ÖŇÜMIZDE ALABAHAR «SAGLYK BARADAKY ALADA ÖMRÜŇ BARADAKY ALADADYR»

3 Mart 2023
807

Tebigat bilen ynsan sazlaşykly düzülen dutar tary mysaly. Adam tebigaty söýüp, ony goramagy başarsa, tebigat hem oňa jogap hökmünde egsilmejek bereket eçilýär. Dört paslyň gezekleşmeginde tebigatda bolup geçýän üýtgeşmeler hem adamdan sowa geçmeýär. Gyş ak gary, bahar öz elwän gülleri, tomus datly miweleri, güýz sary ýapraklary bilen ynsan göwnüni her dürli duýgulara besläp maýyl edýär. Şeýle-de bolsa, biz bu üýtgeşmeleriň diňe adamyň ruhy dünýäsine däl, eýsem bedenine hem uly täsir edýändigini unutmaly däldiris. Şeýle diýmek bilen, biz bu ýerde tebigata öz nobaty bilen gelip duran pasyllaryň sepgidiniň, has dogrusy, howa çalşygynyň adama edýän täsirini göz öňünde tutduk.

Daşky gurşawda howa çalyş ma ýagdaýynyň emele gelmegi, adamyň saglygy bilen bagly käbir ýagdaýlaryň hem döremegine getirýär. Muny köp adamlar sähel-mähel sökellikler bilen geçirip goýberse-de, käbir immun ulgamy pes adamlar beýle edip bilenoklar. Şol sebäpli, olar her pasyl çalyşmasyndan ýaýdanyp gezýärler. Immun ulgamy ny güýçlendirmek, ony berkitmek soňky döwürlerde saglyk bilen bag ly ýüze çykýan meselelerde berilýän esasy maslahata öwrüldi diýsek, ýalňyşmarys. Çünki adamyň iç ki immuniteti, sözüň göni manysynda, onuň ruhy we fiziki saglygyny goraýan galkandyr. Şonuň üçin hem, her bir adamda kesel diýlen howpuň, öňi bilen, kiçijek ýokançlykdan döreýändigi, şol kiçijek ýokançlyklary bolsa güýçlendirilen immun ulgamy bilen ýeňip bolýandygy hakynda sagdyn düşünje bolmalydyr. Immun ulgamyny güýçlendirmek diýilse, köp adamyň göz öňüne dürli gök önümlerdir miweler gelýär. Ýöne immunitet diňe bir gök önüm ýa miweleri yzygider iýip ýöreniň bilen berkemeýär. Arassaçylyk hem bu babatda adamyň ilkinji ýardamçysydyr. Eger-de gök önümlerdir miweler hem kada laýyk ýuwman iýilse, onda ol ýagdaýyň saglykdan öňürti hassalyga eltjegi düşnükli. Arassaçy lyk diýlende, adamyň içki we daşky arassaçylygy göz öňünde tutulýar. Daşky arassaçyly ga beden, iýýän iýmitiň, ýaşaýan ýeriň, ulanýan zatlaryň arassaçylygy girýär, emma içki arassaçylyk diýmek näme? Içki arassaçylyk, lukmanlaryň dili bilen aýtsak, içki organizmi ňi – aşgazanyňy, içegeleriňi artykmaç maddalardan, ýaramaz toksinlerden arassalamak diý mekdir. Bu usulyň ähmiýeti örän uludyr. Çünki organlarynyň arassalanan wagtynda

Merjen BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň mugallymy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.