Iňlis dilini netijeli öwrenmek üçin

31 Mart 2023
1225

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň iň täze gazananlary işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Şunda bilim ulgamyna hem sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygyny bellemegimiz gerek. Ylym-bilimiň ösen döwründe islendik ýurduň ykdysady kuwwaty kesgitlenende, onuň innowasion ösüş derejesine seredilip baha berilýär. Bu günki gün dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryndaky ornuny barha berkidýän Türkmenistanda-da ýurdy innowasiýalaşdyrmak, sanly ulgama geçirmek işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar. Ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalardyr nou-haular ornaşdyrylýar. Bu işleriň gözbaşynda bolsa, ilkinji nobatda, Arkadagly Serdarymyzyň belent maksatlarynyň bardygyny bellemelidiris. Hormatly Prezidentimiz ösen ýurtlaryň tejribesini nazara alyp, ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Şonuň üçin hem şu günki ýaşlaryň kämil bilimi, başarnygy has-da ösdürilýär, olara ylmyň iň täze gazananlary, döwrüň häzirki tehnologiýalary öwredilýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň maglumat howpsuzlygy we aragatnaşyk tehnologiýalary barlaghanasynda «C#» programmirleme dilinde we «Visual Studio» programmalaşdyrma gurşawynda orta mekdepleriň iňlis dili mugallymlary üçin elektron gollanma ýazyldy. Bu taslama arkaly iňlis diliniň harplaryny, diliň ýazuw kadalaryny, sözleri suratlar, wideo şekiller, sesler arkaly hem öwrenip bolýar. Iňlis dilindäki aýdymlaryň sözlerini okap, ony diňläp hem öwrenip bolýar. Ýazuw kadalaryna degişli gönükmeleri işlemäge hem mümkinçilik bar.

Alty BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň maglumat howpsuzlygy we aragatnaşyk tehnologiýalary barlaghanasynyň esasy hünärmeni.