Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym»

3 Mart 2023
764

Watan — «ata», toprak bolsa «ene». Çünki «Watan» diýmek mukaddes toprak diýmekdir. Biz atalarymyzyň arzuwyny hasyl edip, ene topragymyzyň üstünde Berkarar döwletimizi bina etdik. Şol döwletde adamlaryň dünýä örküniň berkligini teswirleýän ebedi sena — bu «ene hüwdüsidir».

Hüwdi bilen çaganyň aňyna ornaýan mähribanlyk onuň kindiwanja ýüreginde ýagşylygyň indi şinelemeli dänesidir. Mähriban käbämiň hüwdi aýdýan pursatlaryny diňläsim gelýär. Belki, ynanmarsyňyz, ýöne uly adamlaryň hem şeýle arzuwy bolup bilýär ahyry. Hüwdüde aýratyn ýakymlylyk, mähir bar. Dünýäde iň kämil döredilen eser hem «ene hüwdüsidir». Sebäbi onda ýürek arzuwlary ýaşaýar. Ýüregiňi goýup döredilen sungat eseri bolsa, nusgalyk esere öwrülýär. Häzir maňa ejem janyň «Janyň sagmydyr?» diýen sözleri hem şol şirin hüwdi ýaly tükeniksiz mähribanlyk bolup eşidilýär. Ýaňy dünýä inen çaga sallançakda ýatyrka, oňa rahatlyk berýän şol mähirli ses ene hüwdüsidir. Her bir ynsan öz ene dilindäki ilkinji sözi hüwdiniň üsti bilen eşidýär.