ADY DÜNÝÄ DOLAN BEÝIK PYRAGY

31 Iýul 2024
184

Güneşli Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, milli medeniýetimizi, edebi mirasymyzy çuňňur öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Toý-baýramlaryň goşadan gelýän ülkesinde görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler hem barha giň gerime eýe bolýar.

Akyldar şahyryň baý many-mazmunly döredijiliginiň, gyzyldan gymmatly şygyrlarynyň bu günki gün diňe bir türkmen halky tarapyndan däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden öwrenilmegi dana şahyryň mertebesiniň belentdigini aýdyň görkezýär. Ynsan kalbynda ajaýyp duýgulary döredip, agzybirlige çagyrýan beýik akyldaryň bize galdyran baý edebi mirasy bu gün umumadamzat gymmatlygyna öwrülip, dünýäde dabaralanýar.

Maksatmyrat PÜRMÄMMEDOW
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.