ARKADAG ŞÄHERI— ÝAŞLARYŇ YLHAM JOŞGUNY

2 Awgust 2023
405

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda Arkadag şäherinde bina edilen medeni durmuş maksatly desgalardyr seýilgähler bilen giňden tanyşmak maksady bilen, ýaş ýazyjy şahyrlardan, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlardan, şol sanda Ýaşlar baýragynyň eýelerinden, ýaş alymlar bäsleşikleriniň ýeňijilerinden, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalaryndan, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat bolan topar, paýtagtymyzdaky jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinden Arkadag şäherine gezelenç we döredijilik saparyna ugradylar. Ýol ugruna gezelenç we döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar, ýaş ýazyjy şahyrlar Arkadag şäheriniň ajaýyplyklary, täsinlikleri barada söhbetdeş bolup, özara pikir alyşdylar, joşgunly ýerine ýetirilen aýdymlary diňlediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez yhlasy, eziz Diýarymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsi bilen sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda Arkadag şäheri döredi. Munuň özi Berkarar döwletimizde halkymyzyň eşretli durmuşy, nurana geljegi barada edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň mysalydyr. Täze şäheriň jana şypaly tebigy gurşawy, belent binalary, döwrebap şertleri, sanly ulgamyň mümkinçilikleri, ýaşaýyş jaýlary, ähli ajaýyplyklar ynsan kalbyny nurlandyrýar. Şonuň üçinhem bu ajaýyplyklary gören her bir adam tüýs ýürekden buýsançly sözleri beýan edýär. Şeýle buýsançly sözler gezelenç we döredijilik duşuşygyna gatnaşan ýaşlaryň hem dilleriniň senasyna öwrüldi. Olar ilki bilen, Arkadag şäheriniň «Akhan» binasynyň aýratynlygy bilen tanyş boldular. Bilşimiz ýaly, bedew durkunda ynsan syzgyrlygyny jemlän Akhan çarpaýa galyp, ozalky rekordyndan 2 esse ýokary netijäni görkezen, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň seýislän behişdi bedewidir. Akhan Arkadag şäheriniň simwolydyr! Akhan halkymyzy myradyna gowşuran atdyr! Ajaýyp tebigatyň goýnunda biri-birinden kaşaň köşklere, gözel binalara syn edeniňde, olarda ýaşajak, zähmet çekjek we ylym-bilim aljak ýaşlaryň bagtyýarlygyna buýsanýarsyň. Arkadag şäherinde gurlan binalar we ýaşlaryň dürli ugurlar boýunça bilim almaklary üçin döredilen mümkinçilikler olaryň işine ussat, kämil hünärmenler bolup ýetişmegine, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolmagyna itergi berer. Milli Liderimiz: «Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegi guwançly ýagdaýdyr» diýip bellemek bilen, şäheriň döwrebap durmuş düzümlerinde ýaşlara uly ornuň degişlidigini nygtaýar. Bu, ýaşlaryň ykbalynyň Arkadag şäheri bilen gös-göni baglanyşyklylygydyr. Arkadag şäheriniň dolandyryş we beýleki edaralarynyň ýolbaşçy wezipelerine, esasan, ýaşlar bellenildi. Şäherde işlejek hünärmenleriň, ýaşajak ilatyň aglabasy ýaşlardan ybarat. Şeýlelikde, bu şäherde häzirki we geljekki nesilleriň jebis bitewüligi, ýurdumyzyň okgunly ösüşi öz beýanyny tapýar. Gezelenjiň dowamynda kalby ylhamly ýaşlar Arkadag şäheriniň «Arkadag» binasyna baryp gördüler we bu gözel ýerlerde bagtyýar ýaşlar ömürleriniň iň ýatda galyjy we owadan pursatlaryny ebedileşdirmek maksady bilen, ýadygärlik surata düşdüler. Hawa, ömrümiziň her bir şatlykly pursady Gahryman Arkadagymyz bilen aýrylmaz baglydyr. Milli Liderimiz merdana halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna örän köp işleri bitirdi. Atalyk aladasy bilen bizi ummasyz mümkinçiliklere eýe etdi, diňe bir ýurdumyzyň raýatlarynyň däl, eýsem, ýer ýüzüniň millionlarça adamlarynyň bähbidine çözülýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürüp, sogaply işleri, ýagşy ýörelgeleri durmuşa geçirdi. Ilýurt bähbitli işleri ähli zatdan ilerde goýan watanperwer Lideriň belent gadamlary rowaçlyk tapyp, hemişe uly üstünliklere eýe bolýar. Arkadag şäheriniň 1-nji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň Türki halklaryň medeniýeti we sungaty boýunça halkara guramasynyň iň ýokary sylagy bolan «TÜRKSOÝ» ordeni, şeýlede Türki dünýäniň inžener we binagärler birleşiginiň «Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin» medaly bilen sylaglanmagy Milli Liderimiziň ýer ýüzüniň halklarynyň jebisligini, agzybirligini, parahatçylygyny, abadançylygyny, bagtyýarlygyny gazanmak ugrundaky aýgytly işleriniň özenidir. Arkadag şäherinde ýerleşýän belent «Arkadag» binasyny synlaýan ýaşlaryň ýüreginde baş göreldämiz bolan Milli Liderimize çäksiz buýsanç joşurdy. Gezelenç duşuşygynyň dowamynda bagtyýar ýaşlar Arkadag şäherindäki «Arkadag» stadionyna baryp gördüler. Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda sportuň sazlaşykly ösüşine uly ähmiýet berilýär. Türgenlerimiz dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän halkara ýaryşlarda netijeli çykyş edýärler. Ýurdumyzda gurulýan döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlarynda, obalardyr şäherçelerde häzirki zaman sport düzüminiň bolmagy esasy talaplaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylan Arkadag şäheriniň döwrebap sport desgalary hem bu ýerde sportda uly üstünlikleri gazanjak türgenleriň kemala geljekdigine, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, beden hem ruhy taýdan sagdyn ynsanlar bolup ýetişjekdigine uly ynam döredýär. Kämilligiň nusgasy bolan bu täze şäherde bina edilen sport desgalary türkmen türgenleriniň ýeňişli ýolunyň dowamat dowam boljakdygyna güwä geçýär. Arkadag şäherine gezelençde bolýan ýaşlar soňra Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna bardylar we kitaphanadaky gadymy golýazmalar, nusgawy edebiýatymyzyň, ýazyjy şahyrlarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden kemal tapan ajaýyp eserleri bilen tanyşdylar hem-de olary okap, özlerine gymmatly maslahatlary aldylar. Bagtyýar ýaşlar soňra şäheriň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp, bu ýerde döredilen muzeý gymmatlyklarynyň aýratynlyklaryna uly gyzyklanma bilen syn etdiler. Muzeýiň gorlary ýurdumyzyň taryhy ösüşiniň ähli döwürlerini görkezýär we olaryň hatarynda gadymyýetiň, bürünç we demir asyrlarynyň, neolit we eneolit eýýamlarynyň, orta asyrlaryň we beýleki döwürleriň belli ýadygärlikleri bar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň taryhyny öwrenmek, merdana pederlerimiziň sarpasyny belentde tutmak, şu günki we geljekki nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek babatda uly işler amala aşyrylýar. Çünki halkymyzyň gadymy mirasyny, mukaddes ýoly öwrenmek, olary goramak bilen Watanymyzyň beýikligine, taryhynyň şöhratlydygyna göz ýetirýärsiň. Munuň özi ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagy, nazary bilimleri kämilleşdirmegi, sanly tehnologiýalary özleşdirmek bilen, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Sanly tehnologiýalaryň, nanotehnologiýalaryň, tehnologiýalar merkezleriniň, nouhaularyň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy ýaşlarymyzyň bu ugurda has-da kämilleşip, ösüşleriň öň hatarynda bolmagyna, täze döwrebap nesliň kemala gelmegine oňyn täsir edýär. Bilşimiz ýaly, Arkadag şäherindäki öýlerde ýerleşdirilen «Arkadagly ýaşlar» programmasynyň türkmen ýaşlary tarapyndan amala aşyrylmagy örän guwandyryjydyr. Gezelenjiň dowamynda bagtyýar ýaşlar «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda binýat bolan Arkadag şäherinde döredilen sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen tanyş boldular. Soňra gezelenç we döredijilik duşuşygyna gatnaşyjy ýaşlar Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler zalynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi hemde Arkadag şäheriniň Geňeşleriniň bilelikde guramaklarynda «Arkadag şäheri–ýaşlygyň we geljegiň şäheri» atly maslahat duşuşygyna gatnaşdylar. Onda çykyş eden ýaşlar täze taryhy döwürde kabul edilen döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmäge we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini, binagärlik şähergurluşyk işleriniň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, onuň çäklerinde adamlaryň ýaşamagy we dynç almagy üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap şäher obalaryň gurulýandygyny, ähli ýerlerde sanly ulgamlaryň, «akylly» tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny buýsanç bilen bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde, Arkadag şäheri adamlaryň durmuşy, zähmet çekmekleri, dynç almaklary üçin iň kämil we amatly, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän şäherleriň birine öwrüldi. Köpetdagyň eteginde döredilen bu şäher, diňe bir ýurdumyzyň obalary we şäherleri üçin däl, eýsem goňşy sebitler üçin hem ekologik abadançylygyň nusgasy bolup durýar. Bu ýerde gurlan sanly ulgam esasynda iş alyp barýan edarakärhanalar, durmuş maksatly desgalar, döwrebap elektrobuslary we elektrotaksileri öz içine alýan ulag kommunikasiýa ulgamy ekologik gurşawyň abadançylygyny üpjün edýär. Täze şäheriň ekologiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar talaplaryna hem aýratyn üns berlipdir. Şu nukdaýnazardan, täze açylan şäher abraýly halkara guramalaryň we birleşmeleriň 20den gowrak güwänamalaryna mynasyp boldy diýip, çykyşlaryň dowamynda nygtaldy. Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar «ýaşlygyň we geljegiň şäheri» diýip atlandyrylýan Arkadag şäheriniň açylmagynyň ýurdumyzyň ykdysady we ylmy tehnologik taýdan okgunly ösüşiniň aýdyň subutnamasy hökmünde Türkmenistanyň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylandygyny aýtdylar. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Arkadag şäherine guralan gezelenjiň we täze şäheriň gözelliginiň çeper döredijiligi özleriniň ykbaly hasaplaýan ýaş döredijileriň ylhamyny joşduryp, olary täze sepgitlere hem-de ajaýyp eserleri döretmäge ruhlandyrandygyny uly buýsanç bilen nygtap, türkmen ýaşlarynyň ählitaraplaýyn ukyp başarnyklaryny ýurdumyzy mundan beýläkde ösdürmäge gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Döwletgeldi DURDYMUHAMMEDOW,
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň baş redaktorynyň w.w.ý.ý.