SEBIT ÝAŞLAR SYÝASATYNYŇ UMUMY UGURLARY KESGITLENDI

4 Oktýabr 2023
624

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 14-15-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasyna işsapary ýurdumyzyň daşary syýasatda gazanýan üstünlikleriniň hatarynda, halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň nyşany hökmünde taryha ýazyldy. Ol sebit ýaşlar syýasatyny ösdürmekde, Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde hem örän netijeli boldy. Hormatly Prezidentimiz 14-nji sentýabrda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Bu sammite türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem çagyrylyp, Gahryman Arkadagymyza sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ägirt uly şahsy goşandy üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşanynyň gowşurylmagy biz — ýaşlaryň hem köňül guşumyzy ganatlandyrdy. Milli Liderimiz abraýly sylagyň gowşurylyş dabarasynda: «Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany meni halklarymyzyň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň bähbidine ähli güýç gaýratymy we durmuş tejribämi gaýgyrman mundan beýläkde tutanýerli zähmet çekmäge borçly edýär» diýip belledi. Magtymguly Pyragynyň sözlerini, doganlyk halklaryň pähimlerini mysal getirip, ata-babalarymyzyň hemişe jebislige çagyrandygy, şoňa göräde, häzirki günde syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer meselelerde doganlarça pederlerimiziň ýoluny dowam etdirýändigimiz hakynda çykyş etdi. Ýaşlary ruhlandyran taryhy wakalaryň biride Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýaşlar syýasatynyň umumy ugurlary hakynda Ylalaşyga gol çekilmegidir. Şeýle-de, duşuşygyň çäklerinde sebitiň ýurtlarynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda birnäçe ugurdaş çäreler geçirildi. Olaryň maksatnamasy ýokary bilim, ylym, ýaşlar syýasaty, meýletinçiler hereketi, sport ugurlary boýunça birnäçe çäreleri hem öziçine aldy. Türkmenistan bu ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda çykyş edip, anyk teklipleri öňe sürdi. Mälim bolşy ýaly, medeni ynsanperwer meselelerde netijeli gatnaşyklar sebitiň sazlaşykly ösmeginiň we onuň mundan beýläkde rowaçlanmagynyň girewi bolup durýar. Bu ugurda mundan beýläkde öňegitmegiň, gatnaşyklaryň täze usullarydyr görnüşlerini gözlemegiň gerekdigi hakynda garaýyşlar öňe sürlüp, hut şu maksatlar bilen, bäşinji sammitiň çäklerinde zenanlar, ýaşlar, medeni we ylym bilim forumlary, sergiler, bäsleşikler geçirildi. Olaryň hatarynda sebitiň Ýaşlar guramalarynyň forumy hemde Meýletinçiler forumy hem bar. Olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar we özara tejribe alyşdylar, geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Olaryň guramamyzyň alyp barýan işlerine we tejribesine ýokary baha bermegi, ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Merkezi Aziýa döwletleriniň Ýaşlar guramalarynyň arasynda geçirilen forumda «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» hem-de olaryň çäklerinde amala aşyrylýan netijeli işler dogrusynda, şeýle hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolup durýandygy barada giňişleýin beýan edildi. Şunda kärdeşlerimiziň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary, şol sanda Çagalar gaznasy, Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilenalyp barýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna, kabul edilýän bilelikdäki maksatnamalara uly gyzyklanma bildirendiklerini bellemek bolar. Meýletinçiler forumynda ýaşlaryň meýletinçilik hereketini ösdürmäge, bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge ähmiýet berildi. Türkmenistanyň bu ugurda nusgalyk tejribesi bolup, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda alnyp barlan meýletinçilik işi muňa mysaldyr. Ýeri gelende bellesek, taryhy wakalar bilen ugurdaşlykda geçirilen sebitiň ýurtlarynyň türgenleriniň arasyndaky suwda ýüzmek boýunça halkara ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary üstünlikli çykyş edip, dürli aralyga suwda ýüzmekde 1 altyn, 4 kümüş we 3 bürünç medal gazanmagy başardylar. Saparynyň ikinji gününde Arkadagly Serdarymyz Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Gaznanyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna gabat gelen mejlisde hormatly Prezidentimiz Aral deňziniň guramagy zerarly emele gelen ekologik, durmuşykdysady meseleleri çözmek maksady bilen, birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Olar sebitde ýaşlaryň saglygyny berkitmekde, ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde örän möhümdir. Hususanda, Aral meselesine gönüden göni dahylly meseleleriň toplumynyň umumysebit ekologik gün tertibiniň möhüm bölegi hökmünde çözülmeginiň halkara hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny, oňyn başlangyçlaryň mundan beýläkde ilerledilmegini, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň bu işlere işjeň çekilmegini talap edýändigi bellendi. Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek, sebitde suw diplomatiýasyny ilerletmek, Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak we ony geljekde BMG-niň Ählumumy suw strategiýasyny işläp taýýarlamak üçin esas hökmünde ulanmak, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny durnukly ösdürmek boýunça döwletara toparyň çäklerinde kabul edilen Merkezi Aziýanyň daşky gurşawyny goramak boýunça Hereketleriň sebit meýilnamasyny we onuň esasy kadalaryny ekologik meseläniň düzüm bölegi hökmündeAral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça Hereketleriň täze maksatnamasyna girizmek maksady bilen döwrebaplaşdyrmak ýaly tekliplerdir başlangyçlar nygtaldy. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny» durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýetli bolan taryhy saparda sebit ýaşlar syýasatyny ösdürmäge aýratyn üns beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Ýazpolat KERIÝEW
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty