Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstümizdäki ýylyň şygarynyň hormatly Prezidentimiziň ady bilen baglanyşdyrylmagy biziň her birimizi asylly işlere ruhlandyryp, göwünlerimize ganat, arzuw-niýetlerimize belent bat berýär. Bu işler ýaş türkmenistanlylary Watanymyzyň we halkymyzyň ýagty geljeginiň bähbidine täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Türkmenistanyň medeni syýasaty, döwletiň daşary syýasatynda dostlugyň has-da pugtalandyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hyzmat etmek bilen, bütin dünýä medeni siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Halkara maslahatlaryň, forumlardyr festiwallaryň ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi mukaddes Watanymyzyň şöhratly taryhyny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedir.