BÜTINDÜNÝÄ ÝAŞLAR JEMGYÝETINE RESMI AGZALYK — ŞANLY ÝYLYMYZYŇ TARYHY WAKASY

11 Sentýabr 2023
486

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bolup geçýän ajaýyp wakalar, gazanylýan beýik ösüşlerdir ýetilýän mertebeli menziller eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň iň täze taryhyna zer harplar bilen möhürlenýär. Olar agzybir watandaşlarymyzyň, aýratynda, bagtyýar türkmen ýaşlarynyň durmuşynda hakydalardan baky orun alýan taryhy pursatlara beslenip, hemmämizi ýeneki beýik üstünliklere ruhlandyrýar, nurana ertirlere bolan synmaz ynamymyzy has-da berkidýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-dan hoş habaryň gelip gowuşmagy hem şeýle ajaýyp wakalaryň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi ähli ildeşlerimizi, şol sanda ýaşlarymyzy buýsandyrýar.

Ata-Watanymyzyň beýik geljegini ylym-bilimden ýüki ýetik, zehinli, häzirki zaman tehnikalaryndan we tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, sagdyn hem ruhubelent ýaşlarda görýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýaş nesilleriň okamagy, hünär öwrenmegi, sport bilen meşgullanyp, hemişe sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin döwrebap şertdir mümkinçilikleriň döredilmeginiň pugta binýadyny goýdy. Halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde häzirki wagtda hem ýaşlaryň röwşen geljegini, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatda ählitaraplaýyn taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň bu ugurdaky beýik başlangyçlaryny belent mertebeli döwlet Baştutanymyz mynasyp dowam etdirýär we ajaýyp taryhy üstünliklere besleýär.

Ýazpolat KERIÝEW
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty