Söhbetdeşlik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, sporty ösdürmäge, ýaşlary sporta, köpçülikleýin bedenterbiýä çekmäge hem örän uly üns berilýär. Bu babatda edilýän tagallalar öz ajaýyp miwesini berýär. Ata Watanymyzda sporty ösdürmek babatynda döredilýän şertlerden, giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, diňe bir döwlet derejesinde däl, eýsem, daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sport ýaryşlaryna gatnaşyp, döwletimiziň abraýyny belende göterýän türgenlerimiziň sany ýylsaýyn artýar. Halkara derejeli ýaryşlarda öňdäki orunlara mynasyp bolup, Döwlet senamyzyň ýaňlanmagy astynda ýaşyl Tugumyzy belende göteren ýaş türgenlerimiziň biri hem Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Şamyrat Myradowdyr.