«Aý dogsa, älem görer» diýleni! Halkyň bu hikmetli sözi täze taryhy döwrüň beýik gudraty hökmünde belent ykrara eýe bolan Arkadag şäheriniň mysalynda öz aýdyň güwäsini tapýar. Sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde peýda bolan döwrebap innowasiýaly Arkadag şäherinde bu günki gün bütin dünýäniň nazary eglenýär. Bu hakykaty sebitde ýeke-täk «akylly» şäher hökmünde ykrar edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynda şähere halkara güwänamalaryň we diplomlaryň 21-siniň gowşurylmagy hem tassyklaýar.
Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly dabaralara beslenip toýlanmagy özboluşly mazmuna eýe boldy. Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar bagtyýar halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy. Bu baradaky güwänamanyň hem-de teleskopyň we onuň düşüren suratynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy şanly ýylyň möhüm wakasy hökmünde täsirli pursatlara beslendi.