ÝAŞLARYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYGYNY ÖSDÜRMEGIŇ UGURLARY KESGITLENDI

3 Awgust 2023
733

«Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023—2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny has da ösdürmekde, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemekde, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde giň möçberli işler, çäreler bilen utgaşýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 10-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Karary bilen, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» tassyklandy. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen ýaşlarynyň röwşen geljegi ugrunda giň möçberli işleriň amala aşyrylýandygynyň nyşanydyr. Bu Strategiýa ýurdumyzyň kanunçylygy we Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda, ýaşlarymyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen kabul edildi. Onda bellenişi ýaly, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy dünýä bileleşiginiň durnukly, netijeli durmuş ykdysady, ylmy tehniki ösüşini üpjün etmegiň, döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň şerti, hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi has uly bolan görnüşleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýaşlarynyň beýleki döwletlerdäki deň-duşlary bilen gatnaşyklaryny mundan beýläkde berkitmek we ösdürmek, dünýäde häzirki zaman ýaşlar hereketini ösdürmegiň möhüm meselelerine bagyşlanan iri sebit we ählumumy forumlara, şeýle hem Halkara ýaşlar guramasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň hemde beýleki abraýly halkara düzümleriň ugurlary boýunça kabul edilen, köptaraply resminamalara esaslanan, giň gerimli we uzak möhletli maksatnamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen işine gatnaşmagy ýurdumyzyň ýaşlar syýasatynyň örän möhüm ugurlarydyr. Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny goldaýan strategiýa «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenen esasy maksatlary, wezipeleri, ýörelgeleri we esasy ugurlary üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen taýýarlandy. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny hasda ösdürmekde, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemekde, ruhy ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde giň möçberli işler, çäreler bilen utgaşýar. Ol sebit we ählumumy derejelerde Türkmenistanyň halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň maksatlaryny hemde wezipelerini, ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň guramaçylyk taraplaryny kesgitleýär. Strategiýada bilim, ylym, medeniýet we sport, ýaşlar hereketi, ýaşlar parlamentarizmi hemde halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary birin-birin kesgitlenýär. Mysal üçin, halkara bilim hyzmatdaşlygy ulgamynda ýurdumyzda daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň bölümlerini açmak mümkinçiligini öwrenmek, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde okatmak üçin daşary ýurtly alymlary, professor mugallymlary, hünärmenleri hem-de bilermenleri çekmegi giňeltmek, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen talyplary we mugallymlary alyşmak, iki diplom (Double Degree) maksatnamasy boýunça beýleki ýurtlaryň okuw mekdepleri bilen işgärleri bilelikde taýýarlamagy ýola goýmak ýaly wezipeler göz öňünde tutulandyr. Ylym babatda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýaş alymlarynyň bilelikdäki ylmy barlaglaryny guramak, barlag taslamalaryny durmuşa geçirmek ýaly wezipeler öňde goýulýar. Medeni ulgamda ýaş zehinleri ýüze çykarmak, goldamak boýunça «Ýaş zehinler» maksatnamasyny işläp düzmek, ony medeniýet we sungat babatda degişli daşary ýurt guramalary bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirmek, ýaşlaryň medeniýetara dialogyny goldamak ugrunda işler alnyp barlar. Türkmenistanyň ýaşlar neşirleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň halkara hyzmatdaşlygy goldanar, şeýle hem özara esasda ýaş žurnalistleriň metbugat saparlary we tejribe alyşmagy guralar. Sport boýunça ýaşlaryň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe sagaldyş we sport çärelerini, şol sanda açyk Halkara ýaşlar oýunlaryny guramak hem-de geçirmek ýaly işlere giň gerimde badalga berler. Türkmenistanyň ýaş parlamentarileriniň halkara ýaş parlamentariler hereketine gatnaşmagyny gazanmak boýunça-da çäreler Strategiýada aýratyn görkezilýär. Bulardan başgada, ýaşlaryň arasynda telekeçiligi ösdürmek babatda halkara tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak ýaly dürli ugurlarda dünýäde öňdebaryjy gazanylanlardan ugur almaga ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

«ArkadaglyÝaşlar».