TARYHY DÖWRÜŇ TARYPA MYNASYP ESERLERI

3 Awgust 2023
511

Halkymyzda «Ýagşy ýigidiň ady köp» diýlişi ýaly, Arkadag şäheriniň ady hem şäherleriň ajaby hökmünde birnäçe meňzetmeler bilen bile tutulýar. «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze kitapda hem «geljegiň şäheri», «ýaşlaryň şäheri», «akylly» şäher, «ýaşyl şäher» ýaly taryply atlara eýe bolan Arkadag şäheriniň degişli taraplary açylyp görkezilýär.

Her ädimde kämillige ymtylýan ynsan üçin kitapdan gowy sowgat ýok. Bu düşünje, esasanda, guba düýesini birje kitaba çalşyp bilen halkyň nesilleri bolan biz—türkmen ýaşlary üçin hasda gymmatly. Ruhy dünýämizi  baýlaşdyryp, daşky dünýämiziň görküne görk goşýan dürdäne eserleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň peşgeş bermegi bu düşünjäniň gymmatyny öňküden hem artdyrýar. Ine, ýakynda, türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şöhratly senede, sebitde «akylly» şähergurluşy bilen saýlanýan Arkadag şäheriniň açylmagynyň öňüsyrasynda elimize gelip gowşan ajaýyp kitaplar hem muňa aýdyň mysaldyr. Hakymyz üçin taryhy sene bolan iýun aýynyň 29-yna, hormatly Prezidentimiziň hut özüniň, şeýlede dünýäniň çar künjünden gelen abraýly myhmanlaryň, il-halkymyzyň gatnaşmagynda birinji tapgyry açylyp, ulanylmaga berlen, sebitde deňi-taýy bolmadyk, «akyly» şäher gurluşy bilen meşhur bolan Arkadag şäherine seýran etmäge höwes etmeýän ýok bolsa gerek. Bu gün her kimiň diliniň senasyna, ýürekdäki arzuwyna öwrülen Arkadag şäheri tarypa tüýs mynasyp. Munuň şeýledigini ýörite Arkadag şäherini synlamaga, onuň gözelliginden lezzet almaga daşary ýurtly jahankeşdeleriň, ýurdumyzyň bäş welaýatyndan ildeşlerimiziň yzygiderli gelmekleri hem subut edýär.

Aýgül GARAÝEWA,
«Arkadagly Ýaşlar».