DÜNÝÄ ÝAŞLARA DAÝANÝAR

31 Iýul 2024
463

Abraýly halkara guramalaryň hasaplamalaryna görä, dünýä ilatynyň agramly bölegi ýaşlardan ybarat. Ýaşlar – döwrüň hereketlendiriji güýji, dünýäniň we adamzadyň geljeginiň berk binýady. Bu gürrüňsiz hakykata häzirki wagtda has hem uly ähmiýet berilýär. Ählumumy parahatçylygyň, hoşniýetli hyzmatdaşlyk arkaly ösüşiň üpjün edilmegi, ekologiýa abadançylygynyň we halklaryň arasynda ynsanperwerlik ýörelgeleriniň berkarar edilmegi ýaly döwrüň öňe sürýän möhüm syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli meseleleri, uzak geljegi nazarlaýan başlangyçlar dünýä ýaşlaryny has-da jebisleşdirýär, olaryň arasynda ruhy we ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan raýdaşlygy emele getirýär.

Golaýda Özbegistan Respublikasynda geçirilen Bütindünýä ýaşlar festiwalynyň mysalynda muňa aýdyň göz ýetirmek mümkin. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly tagallasy bilen hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň syýasy-jemgyýetçilik başlangyçlaryny höweslendirmek, işewürlik we döredijilik ukyplaryny ösdürmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyň bu ugruna möhüm ähmiýet berilýär. Bu babatda döwletleriň we abraýly halkara guramalaryň işjeň gatnaşmaklarynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hoşniýetli hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ilerledilýär.

Magsat OTUZOW
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.