TÜRKMEN SUNGATYNYŇ PARLAK ÝYLDYZY
Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa bilbil owazy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň milli medeniýetine egsilmez goşant goşan ussatlaryň biridir. Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa bilbil owazy bilen ençeme aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirip, agzybirligi, parahatlygy şirin owazy bilen äleme ýaýdy. Ussat opera aýdymçysy Maýa Kulyýewa «Zöhre-Tahyr», «Leýli-Mežnun», «Şasenem-Garyp», «Abadan», «Aýna» ýaly operalarda baş gahrymanlaryň keşplerini ýatda galyjy we ynandyryjy janlandyrmagy başaryp, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Ýadymda, 2012-nji ýylda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Zöhre-Tahyr» operasy görkezildi. Halypa artistler bu opera tomaşaçy hökmünde gatnaşyp, ýaş artistleriň çykyşlaryny diňlediler. Ussat halypalar opera tamamlanandan soňra, özlerinde galan täsirler dogrusynda çykyş edip, ýaşlara bolan guwanjyny beýan etdiler. Şol duşuşyga gatnaşyp, Maýa Kulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, Ene Baýramberdiýewa ýaly ägirtler bilen ýakyndan tanyşmak bagtyna eýe bolanymy men ömrümiň iň bir ajaýyp pursady hökmünde ýatlaýaryn. Dabaraly duşuşykdan soňra gujagy elwan güllerden doly halypa ussatlarymyz teatryň gapysyna ýöneldiler. Men ol gülleri halypalaryň öýüne äkidişmäge ýardam etmäge isleg bildirdim. Bu sözüme mähriban käbämi ýatladyp duran ussatlarymyz diýseň hoşal boldy. Men ol