Magtymgulynyň öňe süren ideýalary her bir döwrüň üns merkezinde saklanmaly meselelere bagyşlanandygy üçin olar hemişede döwrebaplygyny saklar. Şahyryň döreden goşgulary umumadamzat psihologiýasynyň inçe, aňasty derejedäki pikirlerini çeper aňyň üsti bilen beýan edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda 2024nji ýylda Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede dabaraly bellemek hakyndaky taryhy Kararyň kabul edilmegi buýsandyryjy waka boldy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň öwrenilişiniň we dünýä dillerine terjime etmekligiň täze döwri başlandy. Munuň özi bolsa akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ylmy esasda öwrenilmeginiň-de täze eýýamynyň başlanýandygynyň subutnamasydyr.