GÖRNÜKLI DIPLOMAT, HALYPA MUGALLYM

31 Iýul 2024
265

Her gezek halypanyň iş otagynyň gapdalyndan geçenimde, bir zada haýran galýaryn. Ol iş stolunyň üstündäki kompýuterde bir zatlary ýazyp oturandyr. Ýaşynyň birçene barandygyna garamazdan, halypa hemişe täzeçilligiň gözleginde. Pikirler ummanynda ýüzüp ýören mahalyň: «Tüweleme, munça güýç-gaýrat nireden gelýär?» diýen tolkun bilen zol-zol çaknyşýarsyň. Muňa guýmagursak zehin diýjekmi ýa-da zähmetsöýerlik... Meniň pikirimçe, Amangeldi Rahmanowa bularyň ikisi hem berlipdir.

Ol 1944-nji ýylyň 25-nji iýulynda Mary topragynda, Murgap derýasynyň sapaly kenarynda dünýä inýär. Oňa goýlan at hem pederiniň Watan öňündäki borjuny birkemsiz ýerine ýetirip, sag-aman Watanyna dolanyp gelendigi bilen bagly. Belki, körpeje Amangeldi doglanda, käbesidir kyblasy öz perzentleriniň geljekde ata Watanyndan ilkinji bolup, abraýly halkara guramada işlejekdigini pikirem eden däldirler...

Sahydöwlet HÜMMETJUMAÝEW
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.