşydaşy bolan Täjigistanyň «Istiklol» toparynyň Ronaldonyň toparyna garşy mynasyp çykyş etmegi, Elman Tagaýewiň ozalky toparywe häzirki wagtda türkmen tälimçisiniň tälimçilik edýän Özbegistanyň «Nowbahar» toparynyň Neýmarly «Al Hilal» bilen deň oýnamagy, şeýle-de paýtagtymyzyň «Ahal» toparynyň dünýä ýyldyzlaryna eýe bolan Saud Arabystanynyň çempionatynyň wekilini ýeňlişe sezewar etmegi orta aziýaly janköýerlere bir-birine biperwaý bolmadyk ruhy galkynyş getirdi. Sebit futbolynyň yklym derejesindäki orny taryhda hem biri-birine bagly diýip aýdyp bolar. Meselem, Orta Aziýa toparlarynyň Çempionlar ligasyndaky iň ýokary netijesi «Pahtakora» degişli bolsa, hut şol netijäniň gazanylmagynda daşkentlileriň şol wagtky baş tälimçisi, türkmeni

BU AÝDA KIMLER DOGULDY?

 Oktýabr aýy. Bereketli güýzüň bu aýy dünýäde meşhur şahsyýetleriň iň köp doglan aýlarynyň biri diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmasa gerek. Žurnalymyzyň şu gezekki sanynda olardan käbirlerini size ýetirmegi makul bildik. 1. 1895nji ýylyň 3-nji oktýabrynda meşhur rus şahyry Sergeý Ýesenin dünýä indi. 2.1965-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda häzirki wagtda maglumat howpsuzlygy boýunça dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan «Kaspersky» kompaniýasynyň esaslandyryjysy–programmaçyÝewgeniýWalentinowiç Kasperskiý dünýä indi. 3.1940-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda dünýä belli aýdymçy, kompozitor, ýazyjy, döwrüniň meşhur «The Beatles» aýdym-saz toparynyň esaslandyryjysy Jon Lennon doguldy.

Döredijilik dünýäsi

ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR Ertirlere ynam, ak bagta güwä,

Döredijilik dünýäsi

ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR Toýdur baýram bilen dogýar her säher,

Döredijilik dünýäsi

Sähram Hydyr gören ýerler – mele topragym,

KITAP – PAÝHASLAR UMMANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky kabul edilen karardyr permanlar bu günki gün üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitaphanaçylyk işini ösdürmäge, kitaphanalaryň täze binalaryny gurmaga, olaryň maddy enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmäge uly üns berýär. Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan durmuş tejribesi, akyl-paýhasy kitaplarda saklanýar. Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenler Oguz han döwründen bäri kitaby iň ýokary ruhy gymmatlyk, mukaddeslik saýypdyr» diýip bellemek bilen, adam üçin kitabyň iň uly ruhy gymmatlykdygyny nygtaýar. Hakykatdan hem, türkmen halky okumyş, kitaphon halk bolupdyr. Munuň şeýledigine Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasyny okanyňda hem magat göz ýetirmek bolýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip bellemegi-de ýöne ýere däl.

ALTYNA MÄTÄÇ ADAM

Jorj KLEÝSONYŇ «Wawilonyň iň baý adamy» atly kitabyndan Wawilonly araba ussasy Bansir gam laýyna batyp ýegşerildi. Ol howlujygyny gallap duran pessejik haýatyň düýbünde ýaplanyp oturyşyna, horaşaja külbesine hem serpilgi derwezesinden tamamlanmadyk araba görnüp duran ussahanasyna tarap gussaly göz aýlady. Öýüň işiginiň yşyndan wagtal-wagtal aýaly görünýärdi. Onuň assyrynlyk bilen jyklap durşy et haltanyň boşaňkyrlandygyny, Bansiriň paltadyr çekijine ýapyşyp, arabanyň derisini çekdirip, ýylmap, ýalpyldadyp, reňkläp baý müşderä satmalydygyny aňdyrýardy. Emma araba ussasynyň berdaşly göwresi şol oturan ýerinden gozgananokdy. Onuň kellesinde meseläniň çözgüdini tapyp bilmeýän pikirleri nirä gitjegini bilmän, aýlanyşyp dur. Ýefrat jülgesi üçin adaty, Bansir üçin bolsa jebir şöhlelerini saçýan Gün alasmana galypdyr. Ussa gaşyndan syrygýan der damjalarynyň gapak ýaly döşüni basyran gyllara siňip gidişini syzman otyr. Onuň öýüniň aňyrsynda patyşa köşgüniň basgançak şekilli giň diwary seleňleýär. Gapdalda bolsa Waal ybadathanasynyň ýiti reňkli diňi gök diräp dur.

ASYRYŇ USSAT NAKGAŞY

XX asyr türkmen şekillendiriş sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri bolan Yzzat Gylyjowyň 100 ýyllygy ýakynda uly dabara bilen bellenilip geçildi. Bereketli güýzüň ikinji aýy bolan oktýabr agzalanda medeni gurşawyň giňişliklerinde hakykaty çeper keşplerde beýan etmekde tapawutlanan, adam zähmetiniň edebiýat, suratkeşlik, grafika, heýkeltaraşlyk, bezeg, binagärlik, amaly-haşam sungaty, aýdym-saz, teatr, kino ýaly görnüşleriniň ylmy we durmuş «harplygyny» düzüjileri hasap edilýän Ş.Batyrowyň, K.Gurbannepesowyň, G.Daşgynowyň, A.Çarygulyýewiň, A.Kekilowyň, P.Saryýewiň, Sapargeldi Annasähet Iner oglunyň, N.Annatyýewanyň, O.Apbasowanyň, T.Jumageldiýewiň, G.Daňatarowyň we Y.Gylyjowyň mertebeli atlary, ykballary kalbymyzda ilkinjileriň hatarynda janlanýar. Türkmen şekillendiriş sungatynyň soňky ýüz ýyllyk ösüş taryhy, olaryň çeperçilik dünýäsiniň gözellikleri wasp edilende Yzzat Gylyjowyň ady buýsanç bilen tutulýar. XX asyr türkmen şekillendiriş sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri bolan Yzzat Gylyjowyň 100 ýyllygy ýakynda uly dabara bilen bellenilip geçildi.

ZEHIN BILEN YHLAS SAZLAŞANDA

«Zehin bolanda-da, ony öz yhlasyň, zähmetsöýerligiň, tutanýerliligiň bilen ýiteldip durmasaň, ol seni ýeňişli menzillere alyp gitmeýär. Zehin uly yhlasyň, ukyp-başarnygyň bar ýerinde öz miwesini eçilýär». Men Gurbanmyrat Muhammedowyň makalalaryny onuň talyp döwürleri, esger wagtlary hem okaýardym, telewideniýedäki çykyşlaryna yzygiderli tomaşa edýärdim. Bu ýagdaý häzirem dowam edýär. Onuň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlarynyň, beýleki pudakda işleýän ýaşlarynyň arasynda geçirýän çärelerindäki wagyz-nesihat, watançylyk temasy dogrusyndaky çykyşlaryna, jemgyýetçilik işjeňligine, ýokary guramaçylyk başarnygyna birnäçe gezek janly şaýat bolanymdan soňra, onuň bilen ýakyndan söhbetdeşlik etmek ozaldan meýlimde bardy. Onuň uly üstünlige eýe bolan güni bolsa şeýle mümkinçilik döredi. Biz Gurbanmyrady şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň toýlanýan günlerinde gazanan döredijilik üstünligi – Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolmagy bilen gutlap, alyp barýan işleri, öňde goýan maksatlary barada gürrüň bermegi haýyş etdik.

HARPDAN OWAL EDEP

Perzent terbiýesine, aň-düşünjesine aýratyn ähmiýet berilmegi halkymyzyň arasynda mekdep derejesine göterilen gymmatlykdyr. Bir kitapdan okapdym, «Asmandan gaýry her zadyň sütüni, diregi bolýar. Ynsanyň diregi onuň ahlagydyr». Ilki okamda, sözüň manysyna çuňňur aň etmesem-de, gün geçdigi saýy edep-ahlak, görüm-görelde, adamkärçilik, halallyk ýaly gürrüňlere şärik bolanymyzda, durmuş wakalaryny susup alyp, wakalaryň soňy netijesi hakdaky söhbetlere gyzyganymyzda, bu zatlara barha giň göz ýetirýän ekeniň. Ata-babalarymyzyň «Harpdan owal edep» diýen manyly sözüniň perzent terbiýesinde möhüm bir zatdygyna, onuň geljegini kesgitleýän we asylly tarapa gönükdirýän çelgidigine düşünýärsiň.

MYRAT TAPAN YHLAS

Sakasynda hormatly Prezidentimiz duran oba hojalyk özgertmeleri oňyn miwesini hem berýär. Türkmen oba-hojalykçylary özleri üçin edilýän çäksiz yhlasyň, döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde ýer bilen işlemekde tejribesini artdyryp, ýylyň ýylyna ekinleriň dürli görnüşlerinden bol hasyl alýarlar. Pudagyň ylmyň güýji bilen kämilleşdirilmegi bolsa netijeliligi ýokarlandyrýar. Ekiniňki dökün bilen. Dökün näçe gowy bolsa, hasyl hem şonça kän, ýerem şonça gurply bolýar. Oba hojalykçylar azot, fosfor we kükürt garyşdyrylan döküniň  has ýokary hasyl  berýändigini bilýändirler. Ylmy dilde şeýle dökünler «NPS dökünleri» diýlip atlandyrylýar. Ynha, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Täze maddalary sintezlemegiň tehnologiýalary barlaghanasynyň esasy inženeri Enejan Kulyýewa döküniň şeýle görnüşini ýerli şertlerde öndürmek boýunça ylmy gözleglerini geçirip, olardan oňyn netije hem aldy. Ýaş alym bu işi bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy bäsleşigiň ýeňijisi hem boldy.