Ýürekden çykyp, ýüreklere barýan mähire, söýgä ýugrulan ene hüwdüsiniň mylaýym owazynyň lezzetinden ynsan balasyna asla ganma ýok.
Arzuwlaryň we islegleriň hasyl bolýan, parahatçylygyň we asudalygyň höküm sürýän ülkesi bolan ata Watanymyzyň islendik künjegine barsak hem, ösüşlerimiziň buşlukçysy bolan aýdym-sazyň joşgunly owazynyň ýaňlanyp durýandygynyň janly şaýady bolýarys. Şol ýaňlanýan aýdymsazlaryň owazlarynyň arasyndan bir owaz aýratyn mylaýymlygy, mähremligi bilen tapawutlanyp, islendik diňleýjini özüne çekýär. Ýürekden çykyp, ýüreklere barýan mähire, söýgä ýugrulan bu mylaýym owazyň lezzetinden ynsan balasyna asla ganma ýok. Çünki bu mylaýym owaz her bir ynsanyň dünýä inen pursatyndan gulagyna guýlup, aňyna siňdirilen mährem ene hüwdüsidir. Türkmen ojagynyň mukaddes eýesi saýylýan zenanlarymyzyň maşgaladaky esasy tutýan orny hem terbiýeçilik bilen baglydyr. Bu juda jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmeklige çaga dünýä inen gününden başlap girişýän ene-mamalarymyzyň ilkinji serişdesi ene hüwdüsi bolupdyr. Muňa ençeme asyrlaryň dowamynda döredilen we toplanan, aňyrsyna göz ýetmeýän ýazuw ýadygärliklerimiz, taryhy çeşmeler, medeni mirasymyz bolan folklor eserleri gönüden-göni şaýatlyk edýär. Halk arasynda giňden ýaýran rowaýatlaryň birinde «Adamzadyň döreýiş taryhy Adam ata bilen Howa enäniň dörän pursatyndan başlanýar. Alla Howa enä perzent berende oňa şirin dilli owaz bilen hiňlenmegi bagyş edipdir. Ene ýüreginden önen balasyny rahatlandyrmak, onuň süýji uka gidip, dynç almagy üçin mylaýym owazy bilen hüwdi aýdypdyr. Bu mylaýym hiňlenme çaga aňyna ýetip barypdyr we köşeşdirip, çagany süýji uka gidiripdir» diýilýär. Mährem enäniň şirin zybanyndan syzyp çykýan hüwdi bentleri perzentlerini durmuşda terbiýeli, asylly, hoşniýetli bolmaga çagyrypdyr.