ÝAŞLAR ÖZ ŞÄHERINI DÜNÝÄ ÇYKARÝAR

2 Awgust 2023
577

Dünýä şäherleriniň meşhurlygyny adybir sport toparlary, neşirler, teleýaýlymlar, kompaniýalar we beýlekiler has-da artdyrýar. Çünki şäherler bilen adybir gurluşlar özi bilen bir hatarda wekilçilik edýän şäherini hem dünýä çykarýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary bilen Arkadag şäherinde hem şu ýörelgä eýerildi. Şäheriň açylan gününde «Arkadag» teleýaýlymynyň we adybir gazetiň işläp başlamagy, «Arkadag» futbol toparynyň eýýäm üstünliklere beslenen ýola gadam goýmagy munuň aýdyň mysalydyr. Teleýaýlymlar, gazet-žurnallar islendik döwlet, şäher bilen gaýybana tanyşlygyň esasy serişdeleridir. Gaýry döwletlere, azym azym şäherlere syýahata çykylmazdan ozal, şol döwlete, şähere degişli teleýaýlymlar, neşirler bilen gyzyklanylýar. Gyzykly tarapy, syýahatdan soň hem şol neşirlerdir teleýaýlymlar bilen gyzyklanmalaryň dowam edýänligidir. Mundan beýläk ýurdumyza geljek myhmanlaryň ilkinji gelip görmek isleýän ýerleriniň biriniň Arkadag şäheri boljakdygy gümansyz hakykatdyr. Diýmek, «Arkadag» teleýaýlymy bilen adybir gazet hem olaryň ünsüni özüne çeker. Şäher bilen bir günde doglan teleýaýlymdyr neşir, hut, şu talapdan ugur alyp, öz işlerini kämil derejede ýola goýmaga girişdiler. Sanly ulgamyň durmuşymyza barha içgin ornaşýan döwründe milli neşirlerimizi dünýäniň islendik künjeginden okap, teleýaýlymlara jahanyň çar tarapynda tomaşa etmek mümkinçiligi döredildi. Teleýaýlym bilen gazet – şäheriň Ýer ýüzündäki aýnasy. Olar täze şäheriň waspçylary. Diýmek, dünýä jemgyýetçiligi neşirdir teleýaýlym arkaly türki dünýädäki ilkinji «akylly» şäher bilen has ýakyndan tanşyp bilerler. Şäheriň adyny göterip, ony dünýä çykarjak aýratynlyklaryň ýene biri hem «Arkadag» futbol toparydyr. Şu ýylyň baharynda döredilen topar milli ýaryşlarda eýýäm özüni görkezip, ýoluna üstünlikler bilen girişdi. Deslapky maglumatlara görä, döredilen gününden bäri, resmi duşuşyklaryň 12sini geçiren topar şolaryň ählisinde ýeňiş gazandy. Bu duşuşyklarda garşydaş derwezelere 48 pökgi geçiren topar Türkmenistanyň çempionatynda birinji basgançaga, Kubok ýaryşynda ýarym finala çykdy. Biz bu maglumatlary näme üçin getirýäris? Häzirki depgin dowam etse, şu ýyl toparyň çempionlygyna ýa Kuboga eýe bolmagyna (belki, ikisinede) garaşyp bolar. Bu bolsa toparyň geljek ýyldan başlap, halkara ýaryşlara gatnaşjakdygyny görkezýär. Diýmek, «Arkadag» futbol topary dünýä futbol arenasyna adybir şäheriň ady bilen çykar. Toparyň her ýeňşinde, her üstünliginde şäheriň ady tutular. Diýmek, futbol topary hem edil teleýaýlymdyr gazet ýaly täze şäheriň geljekde dünýäniň iň meşhur şäherleriniň biri bolmagyna goşandyny goşar. Häzirki bat, üstünlikli başlangyç toparyň halkara giňişlikde hem ýurdumyzyň sport abraýyna abraý goşjakdygyny buşlaýar. Şu işleriň ählisini amal edip, öz şäheriniň adyny dünýä çykarmak Arkadag şäheriniň ýaşlarynyň elinde. Çünki teleýaýlymyň işgärlerem, gazetiň galamgärlerem, futbolçylar hem ýaşlaryň wekilleri. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz olara iş, ýaşaýyş babatynda ähli mümkinçilikleri döredip berdi. Olara diňe kämil telegepleşikleri taýýarlap, makalalary, çeper eserleri ýazyp, futbolda kämilleşip, şäheriň adyny dünýä çykaraýmak galýar. Arkadagly ýaşlaryň döredijilikde-de, sportda-da çäksiz ukyba eýediklerini bilýäris. Şonuň üçin olaryň öz şäherleriniň adyny iň ýakyn geljekde dünýä çykarjakdyklaryny hem belent ynam bilen aýdyp bileris.

«Arkadagly Ýaşlar»