«Zehin bolanda-da, ony öz yhlasyň, zähmetsöýerligiň, tutanýerliligiň bilen ýiteldip durmasaň, ol seni ýeňişli menzillere alyp gitmeýär. Zehin uly yhlasyň, ukyp-başarnygyň bar ýerinde öz miwesini eçilýär».
Men Gurbanmyrat Muhammedowyň makalalaryny onuň talyp döwürleri, esger wagtlary hem okaýardym, telewideniýedäki çykyşlaryna yzygiderli tomaşa edýärdim. Bu ýagdaý häzirem dowam edýär. Onuň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlarynyň, beýleki pudakda işleýän ýaşlarynyň arasynda geçirýän çärelerindäki wagyz-nesihat, watançylyk temasy dogrusyndaky çykyşlaryna, jemgyýetçilik işjeňligine, ýokary guramaçylyk başarnygyna birnäçe gezek janly şaýat bolanymdan soňra, onuň bilen ýakyndan söhbetdeşlik etmek ozaldan meýlimde bardy. Onuň uly üstünlige eýe bolan güni bolsa şeýle mümkinçilik döredi. Biz Gurbanmyrady şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň toýlanýan günlerinde gazanan döredijilik üstünligi – Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolmagy bilen gutlap, alyp barýan işleri, öňde goýan maksatlary barada gürrüň bermegi haýyş etdik.