Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi, paýtagtymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygyna, dünýäniň ösen şäherleriniň hatarynda ähmiýetli ornuny has-da berkidýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Her ýyl bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Aşgabat şäherinde durmuş-medeni maksatly döwrebap desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hemmetaraplaýyn uly özgertmeler amala aşyrylyp, ýaşamak üçin döwrebap amatly şertler döredilýär. Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän ýüzlerçe ymaratlar bina edilýän, gülläp ösýän ak mermerli paýtagtymyz bagy-bossanlyga öwrülen şäher hökmünde dünýä degiňden tanalýar. Paýtagtymyzda bina edilýän desgalar, belent ýaşaýyş jaýlary diňe bir şäheriň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagynda hem möhüm ähmiýete eýedir.